Hytaýyň awtoulag senagaty eksportda rekordlary täzeleýär

Hytaýyň Awtoulag öndürijiler birleşiginiň (CAAM) Hytaýyň Baş gümrük müdirliginiň maglumatlary esasynda taýýarlan maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda Hytaýda awtoulag önümleriniň importynyň we eksportynyň umumy möçberi 164,74 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 25,5 göterim ýokarlandy. Dünýäniň awtoulag bazarynda düýpli üýtgeşmeler bolup geçýän we Hytaýyň awtoulag senagaty bolsa dünýä söwdasynyň esasy hereketlendirijileriniň birine öwrülýän döwürde daşary söwda görkezijileri islendik çaklamadan has aýdyň ýagdaýy görkezýär. Ýarym ýylyň dowamynda eksportyň 33 göterim ýokarlanmagy diňe bir statistik görkeziji däl. Bu Hytaýyň önümçilik merkezi bolmakdan dünýä derejesindäki täze standartlary we üpjünçilik zynjyrlaryny kemala getirýän möhüm gatnaşyja ynamly öwrülýändiginiň alamatydyr. Eksportdan alnan girdejiniň takmynan 145,5 milliard dollara ýetmegi diňe awtoulag öndürijileriniň üstünligi bolman, eýsem tehnologiýalary ösdürmekden başlap, logistika ugurlaryny döretmäge çenli ulgamlaýyn strategiýanyň netijesidir. Şol bir wagtyň özünde importyň takmynan 12 göterim azalmagy Hytaýyň diňe bir öz önümçiligini artdyrman, eýsem öň daşary ýurtlardan getirilýän şaýlary we enjamlary içerki önümler bilen çalşýandygyny hem görkezýär. Bu bolsa ýurduň tehnologik garaşsyzlygyny güýçlendirýär.
Bu umumy möçberiň 145,49 milliard dollary eksportyň paýyna düşdi. Bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 33 göterim köpdür. Şol döwürde import 11,8 göterim azalyp, 19,25 milliard dollara çenli düşdi. Diňe iýun aýynda Hytaýda awtoulag önümleriniň importynyň we eksportynyň umumy möçberi geçen ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 35,5 göterim ýokarlanyp, 31,82 milliard dollara ýetdi. Bu maý aýyndaky görkezijiden hem 8 göterim ýokarydyr. Iýun aýynda eksport 28,43 milliard dollar boldy. Bu maý aýy bilen deňeşdirilende 10 göterim, geçen ýylyň iýun aýy bilen deňeşdirilende bolsa 47,2 göterim köpdir. Şol bir wagtyň özünde import 3,39 milliard dollara çenli azaldy. Bu maý aýy bilen deňeşdirilende 6,1 göterim, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bolsa 18,7 göterim azdyr.
Awtoulag önümleriniň daşary söwdasyndaky rekord görkezijilere birnäçe şertler täsir etdi. Olaryň arasynda Hytaý brendleriniň daşary ýurt bazarlaryna, aýratyn-da elektromobiller segmentine işjeň çykmagy, Aziýa, Ýewropa we Latyn Amerikasy ýurtlarynda hytaý awtoulaglarynyň meşhurlygynyň artmagy, şeýle hem eksport ugurly önümçiliklere döwlet tarapyndan goldaw berilmegi bar. Hytaýyň Awtoulag öndürijiler birleşiginiň maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň ilkinji ýarymynda Hytaýdan eksport edilen awtoulaglaryň sany 3,7 milliondan geçdi. Şol awtoulaglaryň her üçüsinden biri elektrik energiýasy bilen işleýän awtoulagdyr. Importyň azalmagy bolsa akkumulýatorlar, elektrik hereketlendirijileri we elektron dolandyryş ulgamlary ýaly öň daşary ýurtlardan getirilýän esasy bölekleriň içerki önümçilik arkaly çalşylmagy bilen baglanyşyklydyr. Iýun aýynda eksportyň ýyllyk hasapda 47 göterim ýokarlanmagy soňky iki ýyldaky iň ýokary aýlyk görkeziji boldy. Bu Hytaýyň daşary söwdadaky ornuny yzygiderli güýçlendirýändigini görkezýär.
“CCTV+”-niň habar berlişi ýaly, Hytaýyň awtoulag senagatynyň daşary ýurt bazarlaryndaky üstünlikleri eýýäm pudaklaýyn forumlaryň esasy meseleleriniň birine öwrüldi. Täze modelleriň önümçilige göýberilmegi we daşary ýurtlardaky önümçilik kuwwatlarynyň, şol sanda Ýewropada we Günorta-Gündogar Aziýada gurnama zawodlarynyň giňeldilmegi netijesinde geljekde eksportyň has-da artmagyna garaşylýar.







