Haýnan täze syýahatçylyk düzgünlerini girizýär

Dekabr 02, 2025 | 19:50 |59
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň günortasynda tropiki adasynda ýerleşýän Haýnan welaýatynda täze syýahatçylyk düzgünleri güýje girizildi.

Bu düzgünler deňiz syýahatçylygy, şol sanda ýelken sporty, tolkunlaryň üstünde ýüzmek we balyk tutmak ýaly ugurlary, şeýle hem saglyk we sport syýahatçylygy, özbaşdak awtoulag sürmegi we awtoulag syýahatyny ösdürmeklige gönükdirilendir.

“Syýahatçylygyň açylyşy we halkara derejesine çykarylmagy” atly ýörite bölümdäki täze düzgünlerde daşary ýurt maýa goýumlaryna çäklendirmeleri azaltmak, daşary ýurtlara syýahat edýänler üçin salgytsyz söwdany giňeltmek, halkara deňiz syýahat ugurlaryny ösdürmek we daşary ýurtly syýahatçylar üçin wizasyz gelip-gitmekligi ýeňilleşdirmek ýaly dünýä ülňülerine laýyk gelmek boýunça işler beýan edildi.

Täze düzgünler Hytaýyň açyklyk ugrundaky alyp barýan tagallalarynda möhüm tapgyr boljak Haýnandaky erkin söwda portunyň 18-nji dekabrda işe girizilmeginden öň kabul edildi.

Beýleki habarlar