Hytaý 2030-njy ýyla çenli içerki nebit we gaz üpjünçiligini 440 million tonna ýetirmegi maksat edinýär

Täze bäşýyllyk pudagy ösdürmek meýilnamasyna laýyklykda, Hytaýda 2030-njy ýyla çenli içerki nebit we gaz üpjünçiliginiň nebit ekwiwalentinde 440 million tonna ýetirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu barada duşenbe güni Milli energetika müdirligi (NEA) habar berdi.
Energetika howpsuzlygy islendik iri ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň möhüm özenidir. Senagat we tehnologik mümkinçiliklerini çalt artdyrýan Hytaý üçin nebit we gaz bilen ygtybarly üpjünçiligiň meselesi diňe bir ykdysady däl, eýsem strategik wezipe bolup durýar. Şeýle-de bolsa, täze meýilnamada diňe önümçiligi artdyrmaga däl, eýsem adaty energiýa çeşmelerini «ýaşyl» tehnologiýalar bilen sazlaşykly utgaşdyrmaga esasy üns berilýär. Bu bolsa pes uglerodly geljege geçişiň dünýä derejesindäki ugruny görkezýär.
NEA we Milli ösüş we özgertmeler komissiýasy tarapyndan bilelikde taýýarlanan meýilnama 2030-njy ýyla çenli 20 müň kilometr magistral nebit we gaz geçirijilerini gurmak boýunça hem maksatlary kesgitleýär. Munuň netijesinde ýurduň turbageçiriji ulgamynyň umumy uzynlygy 220 müň kilometre ýetiriler. Resminamada: «Nebit we gaz energiýanyň hem-de senagat çig malynyň esasy çeşmeleridir, olaryň üpjünçiligi Hytaýyň energetika howpsuzlygy we ilatyň abadançylygy bilen ýakyndan baglanyşyklydyr» diýilýär.
Täze meýilnama laýyklykda, Hytaý tebigy gaz gorlaryny milli sarp edişiň 13 göteriminden gowragyna barabar derejä çenli artdyrmagy, şeýle hem uglerody tutmak we saklamak, uglerody tutmak, peýdalanmak we saklamak (CCS/CCUS) taslamarynyň çäklerinde kömürturşy gazynyň ýyllyk doldurma möçberini 2030-njy ýyla çenli 10 million tonna ýetirmegi maksat edinýär.
Meýilnama iki esasy wezipä gönükdirilendir: energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we «ýaşyl», pes uglerodly ösüşe ýardam bermek.
«Bir tarapdan, biz gözleg we özleşdiriş işlerini mundan beýläk-de güýçlendireris, gorlary we önümçiligi artdyrarys, nebit we gaz geçirijileriniň torlaryny giňelderis, ýokary sarp ediş döwürlerini sazlamak üçin geçirijilik kuwwatyny ýokarlandyrarys, import ulgamlaryny diwersifikasiýalaşdyrarys hem-de nebit we gazy howpsuz hem-de durnukly üpjün etmek, şeýle hem töwekgelçiliklere garşy hereket etmek mümkinçiliklerini yzygiderli ösdüreris. Beýleki tarapdan, biz “ýaşyl” we pes uglerodly ösüşi öňe süreris, nebit sarp edilişiniň iň ýokary derejesine tertipli we durnukly ýetmegi üpjün ederis, tebigy gazy arassa we netijeli peýdalanmaga ýardam bereris hem-de nebitgaz pudagynyň täze energiýa çeşmeleri, wodorod energetikasy, CCUS we energiýany saklamagyň täze görnüşleri bilen toplumlaýyn ösdürilmegini çaltlandyrarys» diýip, Milli energetika müdirliginiň Nebit we gaz departamentiniň direktorynyň orunbasary Ýan Szýun aýtdy.
Meýilnamada içerki üpjünçilik mümkinçilikleri has kuwwatly, turbageçiriji ulgamlary has netijeli, ätiýaçlyk gorlary ýeterlik we çeýe, önümçiligi has ekologiýa taýdan arassa, amallary has howpsuz we netijeli, gaýtadan işleýşi we peýdalanyşy has ýokary netijeli, içerki tehnologiýalarda öňegidişlikler gazanylan we halkara hyzmatdaşlygy has diwersifikasiýalaşdyrylan häzirki zaman nebitgaz pudagyny döretmek maksady goýulýar.
Esasy wezipeleriň hataryna nebit we gaz gözleglerini we önümçiligini artdyrmak, infrastruktura desgalaryny giňeltmek, nebit we gaz gorlaryny berkitmek, halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak, «ýaşyl» geçişi çaltlandyrmak we täze ýokary hilli önümçilik güýçlerini ösdürmek, tehnologik innowasiýalary höweslendirmek hem-de nebitgaz pudagynda özgertmeleri çuňlaşdyrmak girýär.
Meýilnama nebitgaz pudagynyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we ugurdaş serişdeler bilen utgaşykly ösdürilmegini hem göz öňünde tutýar. Nebitgaz ýataklarynda we olaryň golaýyndaky sebitlerde gün, ýel we geotermal energiýanyň tertipli ösdürilmegi, elektrikleşdirme derejesiniň ýokarlandyrylmagy, şeýle hem ekologiýa taýdan arassa, pes uglerodly we uglerodsyz nebitgaz ýataklarynyň gurulmagy höweslendiriler.
Resmi maglumatlara görä, Hytaýda 2025-nji ýylda nebit we gazyň umumy önümçiligi nebit ekwiwalentinde 420 million tonna ýetip, täze rekord goýdy. Bu ýurduň özbaşdak energetika howpsuzlygyny üpjün etmek mümkinçilikleriniň ep-esli ýokarlanandygyny görkezýär.
CCTV+ agentliginiň habar berşi ýaly, tassyklanan bäşýyllyk meýilnama Hytaýyň uzak möhletleýin energetika strategiýasy üçin berk binýat döredýär. Bu strategiýada önümçiligiň ösüşi daşky gurşaw jogapkärçiligi bilen utgaşdyrylýar. 2030-njy ýyla çenli Hytaý diňe bir energetika garaşsyzlygyny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem nebitgaz pudagynda arassa tehnologiýalar babatda öňdebaryjy ýurtlaryň birine öwrülmegi hem maksat edinýär. Şeýlelikde, ýurt ösüşe deňagramly çemeleşmäniň nusgasyny görkezmegi göz öňünde tutýar.








