Pekinde myhmanhana robotlarynyň ilkinji bäsleşigi geçirilýär

Dekabr 02, 2025 | 20:59 |77
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hepdäniň şenbe güni Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde myhmanhana robotlarynyň ilkinji bäsleşigi başlandy we bu bäsleşige ýurduň dürli künjeklerinden 31 sany topar gatnaşýandyr.

Bu adaty durmuşda bolup bilqvjek ýagdaýlara we vxze cykvan zerurlyklara esaslanýan bäsleşikdir. Bu geçirilýän çäre myhmanhanalaryň robot hyzmatlaryna bolan isleglerini we hödürlenýän teklipleri deňleşdirmäge kömek etmek bilen birlikde, myhmanhanalaryň işine sanly özgerdişleriň ornaşdyrylmagyna bagyşlanandyr.

Durmuşda gabat gelýän meseleleri çözmek üçin geçirilýän bu bäsleşik dört sany esasy ugra, ýagny myhmanhana otaglarynyň hyzmaty, myhmanlary kabul etmeklik we olary ugrukdyrmaklyk, arassaçylyk we interaktiw güýmenje ýaly ugurlara niýetlenendir.

Robotlaryň käbiri berlen zatlary eltip gowşurmak üçin myhmanhananyň ilkinji gatyndan lift arkaly dürli gatlarda ýerleşen myhmanlaryň otaglaryna bardylar. Olaryň bir bölegi bolsa myhman otaglarynda ýa-da umumy meýdançalarda arassaçylyk işlerini ýerine ýetirdiler.

Mundan başga-da, robotlar gelen myhmanlaryň saglyk ýagdaýyny barlamak, owkalamak, şeýle hem iýmit taýýarlamak we çaý demlemek ýaly hyzmatlary ýerine ýetirdiler.

Bäsleşýän toparlaryň arasynda her ugur boýunça bäsleşigiň birnäçe tapgyrlary geçirildi we robotlaryň umumy başarnyklaryna tejribeli eminler tarapyndan baha berildi.

Bu çäräniň maksady Hytaýda myhmanhanalaryň “akylly” robotlary pudagynda bäsdeşligi döretmek hem-de adaty durmuşda bolup biläýjek ýagdaýlarda myhmanhana robotlarynyň hyzmatlaryny ulanmak we ornaşdyrmakdyr.

Beýleki habarlar