Halkara kibersport federasiýasynyň (IESF) prezidenti: Hytaý global kibersportunda möhüm rol oýnaýar

Dekabr 01, 2025 | 20:45 |76
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Halkara kibersport federasiýasynyň (IESF) prezidenti şazada Feýsal bin Bandar bin Sultan Al Saudyň Pekinde geçirilen we rekord goýan ýaryşda aýtmagyna görä, Hytaý döwleti saýlama oýunçylary çekmek we öz täsirini giňeltmek bilen halkara standartlaryny kesgitläp, kibersportda dünýä möçberli güýç merkezine öwrüldi.

Noýabr aýynyň başynda Pekinde “Guş höwürtgesi” ady bilen meşhur bolan Milli stadionda, “Honor of Kings Pro League” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi we bu çärä 62000-den gowrak janköýerler ýygnandy, bu bolsa bir kibersport çäresine gatnaşan tomaşaçylaryň hasaba alnan iň köp sanydyr.

Al Saud “China Global Television Network (CGTN)” telekanalynyň wekili bilen geçiren söhbetdeşliginde, Hytaýyň dünýä kibersportyndaky artýan täsirini we onuň ýokary derejeli ussat oýunçylarynyň şowly çykyşlaryny öwgüli sözler bilen beýan etdi.

“Hytaý dünýä ekoulgamynyň esasy oýunçysydyr. Hytaýly ýa-da koreýaly oýunçynyň gatnaşmadyk ýaryşyny tapmak kyndyr. Hytaýly oýunçylary kibersportda dünýä standartyny kesgitleýärler. Kibersport boýunça dünýä kubogynda 25 sany oýun bardy. Bäş oýna seçip almak tapgyryndan geçen hytaýly oýunçylaryň sany, beýleki ýurtlardan gatnaşan oýunçylaryň sanyndan has köp boldy. Diýmek, häzir Hytaý kibersportda uly bir güýç merkezine öwürlip, barha ösýändir. Önümçilikde hem güýç merkezidir. Bu ýerde zehiniň roly örän uludyr” diýip, öz pikirini paýlaşdy.

Kibersportuny gyzykly we özüne çekiji görnüşde görkezmek arkaly uly ligalaryň artýan täsiri bilen dünýäde janköýerleriniň sanynyň köpeljegine ynanýaryn diýip, Al-Saud sözüniň üstüni ýetirdi.

“Oýunçylaryň beýan eden hekaýasynyň gyzykly bolany üçin, olar şonça köp adamyň ünsüni özüne çekip bildiler we bu ösüş geljekde dowam eder, sebäbi kibersportda gürrüň bermäge hekaýalaryň sany ýetik. Şol hekaýalary beýan etmek ukybyny kibersportyň beýleki görnüşlerine geçirip, olary “Honor of Kings Pro League” bäsleşiginiň häzirki derejesine, dünýä derejesine nädip çykaryp bileris? Ynha bu bir öňde duran uly iş. Ýöne muňuň ösmegi üçin mümkinçilikleriň köpdügini bilýäris, bu hem ýaýdandyryjy, hem gyzykly ýagdaýdyr” diýip, ol sözüni jemledi.

Beýleki habarlar