Hytaýyň syýahatçylyk pudagy ýaşy uly raýatlar üçin hyzmatlaryny artdyrdy

Dekabr 02, 2025 | 19:55 |46
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýda ýaşy uly raýatlaryň syýahatçylygyna isleg artýar. Ýylyň başyndan bäri 55 ýaşdan 70 ýaşa çenli adamlaryň arasynda syýahatlaryň sany 42% artdy. Bellemeli zat, ýagny sargytlaryň üçden bir böleginden gowragy şahsy syýahatlar üçin niýetlenendir.


“Birnäçe ýyl ozal men Arktika ýerler barmagy we Gar şäherçesine gezelenç etmegi arzuw edýärdim, ýöne meniň hiç wagtym bolmandy. Indi pensiýa çykanymdan soň boş wagtym ýeterlik, şonuň üçinem men syýahat etmäge gidýärin. Biz ýurdumyzyň gözel tebigatyna syn etmegi halaýarys”, diýip, Hytaýyň günorta-günbatar bölegindäki Syçuan welaýatyndan bolan Şuaý familiýaly syýahatçy belledi.


Ýaşuly syýahatçylaryň ýokary hile we amatlylyga bolan isleglerini kanagatlandyrmak üçin ýolagçy otllusynda ýükleri daşamak we şahsy aýratynlyklara görä wagty geçirmek ýaly ýöriteleşdirilen hyzmatlar hödürlenýär. Restoran wagonynda ýaşulularyň iýmitleniş talaplaryna laýyk gelýän az şekerli we az duzly tagamlar hödürlenilýär. Okyjylaryň burç, oýun otagy, mini-kinoteatry we fitnes merkezi ýaly doly enjamlaşdyrylan otaglar syýahatyň has-da gyzykly bolmagyny üpjün edýär. Mundan başga-da, folklor barada umumy sapaklar, el işleri boýunça ussatlyk sapaklary we rewolýusiýa bagyşlanan aýdym bäsleşikleri ýaly çäreler olaryň syýahatyny has-da gyzykly edýär.


“Ýaşuly ýolagçylaryň rahat dynç alyp bilmekleri üçin biz otlynyň kupeleriniň aralaryny giňeltdik we olardan suw geçmez ýaly etdik” diýip, “Harbin Railway International” halkara syýahatçylyk agentliginiň ýolbaşçysy Ýuý Wenşen gürrüň berdi.

Beýleki habarlar