Hytaýyň emeli aňly «akylly» äýnekleri dünýä bazaryny eýeleýär: 2025-nji ýylda satuw 87,1 göterim ýokarlanyp, 2,46 milliona ýetdi

Awgust 04, 2026 | 22:45 |64
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň emeli aňly «akylly» äýnekleri dünýä bazarynda barha giňden ýaýraýar. 2025-nji ýylda olaryň satuwy 87,1 göterim ýokarlanyp, iberilen enjamlaryň sany 2,46 milliona ýetdi. Adaty äýnek göterip bolýan superkompýutere öwrülende, ol gepleşigi terjime etmäge, ugur görkezmäge we eliň hereketi bilen surat almaga ukyply bolýar. Şeýle tehnologiýalar adamyň gündelik durmuşynda emeli aň bilen özara gatnaşygynyň täze tapgyryny emele getirýär. Hytaýyň «akylly» äýnekleri dünýä bazaryny çalt depginde eýeläp, geýilýän emeli aň enjamlary pudagynda ýurduň barha güýçlenýän ornuny görkezýär. Bir ýylyň dowamynda 2,46 million enjamyň bazara iberilmegi diňe bir statistiki görkeziji däl, eýsem şahsy emeli aň eýýamynyň başlanandygyny alamatlandyrýar. Bu täze nesil enjamlar daşyndan adaty äýnek ýaly görünse-de, olaryň içinde ýokary hasaplaýyş mümkinçiliklerine eýe bolan kuwwatly tehnologiýalar ýerleşdirilendir. Smartfonlaryň we elektromobilleriň önümçiliginde dünýä liderleriniň birine öwrülen Hytaý indi geýilýän elektronika bazarynda hem täze kadalary emele getirýär. Bilermenleriň çaklamagyna görä, ýakyn ýyllarda şeýle enjamlar hem akylly sagatlar ýaly gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülip biler.

2025-nji ýylda Hytaý 2,46 million sany «akylly» äýnegi bazara çykardy. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 87,1 göterim ýokarydyr. “International Data Corporation” (IDC) kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, dünýä bazaryna iberilen «akylly» äýnekleriň 23 göterimi hytaý brendleriniň paýyna düşýär. Pudagyň öňdebaryjy wekilleri bu ösüşe diňe bir statistiki görkeziji hökmünde däl, eýsem emeli aň tehnologiýalarynyň geljeginiň möhüm alamaty hökmünde garaýarlar. “Rokid” kompaniýasyny esaslandyryjy Çžu Minminiň pikirine görä, «akylly» äýnekler ýakyn ýyllarda adaty ulanyjylar üçin emeli aňyň esasy enjamyna öwrüler. «Akylly ýa-da emeli aňly äýnekler emeli aň eýýamynda ahyrky ulanyjylar üçin iň köp ulanylýan enjam bolar. Şol sebäpli olaryň meşhurlygynyň barha artjakdygyna ynanýaryn. Meniň pikirimçe, ýakyn üç-bäş ýylyň dowamynda hemmeler diýen ýaly emeli aňly äýnek geýer» diýip, goşmaça hakykat (AR) we emeli aň enjamlaryny öndürmäge ýöriteleşen Hançžou şäherindäki “Rokid” tehnologiýa kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş direktory Çžu Minmin aýtdy. Köpugurly emeli aň tehnologiýalarynyň ösmegi «akylly» äýnekleriň mümkinçiliklerini ep-esli giňeltdi. Häzirki wagtda olar terjime etmek, nawigasiýa, bellikleri ýazga almak, surata düşürmek, güýmenje we hakyky wagt tertibinde kömek bermek ýaly wezipeleri ýerine ýetirýär. Has baý wizual tejribäni talap edýän ýagdaýlarda bolsa, goşmaça hakykat (AR) ýa-da emeli aň bilen utgaşdyrylan äýnekleri işlemek, dynç almak, aragatnaşyk saklamak we giňişlik hasaplamalary üçin täze mümkinçilikleri açýar. «Bu önüm biziň häzirki ýokary derejeli “Xreal One Pro” görnüşimizdir, ondan aşakdaky hatarda bolsa “Xreal One S” ýerleşýär. Iki önüm hem özümiz tarapyndan işlenip taýýarlanan optiki modul tehnologiýasyna esaslanýar we, mundan başga-da, giňişlik hasaplamalary üçin niýetlenen ýörite çibi hem özünde jemleýär» diýip, “Xreal” kompaniýasynyň marketing boýunça direktory Ýan Şisi aýtdy.

Hytaýyň «akylly» äýnekler senagaty ygtybarly tehniki binýady döretdi. Häzirki wagtda has ýeňil gurluşlar we emeli aň tehnologiýalary bu enjamlaryň esasy aýratynlygyna öwrüldi. Tehnologiýa pudagynyň täsirli wekilleriniň biriniň bellemegine görä, «akylly» äýnekleriň dürli görnüşleriniň peýda bolmagy bu pudagyň geljegini kesgitleýär. «XR äýnekleri, AR äýnekleri, emeli aňly äýnekler we garyşyk hakykat (MR) äýnekleri ýaly dürli görnüşler bar. Bularyň her biri düýbünden tapawutly bolup, dürli ýagdaýlarda ulanylýar. Meniň pikirimçe, emeli aň köp sanly brendi täze çözgütleri döretmäge itergi berdi. Hut şu ugur geljegi kesgitleýär» diýip, tehnologiýa pudagynyň wekili Wan Hunçen aýtdy.

Hytaý dünýäde optika we elektronika önümleriniň iň iri öndürijileriniň biridir. Bu bolsa «akylly» äýnekler pudagynyň ösdürilmegi üçin ygtybarly binýady emele getirýär. “Rokid” we “Xreal” ýaly öňdebaryjy kompaniýalar enjamlary has ýeňil, elýeterli we köpugurly etmek maksady bilen ylmy-barlag hem-de işläp taýýarlamak işlerine işjeň maýa goýýarlar. Teksti, şekilleri we ses maglumatlaryny bir wagtda gaýtadan işlemäge ukyply köpugurly emeli aň modelleri «akylly» äýnekleriň mümkinçiliklerini ep-esli giňeldýär. Şonuň netijesinde olar sinhron terjimeden başlap, dürli obýektleri tanamaga çenli has çylşyrymly wezipeleri ýerine ýetirip bilýär. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, dünýäniň «akylly» äýnekler bazary iki sanly ösüş depginini saklar. Hytaý bolsa önümçilik zynjyrynyň kämilligi we innowasion mümkinçilikleriniň hasabyna bu ugurda öňdebaryjy ornuny has-da pugtalandyrar. Giňişlik hasaplamalaryna niýetlenen çipleriň peýda bolmagy we goşmaça hakykat (AR) tehnologiýalarynyň ösmegi bu enjamlaryň bilimden başlap, telemedisina çenli dürli ulgamlarda ulanylyş mümkinçiliklerini giňeldýär.

“CCTV+”-niň habar bermegine görä, Hytaýyň «akylly» äýnekleri ýurduň diňe bir ýokary tehnologiýalar pudagynda dünýäniň öňdebaryjylaryny ýetip almak bilen çäklenmän, eýsem täze ösüş ugurlaryny hem kesgitleýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Şeýle hem emeli aňly geýilýän enjamlaryň köpçülikleýin ornaşdyrylmagy ýakyn ýyllarda millionlarça adamyň gündelik durmuşyny düýpli özgertmäge ukyply hasaplanýar.

Beýleki habarlar