Içerki Mongoliýadaky kände sürüjisiz elektrik ýük ulagy işe başlady

Iýul 30, 2026 | 19:40 |80
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Agyr tehnikalar emeli aň tehnologiýalary bilen dolandyrylyp, dizel hereketlendirijileriniň sesiniň ornuny elektrik hereketlendirijileriniň asudalygy eýelän mahaly, dag-magdan pudagy ösüşiň täze tapgyryna gadam basýar. «Ýaşyl» tehnologiýalar we senagaty sanlylaşdyrmak boýunça giň gerimli maksatnamalary bilen tanalýan Hytaý bu ugurda nobatdaky möhüm ädimi ätdi. Bu gezek Içerki Mongoliýanyň giň sähralarynda synagdan geçirilen sürüjisiz elektrik ýük ulagy dag-magdan önümçiliginiň geljeginiň eýýäm şu gün durmuşa geçirilýändigini görkezdi. Bu diňe dizel hereketlendirijilerini batareýalar bilen çalyşmak däl, eýsem känlerde işiň guralyşyna düýbünden täzeçe çemeleşmäni – netijeliligiň, ekologiýanyň we akylly tehnologiýalaryň utgaşmagyny aňladýar.

Penşenbe güni Içerki Mongoliýa awtonom sebitiniň Holingol şäherindäki Nanlutýan kömür käninde düýbünden täze sürüjisiz ýük ulagy işe girizildi. Ýük göterijiligi 100 tonna bolan, doly elektrik energiýasy bilen işleýän we iki ugurda hereket edip bilýän bu ulag SDIC Döwlet ösüş we maýa goýum korporasiýasynyň düzümine girýän "Power Holdings" kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi.

Ýük ulagy meýdançada doly awtomatlaşdyrylan iş tertibinde hereket edip, ýüklemegi, özbaşdak dolandyrylmagy we takyk düşürmegi ýerine ýetirýär. Ulag üçin ýörite işlenip taýýarlanan doly elektrik geçiriji ulgamy zyňyndylary doly ýok edip, adaty dizel tehnikalaryna mahsus bolan ýokary ýangyç sarp edilişi we daşky gurşawyň hapalanmagy meselelerini netijeli çözýär.

«Zarýad bermek we batareýany çalyşmak» birleşdirilen innowasion tehnologiýasy hem-de ýarym gaty elektrolitli batareýalar uzak wagtlap zarýad bermek meselesini aradan aýyrmaga mümkinçilik berdi. Ulagyň iň esasy aýratynlygy bolsa 4×4 doly herekete getiriji ulgamy we iki tarapa hem deň derejede hereket edip bilmegidir. Adaty ýük ulaglaryndan tapawutlylykda, oňa yzyna dolanmak ýa-da öwrülmek zerur däl. Şeýlelikde, ol wagt ýitirmän öňe-de, yza-da hereket edip bilýär, bu bolsa önümçilik netijeliligini ep-esli ýokarlandyrýar.

Nanlutýan käniniň dolandyryjysy, "SDIC Power Holdings Co., Ltd." kompaniýasynyň wekili Ýu Haýli şeýle diýdi: «Ulanyş maglumatlaryna görä, önüm birligine düşýän energiýa çykdajylary şol bir ýük göterijilikdäki adaty dizel ýük ulaglary bilen deňeşdirilende 65 göterim azdyr. Bir ulag azyndan alty sagat üznüksiz işläp bilýär, tehnikanyň taýýarlyk derejesi bolsa 85 göterimden ýokarydyr. Bu görkezijiler käneleriň ýokary depgininde we ähli howa şertlerindäki önümçilik talaplaryny doly kanagatlandyrýar».

Bu taslama Hytaýyň dag-magdan pudagy üçin doly akylly, elektrikleşdirilen we ýerli önümçilik esasynda döredilen agyr tehnikalary ösdürmek strategiýasynyň möhüm bölegidir. Tehnologiýa gyş aýlarynda howanyň temperaturasy –30°C-den hem pes düşýän demirgazyk sebitleriň agyr howa şertlerini nazara almak bilen işlenip düzüldi. Täze ýük ulaglaryň üstünlikli ulanmaga berilmegi bu tehnologiýany ýurduň beýleki känlerinde we daşary ýurtlarda hem ornaşdyrmaga mümkinçilik döredýär hem-de Hytaýyň «ýaşyl» dag-magdan maşyn gurluşygyndaky öňdebaryjy ornuny has-da berkidýär.

"CCTV+"-niň habar bermegine görä, bu ýük ulaglaryň işe girizilmegi Hytaý senagatynyň uglerod bitaraplygyna we sanly özgertmelere ynamly gadam basýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Şeýle hem bu taslama agyr senagatdaky innowasiýalaryň indi diňe synag taslamasy bolman, gündelik önümçilik tejribesine öwrülýändigini görkezýär.


Beýleki habarlar