Ýalňyşmak sungaty: beýik matematik şowsuzlygy nädip täze açyşa öwürdi

Matematikanyň weterany Şing-Tun Ýau çylşyrymly geometrik düşünjäni subut etmäge synanyşan döwründe başdan geçiren «agyr döwrüni» ýatlap, gözlegleriniň nädogry ugra gidendigine düşünen pursadyndaky özüne oňaýsyz ýagdaýy aç-açan gürrüň berdi. Ahyrsoňy ol uly açyş etmegi başardy we bu açyş oňa abraýly Filds baýragyny getirdi.
Ady eýýäm ylym taryhyna giren beýik matematik öz şübheleri we ýalňyşlyklary bilen geçen ýyllary barada gürrüň berende, onuň wakasy diňe bir terjimehalynyň bir bölegi bolman, eýsem bilim ýolundan barýan her bir adam üçin sapaga öwrülýär.
Filds baýragynyň ilkinji hytaýly eýesi Şing-Tun Ýau üç ýylynyň Kalabiniň gipotezasynyň üstünde agyr zähmet çekmek bilen geçendigini aýtdy. Şol döwürde ol özüniň dogry ugurdan barýandygyna doly ynanýardy, emma soň ýalňyşandygyna düşündi.
Ol netijelerini ýüzlerçe kärdeşiniň öňünde yglan edip, soňra köpçüligiň öňünde şol netijelerinden ýüz öwürmeli boldy. Bu ýagdaý onuň üçin kemsidiji we agyr pursatdy. Emma hut şu tejribe matematige esasy sapagy berdi: hakykat bir pursatlyk ylham netijesinde döremeýär, ol köplenç ýeke-täk ýagdaýda, köplügiň pikirine garamazdan, ädimme-ädim gurulýar.
Häzirki wagtda ol geçmişine seredip ýylgyrýar, sebäbi şol ýalňyşlyklar onuň diňe bir durmuşyny däl, eýsem tutuş matematikany üýtgeden uly açyşyna alyp geldi.
1949-njy ýylda Hytaýyň günortasyndaky Guandun welaýatynda dünýä inen Ýau ýaşlygyndan matematik bolmagy arzuw edýärdi. Hytaýyň Gonkong uniwersitetinde üçünji okuw ýylyny tamamlandan soň, Ýau Kaliforniýa uniwersitetiniň Berkli şäherindäki bölüminde matematika boýunça aspirantura okuwa girdi. Ol ýerde dünýä belli hytaýly matematik Şiing-Şen Çerniň ýolbaşçylygynda bilim aldy we bary-ýogy iki ýylyň içinde doktorlyk derejesini aldy.
Üns bererlik tarapy, Ýau 1954-nji ýylda italýan matematigi Eujenio Kalabi tarapyndan öňe sürlen Kalabiniň gipotezasynyň nazaryýeti bilen meşgullandy. Bu gipoteza köp ölçegli egrilen giňişligiň görnüşini üýtgetmegiň mümkinçiligi bilen baglanyşyklydy.
Ýaunyň batyrgaý işi «geometrik analiz» diýlip atlandyrylýan ugra başlangyç berdi. Käbir şowsuzlyklara garamazdan, 1982-nji ýylda oňa köplenç «matematikanyň Nobel baýragy» diýlip atlandyrylýan Filds baýragy berildi. Şeýlelikde, ol hytaý gelip çykyşly ilkinji bolup bu abraýly baýragyň eýesi boldy.
Ýaunyň esasy üstünlikleriniň biri her ýyl geçirilýän Fundamental ylymlar boýunça Halkara kongresini (ICBS) esaslandyrmagydyr. Bu kongres ilkinji gezek 2023-nji ýylda geçirildi. Şu ýyl bolsa iki hepdelik çäre duşenbe güni Pekinde başlandy.
Hytaýyň Global teleýaýlymyna (CGTN) kongresiň çäginde beren interwýusynda Ýau dünýä derejesinde ykrar edilmezden ozal başdan geçiren kynçylyklary barada gürrüň berdi we Kalabiniň gipotezasynyň çözgüdini gözlemegiň çylşyrymly taryhyny paýlaşdy.
