Pekinde Szýan Szeminiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýygnak geçirildi

Merhum Hytaýyň öňki ýolbaşçysy Szýan Szeminiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýygnak 17-nji awgustda Pekindäki Halk mejlisler öýünde geçirildi. Onda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin merhum ýolbaşçy Szýan Szeminiň öçmejek goşandyna ýokary baha berip, hytaý aýratynlyklary bolan sosializmi öňe ilerletmäge çagyrdy.
Çäre sagat 10:00-da Hytaý Halk Respublikasynyň senasynyň ýerine ýetirilmegi bilen başlandy.
Si Szinpin çykyşynda Szýan Szeminiň durmuşynyň şöhratly we göreşlerden doly bolandygyny belledi. Ol bütin ömrüni milli garaşsyzlyk, halkyň azatlygy, döwletiň baýlygy we kuwwaty, halkyň bagty üçin bagyşlady. Onuň ýolbaşçylygynda maddy, syýasy we ruhy siwilizasiýany ösdürmekde, şeýle hem partiýanyň gurluşygynda dünýäniň ünsüni çeken ajaýyp netijeler gazanyldy. Bu, hytaý aýratynlyklary bolan sosializmiň beýik işini goramak, özgertmeler we açyklyk syýasatynyň ähli ugurlarynda täze gözýetimleri açmak, ilatyň umumy ortaça bolelin durmuş derejesine ýetmek we XXI asyrda hytaý aýratynlyklary bolan sosializmi üstünlikli öňe ilerletmek işine uly goşant boldy. Ol bütin partiýanyň, goşunyň we ýurduň köp milletli halkynyň tüýs ýürekden söýgüsine, şeýle hem halkara jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe boldy.
Soňra Si Szinpin Szýan Szeminiň berk syýasy ynamynyň göreldesine eýermegi teklip etdi. Onuň sözlerine görä, kommunistik ideallara üýtgewsiz wepaly bolan Szýan Szemin partiýa we halka çäksiz yhlas bilen hyzmat edip, partiýanyň we halkyň işiniň hatyrasyna tutanýerli göreşdi. Hytaýyň lideriniň bellemegine görä, Szýan Szemin ýurduň özgertmelerini we açyklygyny öňe ilerletmek, ykdysadyýetini ösdürmek hem-de partiýanyň gurluşygyny güýçlendirmek boýunça ýolbaşçylyk we netijelilik ýörelgelerinden ugur aldy.
Täze ýörişiň ýolunda Hytaý Kommunistik partiýasynyň (HKP) hemmetaraplaýyn ýolbaşçylygyny we HKP Merkezi komitetiniň bitewi merkezleşdirilen ýolbaşçylygyny üpjün etmek, partiýanyň içindäki dolandyryşy hemmetaraplaýyn berkidmegi yzygiderli öňe sürmek zerurdyr. Şeýle hem partiýanyň Si Szinpiniň ýolbaşçylygynda hytaý aýratynlyklary bolan sosializm işiniň berk ýolbaşçylyk güýji bolmagyny üpjün etmek gerek.
Si Szinpiniň bellemegine görä, Szýan Szeminiň halka bolan wepalylygyndan we çuňňur söýgüsinden hem öwrenmek zerurdyr. Szýan Szemin hemişe halkyň tarapynda durup, onuň hal-ýagdaýy barada alada etdi. Szýan Szemin ykdysady ösüşiň esasy maksadynyň ilatyň ýaşaýyş derejesini we durmuş hilini ýokarlandyrmakdygyny belläpdi. Ol bir milliarddan gowrak adama peýda getirjek has ýokary derejeli ortaça bolelin jemgyýeti hemmetaraplaýyn gurmak üçin tagallalaryň birleşdirilmelidigini hem nygtapdy.
«Täze çemeleşmede halky ösüşiň merkezinde goýýan ösüş düşünjesine eýermeli we adamlaryň hemmetaraplaýyn ösüşini hem-de ilatyň umumy bolelinligini üpjün etmek ýolunda berk ädimler ädilmeli» diýip, Si Szinpin belledi.
Si Szinpin Szýan Szeminiň innowasiýa ruhundan öwrenmegi teklip etdi. Ol Szýan Szeminiň ylymda, institutlarda, ylym we tehnologiýalarda, medeniýetde we beýleki ugurlarda innowasiýalary yzygiderli öňe ilerletmek boýunça tagallalaryna ýokary baha berdi. Szýan Szemin bütin partiýanyň paýhasyny birleşdirip, «Üç wekilçilik» baradaky möhüm pikiri öňe sürdi. Bu taglymat sosializmiň nämedigi we ony nähili gurmalydygy, şeýle hem nähili partiýa gurmalydygy we ony nähili ösdürmelidigi baradaky soraglara goşmaça jogaplar berdi diýip, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy belledi.
Si Szinpiniň aýtmagyna görä, täze çemeleşmede hytaý halkynyň, dünýäniň, halk köpçüliginiň we döwrüň öňünde duran meseleleri nazara almak, marksizmiň hytaý şertlerine we döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde täze gözýetimleri yzygiderli açmak möhümdir.
