Henanda bendiň ýarylmagy

Hytaýyň merkezi bölegindäki Henan welaýatynyň Szýasýan etrabynda Beýru derýasynyň üstündäki bendiň ýarylmagyndan soň, güýçli ýagyşlar we ýokarky akymda ýerleşýän suw howdanlaryndan suwuň köp möçberde goýberilmegi sebäpli suw joşmasyna garşy göreş we ejir çeken adamlary halas etmek işleri gije-gündiz dowam etdirilýär.
Güýçli tebigy hadysa adam eli bilen gurlan bendi böwsüp, ýyllaryň dowamynda saklanyp gelen suw aşak akym boýunça güýç bilen akyp başlanda, müňlerçe adamyň jany howp astyna düşýär. Hytaýyň merkezi bölegindäki Henan welaýatynda üznüksiz ýagynlar we suw howdanlaryndan goýberilýän suw sebäpli derejesi ýokarlanan Beýru derýasy Ýuýsi obasynyň golaýyndaky bendi böwsüp geçdi. Birnäçe sagadyň dowamynda emele gelen böwsülmäniň ini 40 metrden geçdi we suw golaýdaky obalary hem-de ekin meýdanlaryny basmak howpuny döretdi.
Emma halas ediş toparlarynyň gaýykdan başlap agyr tehnikalara çenli ähli serişdeleri herekete geçirip, utgaşykly hereket etmegi netijesinde diňe bir 2 müňden gowrak adamy ewakuasiýa etmek däl, eýsem suwuň öňüni almak hem başartdy. Güýçli ýagyş astynda emele gelen böwsülmä betonyň guýulmagy adam erkiniň we hünär ussatlygynyň hatda güýçli möwç urýan tebigata hem garşy durup bilýändiginiň nyşanyna öwrüldi.
Bend 14-nji awgust, çarşenbe güni agşam Çanşýao şäherçesiniň Ýuýsi obasynda ýaryldy we ilkibaşda böwsülmäniň ini 40 metrden gowrakdy. Penşenbe güni ir sagat 03:00-a çenli ýerli häkimiýetler 2182 ýaşaýjyny iki tapgyrda howpsuz ýere göçürdiler. Adamlaryň gabawda galandygy ýa-da adam pidalarynyň bolandygy barada maglumat gelip gowuşmady.
Bend ýarylandan soň, halas ediş toparlary böwsülmäni çalt ýapmak üçin gury ýerde, suwda we howada bar bolan serişdeleri herekete getirdiler. Penşenbe güni polisiýanyň ýaragly bölümleriniň, ýangyn söndürijileriň we polisiýa işgärleriniň hem-de beýleki gulluklaryň işgärlerinden ybarat 2800-den gowrak adam tebigy betbagtçylygyň netijelerini ýok etmek boýunça ilkinji işlere gatnaşdy. Olar gurluşyk serişdeleri wakanyň ýerine eltip bermek üçin el bilen daşamak usulyny, gaýyklary we dürli tehnikalary ulandylar.
Anna güni halas edijiler böwsülmäni göni ýapmak usulyna geçdiler we emele gelen deşige beton guýup başladylar. Beton garyjy ulaglar turbageçirijilere birikdirildi we beton böwsülmäniň öň hataryna sorulyp, onuň berkleşdirilmegi we berk ýapylmagy üpjün edildi. Anna güni irden ini takmynan 47 metr, çuňlugy 8 metr bolan böwsülmäniň 20 metrden gowragy ýapyldy. Şeýlelikde, işleriň ýarysy diýen ýaly tamamlandy.
Szýasýan etrabynyň üstünden geçýän Beýru derýasy Huanhe derýasynyň goşantlarynyň biridir we tomus aýlarynda adatça suw joşmalaryna sezewar bolýar. Zeper ýeten bent 1980-nji ýyllarda oba hojalyk ýerlerini we ilatly ýerleri suw joşmasyndan goramak maksady bilen gurlupdy.
Häzirki wakanyň ýaramazlaşmagyna derýanyň ýokarky akymyndaky aşa köp ýagynlar hem-de suw derejesiniň howply çäklere ýetmegi sebäpli ýokarky akymdaky suw howdanlaryndan suwuň mejbury ýagdaýda goýberilmegi sebäp boldy. Mümkin bolan suw joşmasy barada duýduryş alan ýerli häkimiýetler ilaty öňünden ewakuasiýa edip başladylar. Bu bolsa adam pidalarynyň öňüni almaga mümkinçilik berdi.
Halas ediş operasiýasy gije-gündiz dowam edýär. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, böwsülmäni doly ýok etmek üçin ýene birnäçe gün gerek bolar.
"CCTV+"-niň habar bermegine görä, halas edijileriň gahrymançylykly tagallalary we ähli gulluklaryň hereketleriniň takyk utgaşdyrylmagy uly ynsanperwer betbagtçylygyň öňüni almaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda wakanyň bolan ýerinde bendi berkitmek boýunça işler dowam etdirilýär we bu işler golaýdaky etraplaryň ýaşaýjylarynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.







