Pekinde geçiriljek Bütindünýä adam şekilli robotlar oýunlarynda ilkinji gezek ýüp çekmek ýaryşy geçiriler

Awgust 21, 2026 | 20:15 |107
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Pekinde geçiriljek ikinji Bütindünýä adam şekilli robotlar oýunlarynda ilkinji gezek robotlaryň arasynda ýüp çekmek ýaryşy geçiriler. Bu ýaryş hereketi dolandyrmak, güýji tanamak, utgaşykly hereket etmek we karar kabul etmek boýunça täze hem-de gyzykly synaga öwrüler.

Robotlar diňe mehaniki ýerine ýetirijiler bolmakdan çykyp, diňe bir güýji däl, eýsem taktikany hem talap edýän fiziki garşylaşma girenlerinde, şeýle ýaryşlar düýbünden täze derejä çykýar. Ýüp çekmek hereketlendirijileriň kuwwatyny barlamak däl-de, deňagramlylygy, duýgurlygy we üýtgäp durýan ýüke uýgunlaşmak ukybyny synagdan geçirýän bäsleşikdir. Şunuň bilen baglylykda, robotlar adamlaryň çagalykdan içgin öwrenýän zatlaryny — agramy paýlamagy, garşylygy duýmagy we sekundyň böleklerinde karar kabul etmegi öwrenmeli bolýarlar. Hut şeýle meseleler enjamlaryň dünýäni adamlar ýaly kabul etmegine has ýakynlaşdyrýar.

22–26-njy awgust aralygynda geçiriljek çärä 16 ýurtdan 666 topar we 2056 robot gatnaşar. Bu bolsa ony taryhdaky iň iri adam şekilli robotlar ýaryşlarynyň birine öwürýär. Ýüp çekmek ýaryşy «iki-ä garşy iki» görnüşinde geçiriler. Toparlar ini 1,2 metr, uzynlygy 12 metr bolan meýdançada bäsleşerler. Her duşuşyk iki minut dowam eder. Robotlaryň aýaklaryndan başga bedeniniň haýsydyr bir bölegi ýere degse ýa-da olar meýdançanyň çäginden çyksa, ýaryşdan çykarylar.

«Robot üçin ýüp çekmekde iň möhüm zat aýlaw pursadynda garşy durnuklylykdyr. Onuň göwresi aşa agyr şertlerde we ýokary güýçli ýüküň täsiri astynda durnukly bolmalydyr. Mundan başga-da, onuň aýaklary hem aýratyn berk bolmalydyr. Ýogsam, ýüp dartylan badyna tutuş göwre süýşer. Iň möhümi bolsa, ýüpi berk saklamak üçin eller ýeterlik derejede çeýe bolmalydyr» diýip, LinkerBot Beijing Technology Co. kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Szo Szýapin aýtdy.

Ýüp çekmekde robotlar ýüpi gönüden-göni elleri bilen tutmalydyrlar. Bu olaryň uzak wagtlap saklamak, ýük göterijilik we umumy durnuklylyk ukyplaryny barlaýan ýumuşdyr.

«Has durnukly saklamagy üpjün etmek üçin dürli duruşlary we tutuş güýjüni synagdan geçirdik, sebäbi elleriň süýşmegi robotlaryň ýüp çekmekdäki netijelerine uly täsir edýär. Hereketi umumy dolandyrmak babatda dürli modelleri tapgyrlaýyn kämilleşdirdik. Düzediş işleriniň dowamynda adamlaryň hakyky ýüp çekmek ýagdaýlaryna we olaryň duruşlaryna esaslandyk. Aýaklar bilen ýeriň arasyndaky sürtülme hem göz öňünde tutmaly bolan ýene bir möhüm faktor boldy, sebäbi ol robotyň işiniň netijeliligine gönüden-göni täsir edýär» diýip, XYZ Embodied AI Co. kompaniýasynyň bedenleşdirilden beýni bölüminiň ýolbaşçysy Ma Sun aýtdy.

Ýüp çekmekden başga-da, robotlaryň zatlary tutmak ukyby çüýşäniň gapagyny açmak boýunça ýumuşda hem synagdan geçiriler.

«Bu diňe bir çüýşäni bir eli bilen saklamak barada däl. Robot beýleki eli bilen çüýşe açaryny hem dolandyrmaly. Çüýşe açarynyň burçy, ulanylýan güýç we takyk ýerleşişi — bularyň ählisi gapagy açmagyň tizligine we hiline gönüden-göni täsir edýär. Bu ýumuşda robot adam ýaly gurallary ulanmagy hakykatdan-da öwrenmeli» diýip, Szo aýtdy.

Ikinji Bütindünýä adam şekilli robotlar oýunlary robototehnika ulgamyndaky iň iri halkara çäre bolup, emeli aň, mehatronika we awtonom ulgamlardaky iň täze gazanylan üstünlikleri görkezýär. Gatnaşyjylaryň sanynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende dört esse artmagy pudagyň çalt ösýändigini we bu ýaryşlara bolan gyzyklanmanyň ýokarlanýandygyny görkezýär.

Şu ýyl maksatnama 51 sany ýaryş ugruna çenli giňeldildi. Olaryň arasynda top bilen geçirilýän oýunlar, söweş häsiýetli ýumuşlar, şeýle hem önümçilikde gurnama we öý hyzmatlary boýunça amaly ýumuşlar bar. Ýüp çekmegiň we çüýşäniň gapagyny açmak boýunça ýumuşlaryň girizilmegi guramaçylaryň diňe bir robotlaryň algoritmiki ukyplaryny däl, eýsem olaryň hakyky şertlere fiziki taýdan uýgunlaşmak ukybyny hem barlamaga çalyşýandygyny görkezýär.

CCTV+-yň habar bermegine görä, ýüp çekmek ýaryşynyň ilkinji gezek geçirilmegi öňümizdäki oýunlaryň esasy täzelikleriniň birine öwrüler. Bu ýaryş fiziki dünýä bilen adam derejesine ýakyn görnüşde özara hereket edip bilýän enjamlary döretmekde tehnologiýalaryň näderejede öňe gidendigini görkezer.

Bu bäsleşik robotlaryň diňe bir takyk hereketleri ýerine ýetirmäge däl, eýsem güýçlere we ýüklere içgin düşünmegi talap edýän bilelikdäki işe näderejede taýýardygyny hem görkezer. Şeýle başarnyklar geljekde robotlaryň gurluşykda, logistika ulgamynda, hatda halas ediş işlerinde hem ulanylmagynyň esasy bolup biler.



Beýleki habarlar