Şaolin ussady hytaý kung-fusynyň gadymy parasatlylygyny aýdyňlaşdyrýar

Dekabr 01, 2025 | 20:35 |49
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Dzen filosofiýasyna esaslanýan Şaolin kung-fusy uruş sungatyndaky çalt we täsirli hereketleri ukyplylykda ýerine ýetirmek bilen, şol bir wagtda akylyň aramlygyny we tertibini birleşdirýär diýip, Şaolin ussady Şi Ýansýuan belleýär.


CGTN-niň “Şaoliniň ruhy” atly dokumental filminde ol gadymy söweş sungatlary baradaky garaýyşlaryny paýlaşýar. Henan welaýatynda ýerleşýän Şaolin buthanasy hytaý söweş sungatlarynyň ojagy hökmünde tanalýar.


Şaolin kung-fusynda esasy üns öňünden taýýarlanylan hereketler toplumyna — “taolu” diýlip atlandyrylýan ýöriteleşdirilen hereket yzygiderliliklerine berilýär. Bu hereketler toslama garşydaşa garşy söweş hereketlerini gaýtalaýar we güýç, deňagramlylyk, içki energiýa hem-de tehnikany ösdürmäge kömek edýär.


“Şaolin boksunda häzirki wagtda 700-den gowrak toplum bar, olaryň her biri aýratyn at göterýär, meselem, ‘Göwrede Aýy gujaklamak’ ýa-da ‘Dagyň çürbaşynda ak bulutlar'” - diýip, Şi aýdýar. Bu taolulary öwrenmek uly tejribe we wagt talap edýär.


Ussadyň aýtmagyna görä, gadymda berk kesgitlenen toplumlar ýok ekeni: söweş meýdanynda aýratyn tehnikalar ulanylypdyr, soňra olar ýygnanylyp we kämilleşdirilipdir. “Bu bir dili öwrenişe meňzýär: ilki bir iýeroglif, soňra sözlem we ahyrynda doly taolu emele gelýär” - diýip, ol düşündirýär.



Şaoliniň ýörelgelerine görä, tehnikany örän kiçi meýdanda hem görkezmek bolýar. Buthanada ähli taolular edil mukaddes budda ýazgylary ýaly “Mukaddes Ýazgylar Pagodasynyň” içinde jikme-jik ýazgy edilip, saklanyp gelinýär.

Beýleki habarlar