Hytaýda harytlary çalyşmak boýunça döwlet maksatnamasy alty aýda 1,1 trillion ýuan möçberinde sarp edişi höweslendirdi

Iýul 23, 2026 | 20:20 |92
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýda sarp ediş harytlaryny çalyşmak boýunça amala aşyrylýan döwlet maksatnamalary 2026-njy ýylyň alty aýynda 1,1 trillion ýuan (takmynan 162 milliard ABŞ dollary) möçberinde sarp edişi höweslendirdi. Bu maksatnamadan 150 million adam peýdalandy. Ýanwar–iýun aýlarynda 3,7 million awtoulag, 63,3 million öý hojalyk tehnikasy çalşyldy we 79,1 million sanly hem-de akylly enjam satyn alyndy. Häzirki wagtda Hytaýyň 19 sebitinde goşmaça ýerli subsidiýa maksatnamalary hem hereket edýär.

Maksatnamanyň çäklerinde elektrik awtomobilleriniň paýy yzygiderli artýar. Iýun aýynda olaryň paýy 65,4 göterime ýetdi. Bu bolsa täze energiýa çeşmeli awtomobilleriň (NEV) bazardaky paýynyň rekord derejä — 2026-njy ýylyň ikinji çärýeginde 62,4 göterime ýetmegine ýardam berdi. Ýylyň ilkinji alty aýynda sanly we akylly önümleriň satuwy 13,4 göterim artdy. Esasan hem akylly äýnekleriň satuwy iýun aýynda 30,6 göterim ýokarlanyp, bazaryň ösüşiniň täze hereketlendirijisine öwrüldi.

Subsidiýa maksatnamalaryna emeli aň tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan robotlar hem girizilip, bazarda täze mümkinçilikler döredilýär. Maksatnama gatnaşýan adaty dükanlaryň sany 28,1 göterim artyp, oba ýerlerindäki bazarlaryň işjeňleşmegine ýardam berýär. Mysal üçin, Fujýan welaýatynda şeýle dükanlaryň sany 15 göterim köpeldi. Oba ýerlerinde elektrik awtomobilleriň ulanylyşyny giňeltmek maksady bilen ýörite wagyz-nesihat çäreleri hem ýola goýuldy.

"CCTV+"-iň habar bermegine görä, bu döwlet maksatnamasy Hytaýyň ähli künjeklerinde ekologik taýdan arassa we akylly sarp edişe geçişi höweslendirmek bilen, gerimini giňeltmegini dowam etdirýär.

Beýleki habarlar