«Taýpinlin» atom elektrik stansiýasynyň ikinji energiýa blogy işe girizildi

Duşenbe güni Hytaýyň Günorta bölegindäki Guandun welaýatynyň Hueýçžou şäherinde ýerleşýän Hytaýyň Baş atom energetika topary kompaniýasyna degişli «Taýpinlin» atom elektrik stansiýasynyň ikinji energiýa blogy resmi taýdan ulanmaga berildi. Hytaýly inženerler tarapyndan işlenip taýýarlanan üçünji nesil ýadro reaktorynyň ilkinji gezek millionlarça hojalygy elektrik energiýasy bilen üpjün edip başlamagy diňe bir tehnologik sepgit däl, eýsem ýurduň bu ugurdaky öňdebaryjy ornuny berkitmäge gönükdirilen möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirilýär. «Hualun-1» reaktorlary bilen enjamlaşdyrylan «Taýpinlin» atom elektrik stansiýasy Hytaýyň inženerçilik mümkinçilikleriniň ýokary derejesiniň nyşany bolmak bilen bir hatarda, howanyň üýtgemegi bilen bagly wezipeleri çözmäge gönükdirilen amaly taslamalaryň biridir. Guandun–Gonkong–Makao Uly aýlag sebitinde elektrik energiýasyna bolan islegiň ýokary depginde artýan şertlerinde, ygtybarly we arassa ýadro energetikasy durnukly ösüşiň möhüm daýanjyna öwrülýär. Bu stansiýada öndürilýän her bir kilowat-sagat elektrik energiýasy uglerod bitaraplygyna ýetmek, gazylyp alynýan ýangyç çeşmelerine garaşlylygy azaltmak hem-de Hytaýyň parahatçylykly atom energiýasy pudagyndaky ornuny has-da berkitmek ugrunda möhüm ädim hökmünde baha berilýär.
Şeýlelikde, Hytaýyň günortasyndaky Guandun–Gonkong–Makao Uly aýlag şäherler toparynda ýurtda ilkinji gezek gurlan «Hualun-1» kysymly atom elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň birinji tapgyry tamamlandy. Täze energiýa blogynda Hytaýda işlenip taýýarlanan üçünji nesil «Hualun-1» ýadro reaktory ulanylýar. Onuň esasy enjamlarynyň 90 göterimden gowragy ýurduň özünde öndürildi, energiýa blogynyň taslama kuwwaty bolsa 1200 megawata deňdir. «Gurluşygyň birinji tapgyry doly tamamlanandan soň, iki energiýa blogynyň ýylda 18 milliard kilowat-sagatdan gowrak elektrik energiýasyny öndürmegine garaşylýar. Bu möçber senagat we ilatyň elektrik energiýasyna bolan islegini takmynan iki million adam üçin üpjün etmäge ýeterlikdir. Taslama Hytaýyň energetika kuwwatyny pugtalandyrmaga, Guandun welaýatynda energetika özgertmelerini ilerletmäge hem-de Uly aýlag sebitiniň ekologiýa taýdan arassa, pes uglerodly we ýokary hilli ösüşi üçin ýadro energetikasyna esaslanýan ygtybarly elektrik üpjünçiligini döretmäge uly goşant goşar» diýip, «Taýpinlin» atom elektrik stansiýasy taslamasynyň ýolbaşçysy Çžan Gosýan aýtdy. Geljekde bu atom energetika toplumynda «Hualun-1» kysymly alty reaktor bloguny ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Ähli alty bloguň gurluşygy tamamlanandan soň, stansiýa ýylda takmynan 55 milliard kilowat-sagat arassa elektrik energiýasyny öndürmäge ukyply bolar. Bu bolsa her ýyl takmynan 16,52 million tonna kömüriň sarp edilmegini azaltmaga we kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny 50,82 million tonna golaý kemeltmäge mümkinçilik berer. «Indiki tapgyrda biz ulanyş we tehniki hyzmat toparlary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, energiýa bloglarynyň ulgamlaryna we enjamlaryna gözegçiligi hem-de barlaglary has-da güýçlendireris. Şeýle hem ýadro howpsuzlygyny üpjün etmek we “Taýpinlin” taslamasynyň birinji tapgyryndaky iki energiýa blogunyň ygtybarly hem-de durnukly işlemegini kepillendirmek ugrunda işleri dowam etdireris» diýip, “CGN Huizhou Nuclear Power Co., Ltd.” kompaniýasynyň ulanyş bölüminiň işgäri Li Weý aýtdy.
«Taýpinlin» atom elektrik stansiýasy Hytaýyň ýadro energetikasyny ösdürmek boýunça döwlet strategiýasynyň esasy taslamalarynyň biridir. «Hualun-1» reaktory bolsa Hytaýyň Baş atom energetika korporasiýasynyň esasy işläp taýýarlamasy bolup, ýokary howpsuzlyk ülňülerine eýe bolan üçünji nesil ýadro reaktory hökmünde halkara derejesinde ykrar edildi. Stansiýanyň birinji energiýa blogy mundan ozal ulanmaga berlipdi. Ikinji bloguň işe girizilmegi bilen taslamanyň birinji tapgyry doly tamamlandy. Alty bloguň ählisi ulanmaga berlenden soň, «Taýpinlin» sebitdäki iň iri atom energetika toplumlarynyň birine öwrüler. Şeýle hem ol Hytaýyň 2030-njy ýyla çenli uglerod zyňyndylarynyň iň ýokary derejesine ýetmek we 2060-njy ýyla çenli uglerod bitaraplygyny gazanmak boýunça milli maksatlaryna ýetmegine möhüm goşant goşar. Hytaýyň iň kuwwatly ykdysady sebitleriniň biri bolan Guandun welaýaty arassa energiýa bolan islegi ýokary bolan sebitdir. Şunuň bilen baglylykda, «Taýpinlin» atom elektrik stansiýasy bu geçiş döwründe ygtybarly energiýa çeşmeleriniň biri bolar.
“CCTV+”-niň agentliginiň habar bermegine görä, «Taýpinlin» atom elektrik stansiýasynyň ikinji energiýa blogunyň ulanmaga berilmegi Hytaýyň dünýä derejesindäki öz milli ýadro tehnologiýalaryny döretmek ugrunda ynamly öňe barýandygyny tassyklaýar. Şeýlelikde, her bir täze reaktor diňe bir elektrik energiýasynyň däl, eýsem ýurduň tehnologik garaşsyzlygynyň hem möhüm nyşany bolup durýar.







