Adam şekilli robotlaryň Bütindünýä oýunlarynyň jemleýji tapgyryna 14 topar çykdy

Kabeli birikdirmek boýunça tabşyrygy öz içine alan jemleýji tapgyra 14 topar çykdy. Olar Adam şekilli robotlaryň Bütindünýä oýunlarynyň indiki tapgyrynda bäsleşerler. Deslapky tapgyr duşenbe güni Pekinde tamamlandy.
Robotyň adam barmaklarynyň hereketleri bilen deňeşdirip boljak inçe we takyk hereketleri ýerine ýetirmek ukyby uzak wagtdan bäri hakykatdan-da ähli ugurlarda ulanyp boljak köpugurly kömekçi robotlary döretmegiň esasy päsgelçilikleriniň biri hasaplanýar. Her bir simiň üstünlikli birikdirilmegi ýa-da takyk basyşyň ýerine ýetirilmegi enjamlaryň diňe zawodlarda däl, eýsem gündelik durmuşda hem adamlar bilen ýanaşyk işleşip biljek dünýäsine bizi has ýakynlaşdyrýar. Hut şu başarnyklar Pekinde geçirilen deslapky ýaryşlaryň merkezinde boldy.
Deslapky tapgyryň dowamynda robotlar USB ştekerini degişli porta birleşdirip, birikdirmäni tamamlamak üçin takyk güýç ulanyp, öz çalasynlyklaryny görkezdiler. Çylşyrymlylyk USB birikdirijisiniň ugruny kesgitlemekden — onuň polo positiw we otrisatel taraplaryny tapawutlandyrmakdan ybarat bolup, robot dowam etmezden öň dogry tarapyny kesgitlemeli bolýar. Şeýle hem bu wezipe güýjüň gözegçilik astynda ulanylmagyny talap edýär we robotyň gysyş güýjüni hem-de inçe motor hereketleriniň takyklygyny barlaýar. Bu ýumuş näzik manipulýasiýanyň we çylşyrymly dolandyryş algoritmleriniň möhümdigini görkezýär. Şeýle çylşyrymly işleri netijeli ýerine ýetirmek üçin robotlar adam barmaklarynyň çalasynlygyny gaýtamaly.
Dartgynly bäsleşikden soň 14 topar kabeli birikdirmek boýunça meseläni üstünlikli ýerine ýetirip, 24 toparyň gatnaşjak öňümizdäki final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
«Synaglaryň dowamynda robotlaryň ellerini nähili ulanýandyklaryna syn edýäris. Mysal üçin, käbirleri bir elini ulanýarlar, beýlekileri bolsa bilelikde işleýän iki elini peýdalanýarlar. Bu, şeýle hem robotlaryň türgenleşik döwründe ýaryşyň düzgünlerini näderejede gowy özleşdirendigini görkezýär. Iki elini bir wagtda ulanyp bilýän robotlar, adatça, diňe bir eline daýanýan robotlardan has netijeli we çalt ýerine ýetirýärler» diýip, Adam şekilli robotlaryň Bütindünýä oýunlarynyň «Çalasyn eller» toparçasynyň baş emini Wan Şilun aýtdy.
Kabeli birikdirmek boýunça ýumuş Adam şekilli robotlaryň ikinji Bütindünýä oýunlarynyň esasy bölekleriniň biridir. Ol adam şekilli robot manipulýatorlarynyň takyklygyny we çalasynlygyny barlamaga gönükdirilendir. Bu ýumuşda ahyrky tutujylaryň öňdebaryjy tehnologiýalary çylşyrymly manipulýasiýa algoritmleri bilen utgaşdyrylýar. Şeýlelikde, robotlaryň inçe motor hereketlerini ýerine ýetirmek mümkinçilikleriniň çäklerini giňeltmäge şert döredilýär.
Adam şekilli robotlaryň ikinji Bütindünýä oýunlary Pekiniň hökümeti bilen Hytaýyň Media topary (CMG) tarapyndan bilelikde guralýar. Ýaryşlar 22–26-njy awgust aralygynda Pekindäki Milli tiz typmak stadiony — «Buz lentasy» diýlip hem atlandyrylýan meýdançada geçiriler.
Çärä 16 ýurtdan 666 topar we 2056 robot gatnaşar. Maksatnama dürli toparçalar boýunça 30 sany ýaryş görnüşi, şol sanda top oýunlaryny we söweş ýaryşlaryny, şeýle hem senagat gurnama işleri we öý hyzmatlaryny öz içine alýan 21 sany amaly ýumuş girýär.
CCTV+ agentliginiň habar berşi ýaly, USB-ni üstünlikli birikdirmek boýunça ýumuşyň ýerine ýetirilmegi hakyky şertlerde takyk işleri ýerine ýetirip bilýän robotlary döretmegiň ýolunda möhüm tapgyr boldy. Final ýaryşlary adam şekilli robotlaryň çalt ösýän tehnologiýalaryny we olaryň gündelik durmuşdaky meseleleri çözmäge taýýardygyny görkezýän has-da täsirli tomaşa bolmagyna garaşylýar.








