Hytaýyň “C919” ýolagçy uçary 12-nji awgustdan halkara gatnawlaryna başlar

Hytaýyň “C919” ýolagçy uçary 12-nji awgustdan halkara gatnawlaryny amala aşyrmaga başlar. Ýerli tehnologiýalar esasynda döredilen ilkinji hytaý reaktiw ýolagçy uçarynyň ýurduň serhedinden çykyp, yzygiderli halkara gatnawyna başlamagy diňe bir awiakompaniýanyň tertibindäki üýtgeşiklik däl. Bu Hytaýyň indi diňe bir awiasiýa pudagy üçin bazar bolmak bilen çäklenmän, eýsem doly hukukly uçar öndürijä öwrülýändigini görkezýän täze eýýamyň başlangyjydyr. Pekin — Ulan-Bator ugry ilkinji ädim hökmünde sada görünse-de, onuň aňyrsynda köp ýyllaryň inženerçilik zähmeti hem-de dünýä awiasiýasynyň geljekki ösüşine täsir etjek uly maksatlar we belent hyjuwlar dur.
Bu ugra hyzmat etjek “Air China” awiakompaniýasy Pekin bilen Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batory günde bir gezek iki taraplaýyn gatnaw arkaly baglanyşdyrar. Uçar Pekiniň halkara howa menzilinden sagat 15:00-da uçup, Ulan-Batora 17:15-de gonar. Yzyna gaýdýan gatnaw bolsa Ulan-Batordan 18:30-da ugrap, Pekine 20:35-de barar. Petekler eýýäm satuwa çykaryldy.
“C919” uçary Hytaýyň COMAC kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen ilkinji dar göwrümli reaktiw ýolagçy uçarydyr. Ol ilkinji täjirçilik gatnawyny 2023-nji ýylyň maý aýynda Hytaýyň içerki ugurlarynda amala aşyrdy. Uçaryň ilkinji halkara gatnawyna başlamagy bu taslama üçin möhüm sepgit bolup, onuň Hytaýyň daşynda hem ulanmaga doly taýýardygyny tassyklaýar. Mongoliýanyň ilkinji daşary ýurt ugry hökmünde saýlanylmagy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň barha pugtalanyp barýandygyny görkezýär. Bu barada “CCTV+”-niň habar berýär. Garaşylyşyna görä, ýakyn ýyllarda “C919” beýleki döwletlerde hem uçuşa laýyklyk şahadatnamalaryny alyp, halkara gatnawlarynyň geografiýasyny has-da giňelder.







