Hytaý ABŞ-a eksport edilýän uçarmansyz uçuş enjamlary bilen baglanyşykly goşa maksatly önümlere gözegçiligi güýçlendirdi

Awgust 06, 2026 | 19:37 |80
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Parahatçylykly asman üçin döredilen tehnologiýalar geosyýasy oýunda söwdalaşyk serişdesine öwrülende, ýük daşamak ýa-da gözegçilik geçirmek mümkinçiligine eýe bolan uçarmansyz uçuş enjamlary eksport çäklendirmeleriniň merkezine düşende, dünýä «tehnologik garşydaşlyk» döwrüne gadam basýar. Raýat we harby maksatly uçarmansyz uçuş enjamlaryny öndürýän iň iri döwletleriň biri bolan Hytaý 5-nji awgustdan başlap bu önümleriň ABŞ-a iberilişine berk gözegçilik girizýär. Resmi taýdan bu çäre milli howpsuzlygy üpjün etmek we ýaýramazlyk boýunça halkara borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen düşündirilýär. Hakykatda bolsa bu soňky ýyllarda Waşingtonyň şol bir howplary esas edip girizen sanksiýalaryna jogap hökmünde häsiýetlendirilýär. Söwda urşy indi diňe dollar bilen däl, eýsem strategik ähmiýetli tehnologiýalara elýeterlilik bilen hem ölçelýän täze tapgyra geçýär.

Çarşenbe güni Hytaýyň Söwda ministrligi ABŞ-a eksport edilýän, uçarmansyz uçuş enjamlary bilen baglanyşykly goşa maksatly önümlere gözegçiligi güýçlendirmek baradaky çözgüdi yglan etdi. Ministrligiň bellemegine görä, bu çäre milli howpsuzlygy we milli bähbitleri goramak, şeýle hem ýaýramazlyk boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.

Eksport gözegçiligine degişli goşa maksatly önümleriň sanawyna girizilen uçarmansyz uçuş enjamlarynyň, olaryň esasy düzüm bölekleriniň we degişli tehnologiýalaryň ABŞ-a eksporty her bir ýagdaý boýunça aýratyn seljeriler. Şeýle eksport ibermeleri üçin ygtyýarnama almak işini ýönekeýleşdirýän tertipler ulanylmaz. Bu çözgüt 5-nji awgustdan güýje girdi.

Täze çäklendirmeler diňe taýýar uçarmansyz uçuş enjamlaryna däl, eýsem olaryň esasy düzüm böleklerine we degişli tehnologiýalara hem degişlidir. Hytaýyň bu karary soňky döwürde ABŞ tarapyndan girizilen täze çäklendirmelere göni jogap boldy. Waşington soňky wagtda Hytaýa iberilýän öňdebaryjy tehnologiýalara gözegçiligi has-da güýçlendirdi.

Hususan-da, ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasy (FCC) ýakynda daşary ýurtlarda öndürilen käbir uçarmansyz uçuş enjamlarynyň importyny gadagan edýän karary tassyklady. Bu çäre, aslynda, hytaý öndürijilerine garşy gönükdirilen hasaplanýar. Mundan başga-da, Waşington onlarça hytaý kompaniýasyny «gara sanawa» girizip, olary mejbury zähmet bilen baglanyşykly diýip aýyplady.

Muňa jogap hökmünde Pekin diňe eksport çäklendirmelerini girizmek bilen çäklenmän, eýsem amerikan edaralary tarapyndan geçirilýän sertifikatdan soňky zawod barlaglaryny hem wagtlaýyn togtatdy we daşary söwda babatda derňew işine başlady. Hytaýyň Daşary işler ministrligi Waşingtony degişli çäreleri ýatyrmaga hem-de ýüze çykan düşünişmezlikleri dialog arkaly çözmäge çagyrdy. Şeýle hem sanksiýalar has-da güýçlendirilen ýagdaýynda goşmaça garşylyk çäreleriniň görülip bilinjekdigini duýdurdy.

CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, uçarmansyz uçuş enjamlaryna degişli eksport gözegçiliginiň güýçlendirilmegi dünýäniň iň iri iki ykdysadyýetiniň arasyndaky tehnologik garşydaşlygyň nobatdaky tapgyry boldy. Bu ýagdaý ýokary tehnologiýalar babatda ýaraglanma bäsleşiginiň barha «sowuk urşy» ýatladýandygyny, onda bir tarapyň her bir ädiminiň beýleki tarapdan simmetrik jogap bilen garşy alynýandygyny görkezýär.

Beýleki habarlar