Hytaýyň dürli sebitlerinde güýçli ýagyşlar we suw joşmalary dowam edýär

Hytaýyň birnäçe sebitinde dowam edýän güýçli ýagyşlar we suw joşmalary adatdan daşary ýagdaýlara sebäp boldy. Ýurduň demirgazyk-gündogaryndan başlap günorta-günbataryna çenli ýerli häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý tertibini girizýär, ilaty howpsuz ýerlere göçürýär we bentleri berkitmek boýunça çäreleri güýçlendirýär.
Demirgazyk-gündogardaky Szilin welaýatynyň paýtagty Çançun şäherinde şenbe güni agşam güýçli konwektiw howa hadysalary hasaba alyndy. Bir sagadyň dowamynda ýagynyň mukdary 32,2 millimetre ýetip, şäheriň käbir etraplaryny suw basdy. Welaýatyň meteorologiýa gullugy ýyldyrymly ýagyşlar we güýçli şemallar barada duýduryş berdi. Şeýle hem ýaşaýyş jaý gurluşygy we şäher ösüşi edaralary bilen bilelikde güýçli ýagyşlar we suw basmak howpy sebäpli sary derejeli duýduryş yglan edildi. Mundan başga-da, welaýatyň degişli edaralary duýdansyz suw joşmalary barada hem ilaty habarly etdi.
Iki gün ozal suw joşmasyndan zyýan çeken Wansin etrabynda täze suw joşmalarynyň döremek howpunyň ýokary bolandygy sebäpli, adatdan daşary ýagdaýlara garşy hereket derejesi IV derejeden III derejä çenli ýokarlandyryldy. Ýokary töwekgelçilikli sekiz şäherçäniň 93 obasyndan 8 375 ýaşaýjy howpsuz ýerlere göçürildi. Şeýle hem ejiz bent bölekleri çäge we çagyl haltalary bilen berkidildi.
Demirgazyk-gündogardaky Heýlunszýan welaýatynyň Haýlin şäherinde hem birnäçe günden bäri dowam edýän güýçli ýagyşlar sebäpli pes ýerlerde ýaşaýan ilat göçürildi. Üznüksiz ýagýan ýagyşlar Uhulin derýasynyň suw derejesiniň çalt ýokarlanmagyna getirip, köpriniň konus görnüşli eňňidiniň opurylmagyna sebäp boldy. Ýerli işgärler howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen emele gelen boşlugy daşlar bilen doldurdy.
Demirgazyk-günbatardaky Gansu welaýatynyň Lunnan şäherinde uzak dowam edýän ýagyşlar, gysga wagtlyk güýçli ýagynlar we köp mukdardaky suw ikinji derejeli tebigy betbagtçylyklaryň ýüze çykmak howpuny ýokarlandyrdy. Şäheriň Kansýan etrabynda şenbe güni sagat 16:00 ýagdaýyna görä 6 127 adam 54 wagtlaýyn gaçybatalga göçürildi.
Hytaýyň günorta-günbataryndaky Çunsin şäherinde bolsa Ýuýçžun, Daszu etraplarynda we Lýanszýan täze etrabynda güýçli ýagyşlar sebäpli mämişi derejeli duýduryş yglan edildi. Meteorologiýa gullugy güýçli ýagynlar boýunça howp derejesini mämişi derejä çenli ýokarlandyryp, suw joşmalary bilen bagly IV derejeli adatdan daşary ýagdaý tertibini işe girizdi. Güýçli ýagyşlardan soň şäheriň köp köçelerini suw basdy we suw sowmak hem-de ýerleri arassalamak işleri başlandy.
Howa maglumaty gullugynyň çaklamalaryna görä, güýçli ýagyşlar sişenbe gününe çenli dowam eder we käbir sebitlerde ýagynyň mukdary 150–200 millimetre ýetip biler.
Hytaýda howa hadysalary boýunça duýduryşlaryň dört derejeli reňk ulgamy hereket edýär. Onda gyzyl reňk iň ýokary howp derejesini aňladýar, onuň yzyndan mämişi, sary we gök derejeler gelýär. Şeýle hem geologik betbagtçylyklara garşy dört derejeli täsir ediş ulgamy bolup, I dereje iň ýokary dereje hasaplanýar.
Ýerli häkimiýetler gidrologik gözegçilik nokatlarynda gije-gündiz nobatçylygy güýçlendirdi, halas ediş gulluklary bolsa ýokary taýýarlyk ýagdaýyna geçirildi. Şeýle hem oba hojalyk ýerlerini we energetika desgalaryny goramaga aýratyn üns berilýär.
CCTV+ agentliginiň berýän maglumatyna görä, betbagtçylyk sebitlerinde wagtlaýyn ýerleşdiriş merkezleri döredildi, meýdan aşhanalary we lukmançylyk kömegi ýola goýuldy. Şeýle-de zyýan çeken sebitlere ýurduň merkezi ätiýaçlyk gorlaryndan goşmaça ynsanperwer kömek iberildi.








