Pekin FCC-niň inwertorlaryň we robotlaryň importyna girizen gadagançylygyna jogap berdi

Ählumumylaşma döwründe halkara söwdasy barha köp hyzmatdaşlygyň däl-de, syýasy garşylyklaryň meýdanyna öwrülýär. Ençeme ýyllap dünýä bazarlarynda erkin dolanyşykda bolan ýokary tehnologiýaly, standartlaşdyrylan önümler birden milli howpsuzlyga howp hökmünde yglan edilende, möhüm sorag ýüze çykýar: döwletiň özygtyýarly hukuklary nirede tamamlanýar we administratiw ygtyýarlyklardan hyýanatçylykly peýdalanmak nireden başlanýar? Uzak ýyllaryň dowamynda emele gelen üpjünçilik zynjyrlarynyň emeli ýol bilen bozulmagy diňe öndürijilere däl, eýsem bazar ykdysadyýetiniň kadaly işleýşine hem zyýan ýetirýär hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy basyş guralyna öwürýär.
Hytaýyň Söwda ministrliginiň wekili sişenbe güni ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasynyň (FCC) daşary ýurtlarda öndürilen inwertorlary we häzirki zaman robotlaryny «gadagan edilen harytlar sanawyna» girizmek baradaky kararyna jogap hökmünde resmi beýanat bilen çykyş etdi.
Täze düzgünlere laýyklykda, bu önümler FCC-niň sertifikatyndan mahrum ediler we ABŞ-nyň bazarynda satylmagyna rugsat berilmez. Wekiliň bellemegine görä, FCC bu çäreleriň «kemsitmezlik» ýörelgesine esaslanýandygyny öňe sürse-de, olar hakykatda hytaý kärhanalaryna we önümlerine garşy gönükdirilen diskriminasiýa häsiýetine eýedir.
Beýanatda munuň ilkinji ýagdaý däldigi, FCC-niň mundan öň hem beýleki hytaý önümlerine çäklendirmeleri girizendigi nygtaldy. Şeýle hem robotlaryň we invertorlaryň ähli taraplar, şol sanda ABŞ üçin hem özara bähbitli bolan adaty halkara söwda önümleridigine üns çekildi.
Hytaý tarapynyň bellemegine görä, Waşington «milli howpsuzlyk» düşünjesini aşa giňeldip, işewür toparlaryň çagyryşlaryny hasaba alman, adaty täjirçilik geleşiklerine administratiw gatyşdy we üpjünçilik zynjyrlaryny üzmäge synanyşdy. Şeýle tejribe başgalara zyýan ýetirip, özüne peýda getirmeýän bazar mehanizmleriniň ýoýulmagynyň hem-de birtaraplaýyn hereketiň aýdyň mysaly hökmünde häsiýetlendirildi.
Hytaý ABŞ-ny bu çäreleri haýal etmän ýatyrmaga çagyrdy we munuň amala aşyrylmazlygy ýagdaýynda öz kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramak üçin aýgytly jogap bermäge hukugynyň bardygyny mälim etdi.
Habarda bellenilişi ýaly, FCC Hytaýyň birnäçe gezek eden beýanatlaryna garamazdan, soňky döwürde çäklendirmeleri yzygiderli güýçlendirýär. Bu ädimler Hytaýyň kanuny söwda bähbitlerine düýpli zyýan ýetirip, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň durnuklylygyna hem-de dünýä önümçilik we logistika zynjyrlarynyň kadaly işleýşine ýaramaz täsir etdi.
Şeýle syýasat Waşingtonyň Hytaýyň ýokary tehnologiýa pudagynyň ösüşini çäklendirmäge gönükdirilen has giň strategiýasynyň bir bölegi hökmünde häsiýetlendirilýär. Ozal hem şuňa meňzeş çäklendirmeler telekommunikasiýa enjamlaryna, ýarymgeçirijilere we programma üpjünçiligine degişli bolupdy.
"CCTV+"-niň habar bermegine görä, hytaý tarapy mundan beýläk ýagdaýyň ösüşiniň ABŞ-nyň deňhukukly gepleşiklere taýýarlygyna bagly boljakdygyny nygtady. Şeýle hem Pekin özüniň diskriminasiýa häsiýetli hereketler bilen ylalaşmajakdygyny mälim etdi.