«Meniň çözen ilkinji uly meseläm Kalabiniň gipotezasydy. Ony çözmäge hemmeler synanyşýardy we hemmeler birmeňzeş pikir edýärdi — ýagny onuň nädogrudygyny pikir edýärdiler. Şonuň üçin men üç ýyllap onuň nädogrudygyny subut edýän garşy mysal tapyp bilerin diýip pikir edip, üstünde işledim.
Soňra men onuň nädogrudygyny çözdim öýtdüm. Sebäbi muny yglan etdim. Bir mysal tapdym we nädogry diýip pikir eden zadymyň hakykatda beýle däldigine göz ýetirdim. Bu uzak wagtlap dowam eden agyr döwürdi. Men uklap bilmeýärdim» diýip, ol aýtdy.
Häzir geçmişine seredip ýylgyrýan Ýau özüniň hasaplamalarynyň nädogrudygyna, netijelerini eýýäm ýüzlerçe alym kärdeşiniň öňünde hödürläninden soň düşünen pursadyndaky diýseň oňaýsyz ýagdaý barada gürrüň berdi.
«Bu hakykatdanam örän kemsidiji ýagdaýdy. Men muny birnäçe ýüz adamyň öňünde yglan etdim. Soňra maslahata jogapkär mugallymym munuň maslahatyň iň gowy netijesidigini aýtdy. Şonuň üçin men ondan ýüz öwürmeli bolanymda özümi örän erbet duýdum» diýip, ol aýtdy.
Bu wakadan näme öwrenendigi baradaky soraga jogap berende, Ýau şeýle inkär edip bolmajak subutnamalaryň seýrek ýagdaýlarda bir pursatlyk ylham bilen döreýändigini nygtady.
Onuň aýtmagyna görä, ösüş wagtyň geçmegi bilen oýlanyşykly gurluşy kemala getirmäge baglydyr.
«Bir zady subut etmäge synanyşanyňyzda, ol birdenkä, edil bir pikir öz-özünden gelip, siz hem dessine ony durmuşa geçirýän ýaly bolup geçmeýär, şeýle dälmi? Size gurluş döretmek gerek. Şeýle gurluşy nädip gurmalydygyny öwrenmeli. Munuň üçin köp adamlar bilen pikir alyşmaly, şeýle hem ylmy edebiýaty we ylymda ozal belli bolan zatlary öwrenmeli.
Şonuň üçin bu gurluşy döretmek üçin maňa ýene üç ýyl gerek boldy. Maksada tarap ädimme-ädim öňe gitdim. Men ýekedim, sebäbi hemmeler munuň nädogrydygyna ynanýardy. Şonuň üçin özbaşdak öňe gitdim» diýip, matematik aýtdy.
Şing-Tun Ýaunyň taryhy diňe bir matematiki üstünligiň ýyl ýazgysy bolman, eýsem tutanýerliligiň we özüňe dogruçyl bolmagyň sapagydyr. Onuň tejribesi açyşa barýan ýoluň köplenç göni däldigini, ýalňyşlygy boýun almagyň bolsa ejizlik däl-de, güýçdigini görkezýär.
Häzirki wagtda dünýäniň iň täsirli matematikleriniň biri bolan Ýau ýaş alymlara ylham bermegini dowam etdirýär. Ol hakyky zehiniň hiç haçan ýalňyşmaýan adam däldigini, eýsem öz ýalňyşlyklaryny hakykata tarap barýan basgançaklara öwrüp bilýän adamdygyny subut edýär.
CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, Şing-Tun Ýaunyň öz şowsuzlyklary we olary ýeňip geçişi baradaky aç-açan gürrüňi Fundamental ylymlar boýunça Halkara kongresiniň iň täsirli pursatlarynyň birine öwrüldi. Bu gürrüň çäräniň ähli gatnaşyjylaryna hatda iň beýik zehinleriň hem şübhelerden we şowsuzlyklardan geçýändigini ýene bir gezek ýatlatdy — hut şu ýagdaý hem olary beýik edýär.