Şeýle hem Si Szinpin Szýan Szeminiň öňden görüjilikli strategik pikirlenişinden öwrenmegiň zerurdygyny aýtdy. Si Szinpiniň sözlerine görä, Szýan Szemin dünýä derejesindäki we geljege gönükdirilen birnäçe möhüm çözgütleri we çäreleri kabul etmek arkaly ýurduň we döwlet işleriniň ösüşini öňe ilerletdi. Uzak möhletleýin ösüşi nazara alyp, ortaça bolelin jemgyýeti hemmetaraplaýyn gurmak boýunça işleri oýlanyşykly meýilleşdiren Szýan Szemin diplomatiýa we halkara strategiýalary boýunça hem birnäçe garaýyşlary öňe sürdi hem-de köp taraply dünýäniň we ykdysady globallaşmagyň dogry ugurda kemala gelmegine işjeň ýardam berdi diýip, Si Szinpin aýtdy.
Si Szinpin täze çemeleşmede täze ösüş düşünjesini doly, takyk we hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmek, ösüşiň täze nusgasynyň kemala gelmegine ýardam bermek we ýokary hilli ösüşi aýgytly öňe sürmek zerurdygyny aýtdy. Ol adamzadyň umumy ykbalynyň bitewi jemgyýetiniň kemala gelmegine ýardam bermek üçin mundan beýläk-de tagalla etmäge, dünýäde parahatçylyga we ösüşe has köp oňyn güýç goşmaga çagyrdy.
Si Szinpin Szýan Szeminiň adatdan daşary gaýratyndan we öňdengörüjiliginden öwrenmäge çagyrdy. Szýan Szemin taryhyň möhüm we öwrülişik pursatlarynda berk çözgütleri kabul edip, töwekgelçiliklere we kynçylyklara ynamly garşy durdy. Şeýlelikde, özgertmeler we daşary dünýä açyklyk syýasatynyň, şeýle hem sosialistik döwleti ösdürmegiň gämisiniň uzak möhletleýin ösüş ýolunda hemişe öňe gitmegini üpjün etdi. Hususan-da, onuň ýolbaşçylygynda ýurt Aziýa maliýe çökgünliginiň netijelerini üstünlikli ýeňip geçdi we 1998-nji ýyldaky suw joşmalaryna garşy göreşde doly ýeňiş gazandy diýip, Si Szinpin belledi.
Döwlet Baştutanynyň aýtmagyna görä, täze çemeleşmede agyr synaglara taýýar bolmak, ýurduň özygtyýarlylygyny, howpsuzlygyny we ösüş bähbitlerini aýgytly goramak, şeýle hem iki beýik gudratyň — ykdysadyýetiň çalt ösmeginiň we jemgyýetçilik durnuklylygynyň ýokarlanmagynyň — taryhynda täze sahypalary ýazmagy dowam etdirmek gerek.
«Ýoldaş Szýan Szemin bir wagtlar ynam bilen şeýle diýipdi: “Täze hytaý asyrynda halk hytaý aýratynlyklary bolan sosializmi gurmak ýolunda öňe gitmegini dowam etdirer, Hytaýyň sosialistik gurluşy özgertmeler arkaly yzygiderli pugtalandyrylar we kämilleşdiriler, ýurt dürli ugurlaryň bilelikdäki ösüşi arkaly umumy gülläp ösüşe ýeter, hytaý milleti Watanyň birleşmegi we baý, kuwwatly, demokratik hem-de medeniýetli döwlet gurulmagy esasynda beýik galkynyşyny amala aşyrar”. Häzirki wagtda biz buýsanç bilen şuny aýdyp bileris: uzak möhletleýin tagallalaryň netijesinde ýolbaşçylaryň we döwletiň işleri gülläp ösýär, biziň topragymyzda parahatçylyk we asudalyk höküm sürýär, halkyň durmuşy yzygiderli gowulaşýar, milli galkynyşyň beýik geljegi aýdyň görünýär we birnäçe nesliň göreşen arzuwy ädimme-ädim hakykata öwrülýär» diýip, Hytaýyň lideri aýtdy.
Sözüniň ahyrynda Si Szinpin Szýan Szeminiň sözlerini mysal getirip, HKP Merkezi komitetiniň daşynda has-da jebisleşmäge we beýik milletiň taryhynda has ajaýyp sahypalary ýazmaga çagyrdy.
«Tebigatyň ajaýyp keşplerini döretmek üçin tupanlardan we garly harasatlardan geçmek zerur bolşy ýaly, adamlaryň arasyndaky beýik işler hem diňe agyr zähmet arkaly amala aşyrylýar». Ýoldaş Szýan Szemin bu belent şahyrana setirler arkaly yhlasly göreşiň manysyny beýan edipdi.
«Bütin partiýa, bütin goşun we Hytaýyň köp milletli halky Merkezi komitetiň daşynda has-da jebisleşmeli, hytaý aýratynlyklary bolan sosializmiň beýik baýdagyny belentde saklamaly, ynamy berkitmeli, kuwwatly döwleti hem-de milletiň beýik galkynyşyny hytaý nusgasynda döwrebaplaşdyrmak arkaly hemmetaraplaýyn öňe ilerletmek üçin yhlasly tagalla etmeli, hytaý nusgasynda öňe gitmeli, hytaý halky üçin has ajaýyp durmuşy döretmeli we beýik hytaý milletiniň taryhynda has aýdyň sahypalary ýazmaly!» diýip, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy aýtdy.
Çärä Li Sýan, Çžao Leszi, Wan Hunin, Saý Si, Din Sýuesýan, Li Si we Han Çžen gatnaşdylar.








