Şençžen şäherinde robotlaşdyrylan şäher dolandyryşyň mümkinçilikleri görkezilýär

Dekabr 02, 2025 | 20:05 |53
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Şençžen şäherinde jemgyýetçilik hyzmatlaryna niýetlenen robotlaryň sergisinide Hytaýda işlenilip düzülen hem-de şäherleriň çäklerinde hyzmat etmäge taýýarlanan robotlar öz öňdebaryjy mümkinçiliklerini görkezdiler. Bu çärede görkezme bäsleşikleri geçirildi we täze tehnologiýalar görkezildi.

“Arassaçylyga gözegçilik etmäge niýetlenen robotlaryň şu derejedäki çylşyrymly şertlere uýgunlaşmaga ukyplydygyna haýran galdym. Olar giň ulanyşa girizilse köp çylşyrymly tabşyryklary ýerine ýetirip hem-de töwekgelçilikleri we howplary azaldyp biler” diýip, Şençžen şäheriniň maglumat tehnologiýalar intitutynyň talyby Lian Szile belledi.

Bäsleşige Hytaýyň 40-dan gowrak arassaçylyga gözegçilik etmäge niýetlenen robotlary öndürýän kärhanalar gatnaşdy. Olar 115 ugurda bäsleşdiler. Çäräniň dowamynda şäherlerde günde amala aşyrylýan 40-dan gowrak hakyky wezipeler robotlara tabşyrylyp, olaryň amaly mümkinçiliklerini hemme taraplaýyn barlamak üçin 88 sany ýörite barlag nokatlary döredildi.

Şuňa meňzeş çäreler innowasion üstünlikleri we olary robototehnika ugrunda ulanyşa girizmegiň mümkinçiliklerini görkezmek üçin Hytaýyň gündogar tarapyndaky Sindao we Suçžou şäherlerinde guraljak pudak meýdançalarynda hem geçiriler.

Çärä birleşikler we kärhanalar gatnaşyp, gatnaşyjylara arassaçylyk pudagynda emeli aň tehnologiýasynyň gazananlary bilen tanyşmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary tizleşdirmäge we arassaçylyk pudagynda Emeli aňyň giň gerimde ulanylmagyna ýardam etmäge mümkinçilik berdi.

Pekin, Guançžou, Şenžen, Wusi we Sužou ýaly şäherler hem arassaçylyk robot pudagynyň ösüş depginini artdyrmak üçin ýöriteleşdirilen goldaw syýasatyny yzygiderli ornaşdyrdylar. Soňky çaklamalar Hytaýyň “”akylly” arassaçylyk pudagynyň hyzmat ediş mümkinçiligi 100 milliard ýuandan (14,1 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan möçberden) geçýändigini görkezýär.

Beýleki habarlar