Huhhot – dünýäniň süýt paýtagty

Awgust 05, 2026 | 19:00 |86
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň demirgazygyndaky Içerki Mongoliýa awtonom sebitiniň paýtagty Huhhota 2026-njy ýyldaky Bütindünýä süýt senagaty maslahatynda «Dünýäniň süýt paýtagty» diýen hormatly at berildi. Asyrlar boýy çarwalary ekleýän giň sähralar dünýäniň süýt önümçiliginiň merkezine öwrülýär, Hytaýyň “Yili” we “Mengniu” kompaniýalary bolsa bu pudakda dünýä standartlaryny kesgitleýär. Şeýlelikde, dünýäniň esasy süýt öndürýän sebitleri baradaky öňki düşünjeler üýtgeýär. Içerki Mongoliýanyň merkezinde ýerleşýän Huhhota bu derejä tötänden ýetmedi. Şäher baý öri meýdanlaryna, köp asyrlyk maldarçylyk däplerine, ýylda 300 milliard ýuan girdejä, innowasion tehnologiýalara hem-de durnukly ösüşe gönükdirilen uly maksatlara eýedir. Bu at diňe bir üstünlik däl, eýsem Hytaýyň azyk senagatynyň iň möhüm ugurlarynyň biri bolan süýt pudagynda dünýäniň öňdebaryjy ugurlaryny kesgitleýändiginiň nyşanydyr. Bu ugurda ýokary hil, ekologiýa we ylym biri-biri bilen sazlaşykly ösdürilýär.

Ýekşenbe güni tamamlanan iki günlük maslahatda halkara pudaklaýyn birleşikleriň ýolbaşçylary, alymlar we dünýäniň iri süýt kompaniýalarynyň wekilleri ýygnanyp, pudagyň durnukly ösüşiniň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Baý tebigy baýlyklarynyň netijesinde Huhhotda dünýäniň öňdebaryjy iki süýt kompaniýasy bolan “Yili Group” bilen “Mengniu Group”-yň baş edaralary ýerleşýär. 2025-nji ýylda şäheriň süýt senagatynyň umumy girdejisi 300 milliard ýuandan, ýagny takmynan 42 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Halkara azyk ylymlary we tehnologiýasy bileleşiginiň saýlanan prezidenti Pawine Çinaçoti şeýle diýdi: «Huhhotyň örän uly mümkinçilikleri we baý tebigy serişdeleri bar. Bu şäher diňe bir süýt önümçiliginiň däl, eýsem innowasiýalaryň hem dünýä merkezi bolup biler. Şeýle-de ol durnukly ösüşi üpjün etmek, uglerod zyňyndylaryny azaltmak we sarp edijiler üçin möhüm bolan beýleki meseleleri çözmek boýunça öňdebaryjy orun eýeläp biler. Huhhot we onuň süýt senagaty hakykatdanam uly ösüş gazandy we bu üstünlige mynasypdyr». Halkara süýt federasiýasynyň baş direktory Lorans Rihen bolsa: «Bu meniň ilkinji gezek Huhhota gelişim. Bu ýerde ýaşyl öri meýdanlaryny we ýagşy görýärin. Hut şular hem ýokary hilli süýdüň gözbaşydyr. Häzirki wagtda dünýä süýt pudagy köp kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Emma bu ýerde uly ösüş, innowasiýa, täze tehnologiýalar we ylmy gözlegler alnyp barylýar. “Yili” bilen “Mengniu” kompaniýalarynyň bu ugurdaky işleri hakykatdanam täsir galdyrýar» diýip belledi.

Şeýle hem dünýä belli “Fonterra” we “Tetra Pak” kompaniýalarynyň wekilleri serhetüsti hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrenmek üçin Huhhota geldiler. “Fonterra” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Piter MakBraýd: «Hytaýyň süýt senagaty örän uly ösüş gazandy. Häzirki wagtda ol diňe bir dünýäniň iň uly süýt bazarlarynyň biri bolman, eýsem innowasiýalaryň we pudakdaky öňdebaryjy tejribeleriň möhüm merkezine öwrüldi. Hytaýda sagdyn iýmitlenmäge bolan isleg artýar, şol bir wagtyň özünde uglerod zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen durnukly ösüş maksatlaryna hem uly üns berilýär. Ýokary hilli süýt önümleri bu iki ugur üçin hem örän möhümdir» diýip aýtdy.

Içerki Mongoliýa gadymdan bäri maldarçylyk bilen tanalýar. Sebitiň paýtagty Huhhot bolsa süýt gaýtadan işleýän iri merkeze öwrüldi. Häzirki wagtda dünýäniň iň iri on süýt kompaniýasynyň hataryna girýän “Yili” we “Mengniu” kompaniýalarynyň üstünlikleri köp ýyllaryň dowamynda ylmy gözleglere, awtomatlaşdyrma we hil gözegçiligine goýlan maýa goýumlarynyň netijesidir. «Dünýäniň süýt paýtagty» diýen halkara derejesindäki at Hytaýyň süýt önümleriniň eksportyny giňeltmek we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şol bir wagtyň özünde ekologiýa meselesi hem möhüm ugur bolup durýar. Kompaniýalar eýýäm metan zyňyndylaryny azaltmak we fermalarda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak boýunça maksatnamalary durmuşa geçirýärler. Huhhotda geçirilen maslahat süýt pudagynyň geljeginiň durnukly ösüş bilen baglanyşyklydygyny, ykdysady netijelilik bilen tebigaty goramagyň biri-birine garşy gelmeýändigini ýene bir gezek görkezdi.

“CCTV+”-niň habar bermegine görä, Huhhota «Dünýäniň süýt paýtagty» derejesiniň berilmegi diňe bir onuň baý taryhyna berlen hormat bolman, eýsem hytaý öndürijileriniň dünýäde hil, innowasiýa we ekologiýa jogapkärçiligi boýunça öňdebaryjy orny eýelemäge taýýardygyny görkezýär.

Beýleki habarlar