Hytaýda 220 million okuwçy, 16 million mugallym, 430 müň çagalar bagy: binýatlaýyn bilim ulgamy nähili guralan

Hytaýda 220 million okuwçy, 16 million mugallym, 430 müň çagalar bagy: binýatlaýyn bilim ulgamy nähili guralan. Bilim — islendik milletiň geljeginiň binýadydyr. Bir ýurt ýüzlerçe müň mekdebi we onlarça million çagany öz içine alýan ulgamy döredeninde, ol diňe bir olary okamagy we sanamagy öwretmän, eýsem döwletiň geljegini kesgitlejek nesli kemala getirýär. Dünýäde iň iri bolan Hytaýyň binýatlaýyn bilim ulgamy häzirki wagtda diňe bir gerimi bilen däl, eýsem ösen girdejili ýurtlaryň derejesine deň gelýän hili bilen hem tapawutlanýar. Bu sanlaryň aňyrsynda her gün okuwçylaryna yhlas bilen bilim berýän millionlarça mugallym we diňe bir zehinli däl, eýsem güýçli, döredijilikli hem-de öz milli medeniýetini söýýän çagalar dur.
Hytaýyň Bilim ministrliginiň maglumatlaryna görä, ýurtda dünýäniň iň uly binýatlaýyn bilim ulgamy döredildi we onuň hili, umuman alanyňda, ýokary girdejili ýurtlaryň ortaça derejesine laýyk gelýär. Ulgama 430 müň çagalar bagy, başlangyç we orta mekdepler girýär. Olarda 220 million okuwçy bilim alýar we 15,77 million mugallym zähmet çekýär. Maglumatlar okuwçylaryň ahlak, akyl, beden, estetiki we zähmet terbiýesi boýunça hemmetaraplaýyn ösüşiniň yzygiderli gowulanýandygyny görkezýär. Ministrligiň habar bermegine görä, okuwçylaryň takmynan 80 göterimi matematika, hytaý dili, iňlis dili we tebigy ylymlar ýaly esasy dersler boýunça okuw maksatnamasynyň talaplaryna laýyk gelýär. Şeýle hem 55 göterimi örän gowy ýa-da gowy netijeleri gazanýar. Bu bolsa Hytaýy bilim ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna çykarýar. Şol bir wagtyň özünde, ýurtda güýçli milli özboluşlylyga, milli howpsuzlyga düşünýän, hytaýyň däp bolan medeniýetine hormata we oňyn özüni alyp baryş endiklerine eýe bolan okuwçylaryň sany yzygiderli artýar.
Ministrligiň bellemegine görä, ahlakly şahsyýeti terbiýelemek we zehinleri ösdürmek maksady bilen, ýurduň ähli mekdeplerinde bilim gurşawy mekdebiň içinde we daşynda utgaşdyrylýar hem-de okuwçylaryň ösüşi üçin bitewi ekoulgam döredilýär. Şu tomus medeniýet bilen tanyşdyryş saparlary, önümçilik tejribesi, ylmy-tehnologik tejribeler we sport maksatnamalary ýaly dürli çäreler ýetginjekleriň tomusky dynç alyşyny has-da baýlaşdyrýar. Soňky ýyllarda mekdeplerde «Ilki bilen saglyk» strategiýasy ornaşdyrylyp, her gün azyndan iki sagat bedenterbiýe bilen meşgullanmak we sapaklaryň arasynda 15 minutlyk arakesme bermek hökmany edildi. «Biz her gün mekdepde iki sagat bedenterbiýe bilen meşgullanmak baradaky talaby berk ýerine ýetirýäris. Arakesmelerimiz örän işjeň geçýär. Mekedebiň çäginde çagalaryň islän wagty sport bilen meşgullanyp bilmegi üçin dürli toplary, bökmek üçin ýüpleri we beýleki sport enjamlaryny ýerleşdirdik. Uzak arakesmelerde bolsa umumymekdep basketbol türgenleşiklerini we dostlukly ýaryşlary geçirýäris. Geçen ýyl okuwçylarymyzyň beden taýýarlygy 100 göterime, gowy we örän gowy derejäniň görkezijisi bolsa 92,4 göterime ýetdi» diýip, Guandun welaýatynyň Guançžou şäherindäki Puý Szin başlangyç mekdebiniň partiýa guramasynyň sekretary Şi Guýfan aýtdy.
Hytaýyň binýatlaýyn bilim ulgamy uzak ýyllaryň dowamynda düýpli özgertmeleri başdan geçirdi. Soňky onýyllyklarda ýurt ähli çagalar üçin bilime elýeterliligi üpjün etmekde, okatmagyň hilini ýokarlandyrmakda we şäher bilen oba mekdepleriniň arasyndaky tapawudy azaltmakda uly üstünlikler gazandy. Hytaýly okuwçylaryň halkara bahalandyrmalardaky netijeleri durnukly ýokary bolmagynda galýar, şahsyýetiň hemmetaraplaýyn ösüşine berilýän üns bolsa bilim syýasatynyň möhüm bölegine öwrüldi. "CCTV+"-iň habar bermegine görä, geljekde bilim ulgamynyň ösüşi okatmagy şahsylaşdyrmaga, bilim işini sanlylaşdyrmaga hem-de mekdep, maşgala we jemgyýetiň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdiriler.







