Hytaý emeli aň we uly maglumatlar arkaly gümrük ulgamyny döwrebaplaşdyrýar

Hytaý resmileşdiriş işlerini çaltlandyrmak hem-de söwdanyň howpsuzlygyny we üznüksizligini üpjün edýän serhet gözegçiligini döretmek maksady bilen, emeli aň, uly maglumatlar we akylly infrastruktura arkaly gümrük ulgamyny täzeden gurýar.
15-nji bäşýyllyk meýilnamanyň (2026–2030) dowamynda täze önümçilik güýçlerine we daşary söwdanyň täze nusgalaryna laýyk gelmegi üçin «Gümrük hakynda» Kanuna, haýwanlar we ösümlikler karantini baradaky kanunlara, şeýle hem gelip çykyş kadalaryna üýtgetmeler giriziler. Baş gümrük müdirliginiň başlygy Sun Meýszýun edaranyň töwekgelçiligi bahalandyrmaga esaslanýan köp derejeli dolandyryş ulgamyny ornaşdyrjakdygyny we dünýäde iň bäsdeşlige ukyply gümrük gözegçilik ulgamlarynyň birini döretmäge çalyşjakdygyny aýtdy.
2030-njy ýyla çenli portlaryň 90 göteriminden gowragy akylly barlag enjamlary bilen üpjün ediler. Emeli aň, uly maglumatlar we akylly enjamlar gümrük işleriniň ähli ugurlarynda giňden ulanylar. Bu bolsa berk gözegçiligi saklamak bilen bir hatarda harytlaryň gümrük taýdan çalt resmileşdirilmegini üpjün eder.
Haryt söwdasy boýunça dünýäde iň iri söwdagär bolan Hytaý eýýäm dünýäniň iň netijeli gümrük ulgamlarynyň birine eýedir. Öňümizdäki bäş ýylda ýurt söwda amallaryny has-da ýönekeýleşdirmegi, bazarlara elýeterliligi giňeltmegi we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmegi dowam etdirer. "CCTV+"-niň habar bermegine görä, gümrük ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy Hytaýyň dünýä söwdasyndaky bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrar we halkara üpjünçilik zynjyrlarynyň netijeliligini ýokarlandyrar.







