Guançžou Baýýun howa menzilinde tomusky ýolagçy akymy artýar

Hytaýyň günortasyndaky Guandun welaýatynda ýerleşýän Guançžou Baýýun halkara howa menzilinde şu tomus girýän we çykýan ýolagçylaryň sany yzygiderli artýar. Munuň esasy sebäbi wizasyz düzgüniň giňeldilmegi hem-de daşary ýurtlara edilýän uçuşlara bolan ýokary islegdir. Serhetler has açyk boldugyça, wizalar päsgelçilik däl-de, diňe resmi talap hökmünde galýar we howa menzilleri dünýä açylýan esasy derwezä öwrülýär.
Günorta Hytaýyň iň iri howa merkezleriniň biri bolan Guançžou Baýýun halkara howa menzili şu tomus halkara syýahatçylygynyň işjeň depgininde işleýär. Bir tarapdan daşary ýurtly syýahatçylar Hytaý bilen tanyşmaga howlugýan bolsalar, beýleki tarapdan hytaýly syýahatçylar täze täsirleri başdan geçirmek üçin daşary ýurtlara ugraýarlar. Hytaý tarapyndan köp ýurt üçin girizilen wizasyz düzgün diňe bir diplomatik ädim bolman, eýsem howa gatnawlarynyň, myhmanhana pudagynyň we bölek satuw söwdasynyň ösmegine itergi berýän möhüm ykdysady güýç boldy. Russiýadan, Malaýziýadan we Awstraliýadan gelen ýolagçylar geliş zallaryny doldurýan mahaly, serhet gulluklarynyň «ýeke-täk penjire» ulgamyny ornaşdyrmagy Hytaýyň açyklyk syýasatynyň üstünlikli netije berýändigini görkezýär.
Iýul aýynda howa menziliniň serhet gulluklary 1,65 milliondan gowrak gelýän we gidýän ýolagça hem-de 10 müňden gowrak gelýän we uçup gidýän gatnawa hyzmat etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýolagçy sany boýunça 13,8 göterim, gatnawlar boýunça bolsa 17 göterim artdy. Gelýän ýolagçylaryň sany 790 müň adama ýetdi. Esasy gelýän ýurtlar Russiýa, Malaýziýa we Awstraliýa boldy.
Daşary ýurtly syýahatçy Abdulwahab Ýusuf:
«Wizasyz düzgün gysga möhletli dynç alyş üçin örän amatly. Biz birnäçe gün Guançžouda bolup, soňra Çunsine gitmegi meýilleşdirýäris» diýip aýtdy.
Ýolagçy akymynyň artmagy sebäpli serhet gulluklary barlag işlerini çalt we bökdençsiz geçirmek üçin birnäçe döwrebaplaşdyryş çärelerini amala aşyrdy.
Howa menziliniň serhet gözegçilik bölüminiň işgäri Szen Linýun şeýle diýdi:
«Ýaşuly adamlar we çagalar ýaly aýratyn toparlara ileri tutulýan gözegçilik we ýörite kömek hödürleýäris. Mundan başga-da, wagtlaýyn giriş rugsatlaryny bermek hem-de giriş resminamalaryny resmileşdirmek üçin “ýeke-täk penjire” ulgamyny ornaşdyrdyk. Şeýle hem gümrük maglumatlaryny has çalt ýygnamak maksady bilen hasaba alyş nokatlarynyň sany köpeldildi».
Guançžou Baýýun howa menzilindäki ýolagçy akymynyň artmagy tutuş ýurt boýunça emele gelen umumy ösüş meýlini görkezýär. Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda Hytaýa gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iki essä golaý artdy. Munuň esasy sebäbi wizasyz üstaşyr syýasaty we 50-den gowrak ýurduň raýatlary üçin wizasyz giriş mümkinçiliginiň giňeldilmegi boldy.
Ýurduň günortasyndaky iň iri howa merkezi bolan Guançžou howa menzili ýolagçy akymynyň artmagyna laýyklykda infrastrukturasyny işjeň döwrebaplaşdyrýar. Biometrik terminallar, nobatlary akylly dolandyrmak ulgamlary we beýleki sanly çözgütler ornaşdyrylýar. Tomusky iň ýokary ýolagçy möwsüminiň sentýabr aýyna çenli dowam etmegine garaşylýar. Awiakompaniýalar bolsa meşhur ugurlar boýunça goşmaça gatnawalary ýola goýdylar.
"CCTV+"-niň habaryna görä, Guançžou Baýýun howa menzilindäki durnukly iki taraplaýyn ýolagçy akymy Hytaýyň açyklyk syýasatynyň diňe resminamalarda däl, eýsem hakyky durmuşda hem netijeli işleýändigini görkezýär. Pasport gözegçiliginden geçýän her bir ýolagçy dünýäniň Hytaýa bolan ynamynyň we gyzyklanmasynyň aýdyň subutnamasydyr.







