Hytaýyň “Xpeng” kompaniýasy Ysraýylyň elektromobil bazarynda öňdebaryjy boldy

Awgust 04, 2026 | 22:50 |65
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Ysraýylyň awtoulag import edijileriniň assosiasiýasynyň ýekşenbe güni çap eden maglumatlaryna görä, Hytaýyň “XPeng Motors” kompaniýasy 2026-njy ýylyň ilkinji ýedi aýynda elektromobil (EV) bazarynda iň köp satuwy amala aşyran öndüriji boldy. Bu döwürde kompaniýa 3 503 elektromobili satdy. Dünýäniň iri awtoulag öndürijileri bazardaky ornuny onlarça ýylyň dowamynda berkitse-de, hytaý kompaniýalary soňky ýyllarda bu ugurda täze ösüş depginini emele getirdi. Bir wagtlar bazaryň täze gatnaşyjysy hökmünde kabul edilen “Xpeng” häzirki wagtda Ýakyn Gündogaryň tehnologik taýdan ösen bazarlarynyň biri bolan Ysraýylda öňdebaryjy orunlary eýeleýär. Bilermenleriň pikirine görä, bu üstünlik tötänleýin däl. Hytaý öndürijileri amatly baha, ýokary hil we innowasion tehnologiýalaryň utgaşygyny hödürlemek bilen, elektromobilleriň gündelik ulag serişdesine öwrülen bazarynda sarp edijileriň islegini kanagatlandyrmagy başardylar. Şeýlelikde, Ysraýyl bazary dünýä awtoulag senagatynda ösüş merkeziniň kem-kemden Gündogara geçýändigini görkezýän nobatdaky mysallaryň biri boldy.

Ysraýylda “Xpeng” kompaniýasynyň modeliniň hataryna “G6” we “G9” orta göwrümli elektrik krossowerleri, “P7” biznes derejeli sedany hem-de “X9” ýedi orunlyk ýokary derejeli miniweni girýär. Amerikanyň “Tesla” kompaniýasy 3162 sany ulagy satyp ikinji orny eýeledi. Onuň yzyndan bolsa 2318 awtoulag satan Hytaýyň “Changan Automobile” kompaniýasy ýerleşdi. Ýylyň ilkinji ýedi aýynyň jemleri boýunça hytaý brendleri Ysraýylyň elektromobil bazarynda 70 göterimden gowrak paý bilen öňdebaryjy orny eýelediler. Benzinli, gibrid we elektrik ulaglaryny öz içine alýan umumy awtoulag bazarynda hem hytaý öndürijileri 90206 sany elektromobili satyp birinji orny eýelediler. Olaryň yzyndan 32728 awtoulag bilen Günorta Koreýa, 20981 awtoulag bilen bolsa ýapon öndürijileri orun aldy. Aýry-aýry brendleriň arasynda Hytaýyň “Chery” kompaniýasy 46542 satylan awtoulag bilen bazaryň lideri boldy. Ondan soň Ýaponiýanyň “Toyota” kompaniýasy 19028, Günorta Koreýanyň “Hyundai” kompaniýasy bolsa 18023 satylan awtoulag bilen indiki orunlary eýelediler.

Ysraýyl — dünýäde elektromobil bazary iň çalt ösýän ýurtlaryň biridir. Ýurtda hökümet salgyt ýeňilliklerini hödürlemek we zarýad beriş infrastrukturasyny giňeltmek arkaly ekologiýa taýdan arassa ulaglara geçmegi işjeň goldaýar. Soňky ýyllarda “XPeng”, “BYD” “Geely” we “Chery” ýaly hytaý awtoulag öndürijileri bu bazarda işjeň orun alyp başladylar. Olar dürli görnüşli modelleri we bäsdeşlige ukyply bahalary hödürlemek arkaly sarp edijileriň ünsüni çekýärler. “XPeng” bilen “Chery” kompaniýalarynyň gazanan netijeleri hytaý öndürijileriniň diňe bir elektromobil pudagynda däl, eýsem adaty awtoulag bazarynda hem bäsdeşlik ukybyny barha güýçlendirýändigini görkezýär. Şeýle hem olar bu sebitde uzak ýyllaryň dowamynda öňdebaryjy bolan ýapon we günorta koreý brendleri bilen üstünlikli bäsleşýärler.

“CCTV+”niň habar bermegine görä, hytaý awtoulag brendleriniň Ysraýyl bazaryndaky ynamly öňdebaryjylygy dünýä bazaryndaky täze meýli tassyklaýar. Ýokary hil, döwrebap tehnologiýalar we netijeli ösüş strategiýasy hytaý awtoulaglaryny dünýäniň iň talapkär bazarlarynda hem isleg bildirilýän önümlere öwürýär. Bu üstünlik Hytaýyň dünýä awtoulag senagatyndaky ornuny has-da pugtalandyrýar.


Beýleki habarlar