Hytaý milli goranyşy we Ýaragly Güýçleri ýokary hilli döwrebaplaşdyrmagy çaltlandyrmaga çagyrdy

Döwrebap ýaragly güýçleriň ösüşi diňe harby tehnikany kämilleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem dolandyryş ulgamyny toplumlaýyn täzelemegi, işgärleri taýýarlamagy hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy hem talap edýär. Howpsuzlyk ulgamynda bolup geçýän çalt üýtgeşmeleriň şertlerinde goşuny döwrebaplaşdyrmak döwletiň uzak möhletleýin ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garalýar.
Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary Si Szinpin milli goranyşyň we Ýaragly Güýçleriň ýokary hilli döwrebaplaşdyrylmagyny ilerletmek üçin syýasy ýolbaşçylygy güýçlendirmäge hem-de innowasion ösüşi çuňlaşdyrmaga çagyrdy. Degişli beýanaty ol HKP MK-nyň Syýasat býurosynyň iş toparynyň mejlisine başlyklyk edende aýtdy.
Şol bir wagtyň özünde Merkezi Harby Geňeşiň başlygy hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bolup durýan Si Szinpin 2027-nji ýylda Hytaýyň Halk Azat ediş Goşunynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli öňde goýlan maksatlara ýetmegiň, milli goranyşy we Ýaragly Güýçleri döwrebaplaşdyrmakda aýgytly ösüş gazanmagyň zerurdygyny nygtady. Onuň sözlerine görä, bu güýçli döwleti gurmak we hytaý görnüşindäki döwrebaplaşdyrmany ilerletmek üçin möhüm strategik daýanç bolar.
Mejlis Hytaýyň Halk Azat ediş Goşunynyň döredilen gününiň öňüsyrasynda geçirildi. Bu baýram her ýylyň 1-nji awgustynda bellenilýär. Si Szinpin Hytaý Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň we Merkezi Harby Geňeşiň adyndan Hytaýyň Halk Azat ediş Goşunynyň harby gullukçylaryny, Halk ýaragly polisiýasynyň işgärlerini, goşunyň raýat işgärlerini, şeýle hem ätiýaçlykdaky harby gullukçylary we halk meýletin goşunynyň agzalaryny hünär baýramy bilen gutlady.
Mejlisiň dowamynda Merkezi Harby Geňeşiň Strategik meýilleşdiriş bölüminiň wekili Sun Çžen Ýaragly Güýçleri mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak meselelerine bagyşlanan hasabat bilen çykyş etdi. Ara alnyp maslahatlaşmalardan soň Si Szinpin 2012-nji ýylda geçirilen HKP-nyň XVIII gurultaýyndan bäri Hytaýyň Halk Azat ediş Goşunynyň döwrebaplaşdyrylyş derejesiniň we söweşjeň taýýarlygynyň ep-esli ýokarlanandygyny, döwrebap goşuny gurmakda taryhy netijeleriň gazanylandygyny aýtdy.
Onuň sözlerine görä, aýratyn üns partiýanyň Ýaragly Güýçleriň üstünden doly ýolbaşçylygyny pugtalandyrmaga, syýasy tertip-düzgüni berkitmäge, korrupsiýa garşy göreşi güýçlendirmäge we iri taslamalaryň durmuşa geçirilişine gözegçilik mehanizmlerini kämilleşdirmäge gönükdirilmelidir.
Si Szinpin şeýle hem uçarmansyz intellektual tehnologiýalary has işjeň ornaşdyrmaga, torlaýyn maglumat ulgamlaryny ösdürmäge we yzygiderli ýagdaýda intellektual harby ulgamy kemala getirmäge çagyrdy. Şeýle hem ol söweş taýýarlygy ulgamyny kämilleşdirmegiň, toplumlaýyn synaglary geçirmegiň we söweş mümkinçiliklerine baha bermegiň döwletiň özygtyýarlylygyny, howpsuzlygyny hem-de ösüş bähbitlerini netijeli goramak üçin zerurdygyny belledi.
Mundan başga-da, döwlet Baştutany bitewi milli strategik ulgamy berkitmäge, harby dolandyryş mehanizmlerini kämilleşdirmäge we degişli institutlaryň işini has netijeli guramaga çagyrdy. Şeýle hem ol merkezi döwlet edaralarynyň, ýerli partiýa komitetleriniň we häkimiýet edaralarynyň milli goranyşyň ösüşini işjeň goldamalydygyny hem-de Ýaragly Güýçleriň döwrebaplaşdyrylmagy üçin amatly şertleri döretmelidigini nygtady.
Hytaýyň Halk Azat ediş Goşuny 1927-nji ýylyň 1-nji awgustynda döredildi. Onuň 2027-nji ýylda belleniljek 100 ýyllyk ýubileýine çenli ýurduň ýolbaşçylygy Ýaragly Güýçleri döwrebaplaşdyrmak boýunça esasy netijeleri gazanmagy, muny bolsa hytaý görnüşindäki döwrebaplaşdyrmagyň iň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi.
CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, Si Szinpin milli goranyşyň we Ýaragly Güýçleriň ýokary hilli döwrebaplaşdyrylmagyny mundan beýläk hem ýokarlandyrmagyň ýurduň uzak möhletleýin ösüşi üçin ygtybarly strategik goldawy üpjün etmelidigini nygtady.







