Hytaýly suratkeş Andersen baýragyna mynasyp boldy

Anna güni Ottawada çagalar kitaplarynyň döredijileri üçin dünýäniň iň abraýly halkara baýragy bolan 2026-njy ýylyň Hans Kristian Andersen illýustrasiýa baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Baýrak hytaýly suratkeş Tsai Gao gowşuryldy. Şeýlelikde, ol bu ýokary halkara baýragyna mynasyp bolan ilkinji hytaýly suratkeş boldy.
Akademiki okuw jaýlarynyň auditoriýalarynda däl-de, oba durmuşyna we halk ertekilerine syn etmek arkaly döredilen illýustrasiýalaryň dünýä derejesinde iň ýokary ykrar edilmegi hakyky sungatyň hemişe öňden bar bolan ýollardan gitmeýändigini ýene bir gezek görkezýär.
Hytaýly 80 ýaşly suratkeş Tsai Gao ýörite çeperçilik bilimine eýe bolmasa-da, çagalar edebiýatynyň dünýädäki iň abraýly baýragy bolan Hans Kristian Andersen baýragyna mynasyp bolan ilkinji hytaýly zenan boldy.
Onuň nepislik we gündelik durmuşyň ownuk jikme-jikliklerine üns bilen tapawutlanýan eserleri okyjylara taýýar jogaplary hödürlemeýär. Munuň ýerine, olar ýaş okyjylary özbaşdak açyşlara iterýär.
Tsai Gaonyň özüniň belleýşi ýaly, çagalar kitaplary medeniýetleriň we ýürekleriň arasyndaky köprülerdir. Onuň ýeňşi hakyky gözelligiň we paýhasyň serhet tanamaýandygyny hem-de diplomlaryň hökmany däldigini görkezýän nyşana öwrüldi.
Baýragyň eminler toparynyň başlygy Şeren Kreýdiýe dabarada: «2026-njy ýylyň Hans Kristian Andersen illýustrasiýa baýragynyň eýesi Tsai Gaony gutlamak meniň üçin uly hormat» diýip aýtdy.
Tsai sungat ugrundan resmi akademiki bilim almady. Munuň ýerine ol edebiýatdan we halk ertekilerinden, ýerli operadan we oba durmuşyndan öwrenip, ençeme ýyllaryň dowamynda daş-töweregindäki dünýäni synlady we suratlandyrdy.
Tsai bir gezek illýustrirlenen kitaplaryň taýýar jogaplary hödürlemeli däldigini, ýaş okyjylaryň özbaşdak pikirlenmegi we açyşlar etmegi üçin giňişlik galdyrmalydygyny aýdypdy.
Dabarada Tsai: «Çagalar kitaplary köprülerdir. Bu köprüler medeniýeti medeniýet bilen, ýüregi ýürek bilen birleşdirýär. Hut her bir adam hekaýalara ganat berýär, çagalaryň ýüregine bagtyň tohumlaryny sepýär we biziň hemmämize ýagtylyk saçýar», diýip aýtdy.
Çagalar kitaplary boýunça Halkara geňeşiniň (IBBY) prezidenti Basarat Kazim Tsai Gaonyň eserleriniň çagalary howlukman synlamaga we asuda, gündelik pursatlarda gözelligi açmaga höweslendirýän nepisligi bilen tapawutlanýandygyny belledi.
Kazim: «Şu ýylky ýeňiji Tsai Gao aýratyn şahsyýet. Ol edil suratlary ýaly ajaýyp», diýip aýtdy.
1946-njy ýylda Hytaýyň merkezi bölegindäki Hunan welaýatynyň Çanşa şäherinde dünýä inen Tsai Gao köp ýyllaryň dowamynda çagalar kitaplaryny redaktirlemek we illýustrirlenen kitaplary döretmek bilen meşgullanýar.
Çagalar edebiýatynyň «Kiçi Nobel baýragy» diýlip hem atlandyrylýan Hans Kristian Andersen baýragy Çagalar kitaplary boýunça Halkara geňeşi tarapyndan iki ýyldan bir gezek gowşurylýar.
Baýrak iki ugur boýunça berilýär: ýazyjylyk ussatlygy we illýustrasiýa.
Tsai Gao baýragyň taryhynda dördünji hytaýly dalaşgär bolup, illýustrasiýa ugrundan baýragy alan ilkinji hytaýly suratkeşdir.
Onuň döredijilik ýoly Medeniýet rewolýusiýasy ýyllarynda başlanypdyr. Şol döwürde ol oba ýerlerinde işläp, halk döredijiligini we däp-dessurlary öwrenipdir. Bu ýagdaý onuň döredijiliginiň däp bolan hytaý medeniýeti we tebigat bilen çuňňur baglanyşygyny görkezýär.
Onuň «Gyzykly alyş-çalyş», «Tilki we gaplaň» we «Bag» ýaly kitaplary köp dillerde terjime edildi we dünýäniň dürli ýurtlarynda giňden tanalýar.
Soňky ýyllarda hytaý çagalar edebiýaty halkara derejesinde barha köp ykrar edilýär. Tsai Gaonyň ýeňşi bu işiň möhüm tapgyrlarynyň birine öwrülip, Hytaýda we daşary ýurtlarda ýaş suratkeşleri hem-de illýustratorlary ruhlandyrýar.
Eminler topary onuň eserleriniň «çagalary haýallamaga we daş-töweregindäki dünýäniň gözelligine üns bermäge çagyrýandygyny» belledi. Bu aýratyn-da sanly maglumatlaryň köpçülikleýin akymy we çalt depginli durmuş döwründe örän gymmatly hasaplanýar.
"CCTV+"-niň habar berşi ýaly, Tsai Gaonyň Andersen baýragyny almagy diňe bir suratkeşiň şahsy üstünligi bolman, eýsem hytaý illýustrasiýasynyň we çagalar edebiýatynyň halkara derejesinde barha giňden ykrar edilýändiginiň nyşany boldy. Bu ýeňiş Hytaý bilen dünýäniň arasynda medeni alyş-çalşyň täze mümkinçiliklerini hem açýar.







