Hytaý ýokary tizlikli otlular üçin Ýanszy derýasynyň astynda ilkinji tunnel açdy

Hytaý ýokary tizlikli otlular üçin Ýanszy derýasynyň astynda ilkinji tunnel açdy. Inženerçilik pikiri onlarça metr çuňlukda ýeri deşip geçende we geljekde otlular ýurdun iň uly derýalaryň birini birnäçe minutda kesip geçip biljek bolanda, bu diňe bir gurluşyk gahrymançylygy däl — eýsem täze ulag hakykatyna tarap ädimdir. Saýýuanba tunneli tehnologiýalaryň tebigy päsgelçilikleri ýeňip geçýändiginiň, aralyklary gysgaldýandygynyň we sebitleri bir bitewi ykdysady tora birikdirýändiginiň nyşanyna öwrüldi. Onuň tamamlanmagy diňe bir çylşyrymly geologiýanyň üstünden gazanylan ýeňiş bolman, eýsem Hytaýyň günbatar we gündogar welaýatlarynyň arasyndaky has çalt hem-de amatly gatnaşygyň wadasydyr.
Uzynlygy 11 942 metre deň bolan tunnel şäher ýollarynyň, ýokary galdrylan ýollaryň (estakadalaryň), hereket edýän demir ýol ugurlarynyň we derýanyň esasy gämi gatnaýan kanalynyň astyndan geçýär. Onuň üstünlikli tamamlanmagy möhüm geologiýa we inženerçilik kynçylyklarynyň ýeňlip geçilmegi netijesinde amala aşyryldy. Bu ösüş Hytaýyň günorta-günbataryndaky Çunsin şäher dolandyryş birligini we gündogardaky Fuszýan welaýatynyň kenarýaka Sýamen şäherini birikdirýän ýokary tizlikli demir ýolunyň gurluşygynda möhüm tapgyry şöhlelendirýär. Çendu-Çunsin, Çunsin-Sýamen we Çžençžou-Çunsin ýokary tizlikli demir ýol ugurlaryny birikdirmek bilen, tunnel Çunsiniň merkezinde iki sany esasy magistralyň — Çunsin-Sýamen geçelgesiniň we Ýanszy derýasynyň astyndaky geçelgäniň özara utgaşmagyny üpjün edýär. Demir ýol edaralarynyň wekilleriniň bellemegine görä, bu taslama şäheriň ýokary tizlikli demir ýol torunyň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyna, şeýle hem sebitara ulag baglanyşygynyň we utgaşykly ykdysady ösüşiň ilerledilmegine ýardam eder.
Saýýuanba tunneli milli ýokary tizlikli magistrallar torunda möhüm halka öwrüljek giň göwrümli Çunsin-Sýamen ýokary tizlikli demir ýol taslamasynyň bir bölegidir. Çylşyrymly geologiýa we suwuň ýokary basyşy sebäpli Ýanszy derýasynyň astyndan geçelge gazmak iň çylşyrymly inženerçilik kynçylyklarynyň biri hasaplanýar. Tunneliň üstünlikli tamamlanylmagy tutuş liniýanyň gurluşygyny mundan beýläk-de çaltlaşdyrmaga ýol açylýar. CCTV+ agentliginiň habar berşine görä, taslama ulanmaga berlenden soň Çunsin bilen Sýamen arasyndaky ýol wagty ep-esli gysgalar we bu ugurda ýerleşýän sebitleriň ykdysady ösüşine täze itergi berer.







