Medeni mirasa ýugrulan milli tagamlar köpleriň söýgüsini gazanýar

Hytaýyň dürli künjeklerinde muzeýleriň naharhanalary öz myhmanlaryna gadymy medeniýetiň mirasyna ýugrulyp taýýarlanan milli tagamlary hödürleýärler, bu bolsa aşpezlik tejribelerini taryhy bilim bilen utgaşdyrmak arkaly naharhanalara medeni gözellik berýär. Tagamyny dadyp bolýan bu medeni miras naharlary köpleri özüne çekýär we tutuş ýurt boýunça raýatlary syýahat etmeklige höweslendirýär.
Hebeý welaýatyndaky Hebeý muzeýiniň naharhanasy golaýda “Çangsin köşk çyrasy” atly gadymy çyrany saklap duran köşk hyzmatkäriniň bürünç heýkelinden ylhamlanan täze bir tagamy taýýarlady. Lampa şekilinde buglanan ýumurtgadan taýýarlanan bu tagam, Şisiažuang usulynda sygyr etinden bişirilen aş bilen bilelikde äberilýär. Özboluşly tagamy we gözelligi bolan bu nahary datmaga gelýän myhmanlaryň yzy üzülenok .
Henan welaýatyndaky “Yin harabalyklary” muzeýiniň naharhanasynda “Pal atylýan aşyk ýazgysy” ady bilen taýýarlanan aşly naharyň tagamy köpleriň has-da göwnüne ýarady. Bu nahar pal atmak üçin ulanylýan aşykdaky ýazgy şekilleri goýlan aşlar bilen äberilýär. Dynç we baýramçylyk günleri bu muzeý naharhanasy günde 500-600 adamlyk nahar satýar, bir myhmanyň belleýşi ýaly, bu ýere gelen myhmanlar “bu owadan arzuwlary iýip” hezil edýärler.
Şonuň ýaly-da, Hubei welaýat muzeýiniň naharhanasy, gadymy dabara jaňlary şekilinde taýýarlanan duzlanan ýumurtgaly, Bianžong sygyr etinden bişirilen aşly tagamy hödürleýär. Şeýle täzeçe çemeleşme bilen, myhmanlary diňe bir tagam bilen däl-de, eýsem gadymyýetiň medeni mirasy duýulýan unudylmajak ýatlamalary döretmek arkaly hem adamlary özüne çekmek göz öňünde tutulýandyr. Muzeýiň medeni we döredijilik müdiriniň sözlerine görä, şeýle tagamlar myhmanlara gadymyýete dolanyp, onuň tolgundyryjy mirasyny duýmaga we lezzet almaga mümkinçilik berýändir.







