«Delfin» taýfuny Hytaýyň gündogar bölegine güýçli urup, suw joşmalaryna we adamlaryň ewakuasiýa edilmegine sebäp boldy

Ummanyň ýyly suwlarynda emele gelen tebigy hadysa kenara iki gezek urup, soňra materigiň içine aralaşanda, yzynda ýuwlup giden ýollary, suw basan şäherleri we müňlerçe ewakuasiýa edilen adamlary galdyrýar. Şeýle ýagdaýda adam hatda iň kämil howa çaklama ulgamlarynyň hem tebigaty doly gözegçilikde saklap bilmeýändigine ýene bir gezek göz ýetirýär.
Şu möwsümdäki 13-nji taýfun bolan «Delfin» taýfuny Hytaýyň gündogar bölegine görlüp-eşidilmedik güýç bilen urup, güýçli ýagyşlary, tupanly şemallary we suw joşmalarynyň howpuny getirdi. Çžeszýan, Szýansu, Anhoý we Szýansi welaýatlarynyň häkimiýetleri adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizdi, müňlerçe adamy ewakuasiýa etdi we ilaty goramak üçin ähli serişdeleri herekete getirdi. Emma iň berk çäreleriň özi hem ýagyşy duruzyp bilmeýär — olar diňe adamlara bu tebigy hadysadan aman galmaga mümkinçilik berip bilýär.
«Delfin» taýfuny Hytaýyň gündogaryndaky Çžeszýan welaýatynyň kenarýakasynda iki gezek gury ýere çykandan soň, materigiň içine tarap süýşdi we birnäçe şäherde güýçli ýagynlara sebäp boldy.
Duşenbe güni sagat 17:00-da Szýansu welaýatynyň Suçžou şäherinde suw joşmasy sebäpli howpuň ikinji derejesi yglan edildi. Ýagynlar şäherdäki derýalaryň we kölleriň suw derejesini tiz ýokarlandyrdy. Netijede Pekin bilen Hançžou şäherlerini birleşdirýän Beýik kanalyň bir böleginde suw joşmasynyň iň ýokary — gyzyl derejeli howp duýduryşy yglan edildi.
Ýerli häkimiýetler Ýanszy derýasynyň, Beýik kanalyň, Wanýuý derýasynyň we şäher kölleriniň boýundaky şlýuz stansiýalaryny suw çykarmak üçin işe girizdiler. Duşenbe güni günortana çenli suw howdanlaryndan 220 million kub metr suw boşadyldy.
Szýansu welaýatynyň Nantun şäherinde şemalyň güýji 10 bala ýetdi. Taýfun gelmezinden öň ähli balykçylyk we inženerçilik gämileri porta gaýdyp, howpsuz ýagdaýda gämi duralgalaryna ýerleşdirildi.
Anhoý welaýatynda hem güýçli şemallar we güýçli ýagynlar boldy. Ýuesi etrabynyň Kuotan gidrologik stansiýasynda ýagynyň mukdary 309 millimetre ýetdi. Ýerli häkimiýetler derrew gözel ýerleri we gurluşyk meýdançalaryny ýapdylar we 1316 adamy ewakuasiýa etdiler.
Güýçli ýagynlar köp sanly ýer süýşmelerine we ýollaryň opurylmagyna hem sebäp boldy. Ýerli häkimiýetler ýykylan daşlary we agaçlary aýyrmak, ulag hereketini dikeltmek üçin mehaniki enjamlary işe girizip, halas ediş toparlaryny guradylar.
Anhoý welaýatynyň Týançan şäherinde güýçli ýagynlar sebäpli howpuň gyzyl derejesi yglan edildi. Gysga wagtlaýyn güýçli ýagynlaryň şäheriň pes ýerlerini suw basmagyndan soň, ýerli häkimiýetler suwy çekmek işlerine başladylar we ýaşaýjylaryň howpsuz hereket etmegini üpjün etdiler.
Güýçli ýagynlar Pihe derýasynyň suw derejesini hem ýokarlandyrdy. Bu bolsa Anhoý welaýatynyň suw hojalygy müdirliginiň derýada şu ýyl ilkinji suw joşmasynyň bolandygyny yglan etmegine sebäp boldy.
Szýansi welaýatynyň Luşan şäherinde bolsa üznüksiz ýagynlar sebäpli Luşan gözel ýeri wagtlaýyn ýapyldy.
Hytaýyň taýfunlar baradaky duýduryş ulgamy howpuň dört reňk derejesini öz içine alýar. Gyzyl reňk iň ýokary howpy aňladýar, ondan soň mämişi, sary we gök derejeler gelýär.
Adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreşmegiň dört derejeli meňzeş ulgamy hem howpuň möçberine görä serişdeleri tiz wagtda herekete getirmäge mümkinçilik berýär.
«Delfin» taýfuny şu möwsümdäki iň güýçli taýfunlaryň birine öwrüldi we ilaty gür ýerleşýän kenarýaka welaýatlaryna täsir ýetirdi. Öňünden berlen duýduryşlaryň we häkimiýetleriň sazlaşykly hereketleriniň netijesinde köpçülikleýin adam ýitgileriniň öňüni almak başartdy. Şeýle-de bolsa, tebigy hadysanyň ýetiren maddy zyýanyna ýene birnäçe günüň dowamynda baha berler.
Bilermenler taýfunlaryň güýçlenmegini global maýlama bilen baglanyşdyrýarlar we şeýle tebigy hadysalaryň ýygy-ýygydan gaýtalanmagynyň mümkindigini duýdurýarlar.
CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, «Delfin» taýfuny güýjüni ýitirmegini dowam etdirýär. Emma onuň netijeleri entek uzak wagtlap duýlar. Bu tebigy hadysanyň esasy sapagy bolsa tebigatyň adamzada barha ýygy-ýygydan döredýän howplaryna hemişe taýýar bolmagyň zerurlygydyr.







