WAIC 2026 maslahatynda ylmy barlaglaryň doly tapgyryny alyp barmak üçin niýetlenen emeli aň platformasy ilkinji gezek tanyşdyryldy

Ylmy açyşlar hemişe sabyrly zähmeti we kähalatlarda tötänligi talap edip geldi. Emma emeli aňyň ösmegi bilen bu iş dolandyrylýan prosese öwrülýär. Hasaplamalaryň we synaglaryň köp wagt alýan gündelik bölegini enjam öz üstüne alanda, alym esasy maksadyna — hakykaty gözlemäge has köp üns berip bilýär. Şanhaýda tanyşdyrylan täze platforma gözleg işlerini ep-esli tizleşdirmegi wada berýär. Ol çäksiz köp wariantlary seljermegiň ýerine ylmy taýdan esaslandyrylan onlarça çaklamany hödürleýär.
Anna güni WAIC 2026 forumynda Şanhaýyň Emeli aň barlaghanasy tarapyndan işlenip taýýarlanan Shusheng Duanyan atly platforma ilkinji gezek köpçülige görkezildi. Bu platforma uly maglumat modellerini, akylly agentleri, synag maglumatlaryny hem-de awtomatlaşdyrylan enjamlary birleşdirip, ylmy gözlegiň ähli tapgyrlaryny — çaklamany döretmekden başlap, ony synag arkaly tassyklamaga çenli doly dolandyrýar.
Alymlar eýýäm bu platformany beloklary optimizirlemek üçin ulanýarlar. Mysallaryň birinde 20²¹⁹ mümkin bolan kombinasiýanyň arasyndan platforma geljegi uly onlarça dalaşgäri saýlap aldy. Ondan soň robotlar synaglary geçirýärler we alnan netijeleri indiki gaýtalanýan seljeriş tapgyry üçin platforma gaýtaryp berýärler.
Şanhaýyň Emeli aň barlaghanasynyň wekili Fu Sýuýszýun: «Bu platforma alymlara meseläniň düýp manysyna dolanmaga kömek edýän “super beýni” bolup, olaryň işiniň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrýar», diýip belledi.
Häzirki wagtda platforma alty ugurda ulanylýar:
• biologik ylymlar;
• materiallar;
• ýarymgeçirijiler;
• termoýadro sintezi;
• kwant mehanikasy;
• meteorologiýa.
WAIC 2026 forumy 17–20-nji iýul aralygynda Şanhaýda geçirilýär. Oňa 1100-den gowrak kärhana gatnaşýar we forumyň çäklerinde 300-den gowrak dünýä premýerasy görkezilýär.
CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, Shusheng Duanyan platformasy emeli aňyň ylmy gözlegleriň usulyýetini nähili üýtgedýändiginiň aýdyň mysalydyr. Ol ylmy pikiriň döreýşinden başlap, amaly netijä ýetilýän aralygy ep-esli gysgaldýar.







