Hytaýyň gämi gurluşygy: täze sargytlar 173% ýokarlanyp, 121 million tonna dedweýte ýetdi, tamamlanan taslamalaryň möçberi bolsa 51% artdy

Hytaýyň gämi gurluşygy: täze sargytlar 173 göterim ýokarlanyp, 121 million tonna dedweýte (gäminiň ýük göterijilik ukyby) ýetdi, tamamlanan taslamalaryň möçberi bolsa 51 göterim artdy. Deňiz hemişe diňe bir suw giňişligi bolman, eýsem abadançylyga eltýän ýol bolup gelipdir. Bir ýurt dünýäde iň çalt we netijeli gämileri gurýan bolsa, bu onuň senagat kuwwatynyň we strategik garaýşynyň aýdyň subutnamasydyr. Hytaýyň gämi gurluşygynda gazanylan rekord görkezijiler diňe bir statistika däl, eýsem önümleriň hiline, ygtybarlylygyna we daşky gurşawy goramak talaplary ýa-da çylşyrymly logistika meseleleri ýaly täze wezipelere uýgunlaşmak ukybyna bolan dünýä ynamynyň beýanydyr. Hytaý öz gämi gurluşyk zawodlarynyň diňe önümçilik meýdançalary bolman, eýsem geljegiň gämileriniň döredilýän innowasiýa merkezleridigini ýene-de bir gezek subut edýär.
Penşenbe güni Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrligi tarapyndan çap edilen maglumatlara görä, 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda ýurduň gämi gurluşyk pudagy dünýä bazaryndaky öňdebaryjy ornuny saklap, tamamlanan taslamalaryň möçberi, täze sargytlar we sargytlar bukjasy boýunça rekord görkezijileri gazandy.
Şu ýylyň ilkinji alty aýynda Hytaýda tamamlanan gämi gurluşyk taslamalarynyň möçberi — önümçilik kuwwatyny görkezýän esasy görkezijileriň biri — 36,5 million tonna dedweýte ýetdi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 51,2 göterim köpdür.
Pudagyň uzak möhletleýin durnuklylygyny görkezýän sargytlar bukjasy 54,9 göterim artyp, 363,25 million tonna dedweýte ýetdi.
Bazar bäsdeşlige ukyplylygynyň esasy görkezijisi bolan täze sargytlaryň möçberi bolsa 173,1 göterim ýokarlanyp, 121,06 million tonna dedweýte ýetdi. Bu görkeziji geçen ýylyň tutuş ýyllyk rekord derejesinden hem ýokary boldy.
Hytaýyň Milli gämi gurluşyk senagaty assosiasiýasynyň wise-prezidenti Li Ýansin: «Birinji çärýekde başlanan dünýä bazaryndaky güýçli ösüş ýylyň ilkinji ýarymynda-da dowam etdi. Hytaýyň gämi gurluşyk pudagy ajaýyp netijeleri görkezýär: tamamlanan taslamalaryň möçberi we sargytlar bukjasy 50 göterimden gowrak artdy. Esasanam täze sargytlaryň örän çalt ösmegi örän uly üstünlikdir» diýip belledi.
Täze sargytlaryň seljermesi Hytaýyň esasy üç görnüşli gämi — gury ýük daşaýan gämiler, konteýner daşaýan gämiler we nebit tankerleri boýunça halkara bazardaky paýynyň 80 göterimden geçendigini görkezýär. Bu bolsa ýurduň ähli kategoriýalardaky gämi gurluşygynda giň gerimli mümkinçiliklere eýedigini tassyklaýar.
Şol bir wagtyň özünde ekologiýa taýdan arassa we pes uglerod zyňyndyly gämiler Hytaýyň gämi gurluşyk pudagynyň özgertmeleriniň we döwrebaplaşdyrylmagynyň esasy ösüş ugruna öwrüldi.
Li Ýansin: «Soňky üç ýylyň dowamynda Hytaý ekologiýa taýdan arassa gämiler boýunça dünýäniň täze sargytlarynyň 68 göteriminden gowragyna eýe boldy. Şu ýylyň ilkinji ýarymynda-da bu ýokary görkezijini saklady. Orta we ýokary derejeli gämileri öndürmäge geçiş depginli dowam edýär we bu ugurda Hytaý gürrüňsiz öňdebaryjy orny eýeleýär» diýdi.
Hytaýyň gämi gurluşyk pudagy agyr senagatyň esasy pudaklarynyň biri bolup, ýurduň ykdysady ösüşinde möhüm orun eýeleýär. Täze sargytlaryň we sargytlar bukjasynyň artmagy halkara gämi eýeleriniň, aýratyn-da ekologiýa taýdan arassa deňiz ulaglary ulgamynda hytaý gämilerine bolan ýokary islegini görkezýär.
Pes uglerodly tehnologiýalara geçmek häzirki wagtda dünýä derejesindäki esasy ugurlaryň birine öwrüldi we Hytaý bu babatda öz bäsdeşlik artykmaçlyklaryndan üstünlikli peýdalanýar.
Bu barada CCTV+ habar berdi. Garaşylyşy ýaly, ýylyň ikinji ýarymynda hem bu pudak ösüş depginini saklap, dünýäniň gämi gurluşyk bazaryndaky öňdebaryjy ornuny has-da pugtalandyrar.







