Şanhaýda emeli intelektiň geljegi döredilýär

Dekabr 01, 2025 | 20:45 |71
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Şanhaý şäheri Emeli intellekt ugrunda innowasiýalaryň öňdebaryjy halkara merkezi hökmünde öz ornuny berkidýär. Bu ýerde 300 000-e golaý emeli intellekt hünärmenleri zähmet çekýär, bu görkeziji ýurduň bu ulgamdaky hünärmenleriniň sanynyň takmynan üçden bir bölegini düzýändir.

Şanhaýyň model innowasiýa merkezi - bu megapolisiň innowasion mümkinçiliginiň aýdyň mysalydyr. Bu merkez Şanhaýyň Suhuei etrabynda ýerleşip, 100-den gowrak kärhanany öz içine alýandyr hem-de täze kiçi kärhanalary döredýän we olaryň bazara çalt girmegine ýardam berýän iri model inkubatory bolup hyzmat edýär.

Täze açylan kompaniýalaryň arasynda, uly emeli intelekt modellerini adaty kärhanalaryň işgärleriniň kömekçilerine öwürmäge kömek edýän COOL AI kompaniýasy hem bar.

“Biz dürli pudaklardaky kärhanalara özleriniň iş ýerlerinde iň täze emeli intellekt modellerini we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmaklyga ýardam berýäris”. Iki - üç adam ýüz sahypalyk tender resminamasyny bir hepdede taýýarlap bilýär, emma emeli intelektiň kömegi bilen şol bir resdminamany bary-ýogy 60 ýa-da 70 sekuntda işläp, taýýarlap bolýar” diýip, COOL AI kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş direktory Žan Siawei aýdýar.

Başga ýerlerden goşmaça serişde gözlemegiň zerurlygy bolmansoň, bu toplumdaky kärhanalar has çalt depginde ylmy-barlag we işläp taýýarlamak işlerinden, şeýle hem bazarda bolup geçýän üýtgeşmelere laýyklykda has çalt hereket etmek mümkinçiliginden peýdalanýarlar.

Häzirki wagtda Şanhaýyň model innowasiýa merkezindäki köp sanly täze kompaniýalar diňe bir içerki bazarda giňelmek bilen çäklenmän, eýsem halkara derejesinde hem orunlaryny berkidýärler.

Şanhaý şäheri bilim, ylym, tehnologiýa we zehin babatynda öz artykmaçlyklaryndan peýdalanmak bilen, Hytaýda ylmy innowasiýa we “akylly” önümçilik ugrunda itergi beriji güýçdir, we innowasion özgertmelerde dünýä derejesinde hem öňdebaryjylygy eýelemäge çalyşýar.

Beýleki habarlar