C919 ilkinji yzygiderli halkara uçuşy amala aşyrdy.

Çarşenbe güni Hytaýda öndürilen ýolagçy uçary “C919” Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherindäki täze howa menziline üstünlikli gondy. Şeýlelikde, uçar 2023-nji ýylda ulanyşa girizilenden bäri ilkinji gezek yzygiderli halkara täjirçilik ýolagçy gatnawyny amala aşyrdy. Hytaýda öndürilen ýolagçy uçarynyň ilkinji gezek bortunda ýolagçylar bilen döwlet serhedinden geçmegi diňe bir uçuş tertibindäki nobatdaky gatnaw däl, eýsem ýurduň tehnologik garaşsyzlygynyň täze basgançaga çykandygyny görkezýän taryhy pursatdyr. Hytaýly inženerler tarapyndan döredilen “C919” iki ýylyň dowamynda içerki gatnawlarda öz ygtybarlylygyny subut etdi. Indi bolsa ol resmi taýdan halkara awiasiýa bazaryna çykdy. “C919”-niň ilkinji daşary ýurt ugry goňşy ýurt Mongoliýa boldy. Bu ýerde Hytaýyň uçaryny dabaraly ýagdaýda suw arkasy bilen garşyladylar. Bu diňe bir täze uçara hormat goýmagyň nyşany bolman, eýsem öň “Boeing” we “Airbus” kompaniýalarynyň agdyklyk eden raýat awiasiýasy bazarynda Hytaýyň hem doly hukukly oýunça öwrülendiginiň ykrar edilmegidir.
Uçar Pekiniň halkara howa menzilinden uçup, sagat 16:58-de Ulan-Batora gondy. Uçaryň gonmagy mynasybetli dabaraly suw salýuty geçirildi. Bu “C919” uçarynyň täjirçilik taýdan ulanylyşa girizilmeginden soň açylan ilkinji halkara gatnaw bolup, Hytaýda işlenip taýýarlanan ýolagçy uçarynyň yzygiderli halkara gatnawlarynyň täze tapgyryna resmi taýdan geçendigini görkezdi. Raýat gatnawlary üçin Hytaýda işlenip taýýarlanan ilkinji ýolagçy uçary bolan “C919” resmi maglumatlara görä, duşenbe gününe çenli Hytaýyň 25 şäherini birleşdirýän 57 ugurda gatnawlary amala aşyrdy we 7,5 milliondan gowrak ýolagça hyzmat etdi. Uçar ygtybarly uçuş häsiýetleri, amatly salony we durnukly howpsuzlyk standartlary sebäpli bazarda giňden ykrar edildi. Hytaý–Mongoliýa halkara ugrunda bu gatnawyň amala aşyrylmagy “C919”-niň iki ýurduň halkara raýat awiasiýasy standartlaryna laýyklygyny üstünlikli geçendigini we yzygiderli halkara täjirçilik ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrmaga resmi rugsat alandygyny görkezýär. Elýeterli maglumatlara görä, halkara gatnaw “CA723/CA724” uçuş belgileri bilen her gün tertip boýunça ýerine ýetirilýär.
“C919”-niň Mongoliýa ilkinji halkara gatnawy köp ýyllap dowam eden sertifikatlaşdyrmak we halkara derejesinde ykrar edilmek işleriniň netijesidir. Yzygiderli halkara gatnawlary amala aşyrmak üçin uçar Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) standartlaryna we Hytaý bilen Mongoliýanyň arasynda baglaşylan ikitaraplaýyn ylalaşyklara laýyklygy boýunça berk barlaglardan geçmeli boldy. Bu gatnawyň üstünlikli amala aşyrylmagy “C919”-niň Günorta-Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň we hatda Ýewropanyň bazarlaryna çykmagy üçin hem ýol açýar. Öndüriji Hytaýyň täjirçilik uçarlary korporasiýasynyň (COMAC) maglumatlaryna görä, häzirki wagtda 30 awiakompaniýadan, şol sanda daşary ýurt gatnawçylaryndan, 1000-den gowrak “C919” uçary üçin sargyt alyndy. C919-yň halkara gatnawlara çykmagy diňe bir Hytaýyň dünýä awiasiýa senagatyndaky ornuny pugtalandyrman, eýsem häzirki wagtda Boeing we Airbus kompaniýalarynyň agdyklyk edýän bazaryna alternatiwa döredýär. Uzak möhletleýin geljekde bu ýagdaý dünýä awiasiýa bazaryndaky güýçleriň deňagramlylygyny üýtgedip biler.
“CCTV+”-niň habar berşi ýaly, “C919”-niň ilkinji halkara gatnawy Hytaýyň uçar gurluşygy üçin taryhy tapgyr boldy. Bu waka ýurduň dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyply ýolagçy uçarlaryny özbaşdak öndürmäge we ulanmaga ukyplydygyny subut edip, Hytaýyň raýat awiasiýasynyň ösüşinde täze sahypany açdy.







