Kibergladiatorlar: dünýäde ilkinji söweş robotlarynyň ligasy Hytaýda başlandy

Robotlar hereketleriniň takyklygyny görkezmek üçin däl-de, eýsem hakyky söweşe çykanda, ylmy fantastika bilen hakykatyň arasyndaky araçäk ýitip başlaýar. Bu diňe bir tomaşa däl — bu ýerde algoritmler zarbalar arkaly synagdan geçirilýän, deňagramlylygyň bolsa söweşiň netijesini kesgitleýän tehnologik synag meýdançasydyr. Şeýle derejedäki ýaryşlar tehnologiýalaryň ösüşini adaty barlaghanadaky gözleglerden hem çaltlaşdyrýar. Sebäbi bu ýerde goýberilen ýalňyşlygyň bahasy ýokary, ýeňiş gazanmak bolsa hakyky ussatlygy talap edýär.
Penşenbe güni Hytaýyň tehnologiýa merkezi hasaplanýan Şençžen şäherinde dünýäde ilkinji gezek adam şekilli robotlar üçin söweş sungaty ligasy badalga aldy. Oňa Hytaý, ABŞ we Singapur ýaly ýurtlardan 200-den gowrak topar gatnaşdy. Resmi taýdan “Ultimate Robot Knock-out Legend” (URKL) diýlip atlandyrylan bu çärede adam şekilli robotlar sekizburçly ringde güýç synanyşyp, şowhunly tomaşaçylaryň öňünde kikboksing boýunça bäsleşýärler. Gatnaşyjylaryň arasyndan diňe 32 topar indiki tapgyra geçip, çempionlyk guşagyny we umumy baýrak gaznasy 10 million ýuana (takmynan 1,48 million ABŞ dollary) deň bolan baýragy almak ugrunda göreşmäge mümkinçilik gazandy. Ähli toparlar standartlaşdyrylan doly ölçegdäki adam şekilli “EngineAI T800” robotyny ulanyp bäsleşýärler. Eminler hereketlere gözegçilik etmek, deňagramlylyk algoritmleri, duýuş maglumatlaryna esaslanýan karar kabul ediş ulgamlary, energiýa üpjünçiligi ulgamlary we gurluş goragy ýaly esasy netijelilik görkezijilerine baha berýärler. Şençžen şäherindäki “EngineAI” kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş direktory “Çžao Tunýanyň sözlerine görä, robotlar we olaryň esasynda işleýän akylly ulgamlar diňe bir fiziki zarbalara çydamak üçin däl, eýsem agyr ýüküň astynda hem işini dowam etdirip bilmek üçin işlenip taýýarlanyldy.
Ýene-de geljegi uly ugurlaryň biri hem robot-ýoldaş bolup durýar. Şençžen şäherindäki “UBtech Robotics” kompaniýasy hakyky derä meňzeş örtügi, ýüzüň inçe aňladylyşlaryny we emosional emeli aň esasynda döredilen, diýlip atlandyrylýan «gatnaşyklary gurmak» modeline eýe bolan robotlary işläp taýýarlaýar. «Öý işlerini ýerine ýetirýän robotlar? Munuň üçin ýene-de bäş-on ýyl gerek bolar. Emma häzirki wagtda-da uly modelleriň tehnologiýalaryndan peýdalanyp, robotlaryň adamlara has gowy düşünmegini we olar bilen has netijeli aragatnaşyk saklamagyny üpjün edip bileris» diýip, “UBtech Robotics” kompaniýasynyň brend boýunça direktory Maýkl Tam aýtdy. Täsirli görkezilişlere garamazdan, bu enjamlaryň sarp edijileriň arasynda giňden ulanylmagyna näderejede ýakyndygy barada heniz soraglar galýar. “Gonkongyň Hytaý uniwersitetiniň (Şençžen) Durnukly maliýeleşdiriş merkeziniň direktory U Haýfen häzirki wagtda robotlaryň adaty ulanyjylaryň zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmakdan entek uzakdygyny belledi. Şeýle-de bolsa, maliýeleşdirmegiň artmagy we tehnologiýalaryň her gün kämilleşdirilmegi bilen bu tapawudyň kem-kemden azaljakdygyny nygtady.
Hytaýyň «Silikon jülgesi» diýlip atlandyrylýan Şençžen şäheri ençeme ýyl bäri robototehnika we emeli aň ugurlarynyň ösüş merkezleriniň biri bolup durýar. URKL ligasy diňe bir güýmenje çäresi bolman, eýsem geljekde senagatda, logistika ulgamynda, hatda gündelik durmuşda hem ulanylyp bilinjek tehnologiýalar üçin möhüm synag meýdançasydyr. Awtosportuň awtoulag tehnologiýalarynyň ösmegine itergi berşi ýaly, robotlaryň söweşleri hem deňagramlylyk, daşky gurşawy duýmak we awtonom işlemek ugurlarynda ösüşi çaltlandyrýar. “CCTV+”-iň habar bermegine görä, URKL ýaryşynyň jemleýji söweşleriniň dünýäniň dürli künjeklerinden maýadarlaryň we inženerleriň ünsüni çekmegine hem-de tehnologik startaplaryň senenamasynda her ýyl geçirilýän möhüm çärä öwrülmegine garaşylýar.







