Sýuçžou elektrik üç tigirli ulaglaryň täze görnüşlerini daşary ýurtlara eksport edýär: ýük modellerinden başlap, akylly süpüriji maşynlara çenli

Adaty halk ulaglary diňe bir gatnaw serişdesi bolman, eýsem ýük daşamak, köçeleri arassalamak we göçme söwda ýaly dürli ugurlary öz içine alýan giň çözgütler toplumyna öwrülýär. Elektrik üç tigirli ulaglaryň önümçiligi bilen tanalýan Sýuçžou şäheri häzirki wagtda diňe ygtybarlylygy bilen däl, eýsem dürli maksatly täze önümleri bilen hem dünýä bazarynda ünsi çekýär. Ýakyn wagta çenli diňe belli bir ugurda ulanylýan hasaplanan modeller häzirki wagtda köpçülikleýin öndürilip, daşary ýurtlara eksport edilýär.
Şu ýylyň alty aýynda Sýuçžoudan eksport edilen elektrik üç tigirli ulaglaryň bahasy 300 million ýuandan (takmynan 44,25 million ABŞ dollary) geçdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, takmynan 90 göterim ýokarydyr. Sýuçžou şäheriniň Fenýan etrabyndaky önümçilik kärhanasynda alyjy Wan Daohun Indoneziýa üçin niýetlenen nusgany kämilleşdirýär. Ol ulagyň ýük bölümine we batareýasynyň ýol ätiýaçlygyna degişli tehniki aýratynlyklary sazlaýar. “Häzirki ýyllyk meýilnamamyza laýyklykda, şeýle ulaglardan 20 müňden gowragyny satyn almagy göz öňünde tutýarys” – diýip, alyjy aýtdy. Kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň bellemegine görä, bu ulaglar esasan hem awtoulaglaryň girip bilmeýän oba ýerlerinde örän amatlydyr. Ýewropa we Günorta-Gündogar Aziýa ýaly ýollary dar we ýer gurluşy çylşyrymly sebitlerde olaryň ýokary hereketliligi daýhanlar üçin möhüm artykmaçlyk bolup durýar.
Adaty elektrik üç tigirli ulaglardan başga-da, Sýuçžoudaky köp sanly kärhana önüm görnüşlerini giňeldýär. Şäherdäki başga bir kärhanada daşary ýurtlara iberilmäge taýýarlanan dürli görnüşli köçe süpüriji maşynlar öndürilýär. “Bu maşyn köçäni süpürip, ýuwup hem-de tozany basyp ýatyrmak üçin suw sepip bilýär” – diýip, “Jiangsu Shanming Shuixiu Environmental Protection Technology Co., Ltd.” kompaniýasynyň satuw menejeri He Şan aýdy. Bir süpüriji maşyn onlarça işçiniň ýerine ýetirýän işini ýerine ýetirýär. Şeýle hem durmuşda ulanylýan üç tigirli ulaglar, motorikşalar, dynç alyş seýilgählerinde we golf meýdançalarynda ulanylýan ulaglar hem köp kärhanalar üçin täze ösüş ugruna öwrülýär. “Ozal diňe displeý bardy. Indi bolsa oňa akylly dolandyryş ulgamlaryny goşduk. Ulgam awtoulag bilen ulanyjynyň özara aragatnaşyk ulgamyna meňzeýär” – diýip, “Jiangsu Xuzhou Zongshen Electric Vehicle Co., Ltd.” kompaniýasynyň strategiki amallar bölüminiň ýolbaşçysy Çžen Weý.
Şu ýylyň ilkinji ýarymynda Sýuçžoudan eksport edilen elektrik üç tigirli ulaglaryň bahasy 300 million ýuandan geçdi, ätiýaçlyk şaýlarynyň eksporty bolsa 160 million ýuana golaýlap, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 10 göterimden gowrak artdy.
Szýansu welaýatynyň Sýuçžou şäheri Hytaýyň elektrik üç tigirli ulaglaryny öndürýän iň iri merkezleriniň biridir. Ýerli kärhanalar doly önümçilik zynjyrynyň we ösen logistika ulgamynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, halkara bazarlarda öz ornuny pugtalandyrýar. Eksportyň ösüşi diňe ýokary islegi däl, eýsem hytaýly öndürijileriň önümlerini dürli howa we ýol şertlerine uýgunlaşdyrmak hem-de täze modelleri yzygiderli döretmek ukybyny hem görkezýär. “CCTV+”-iň habaryna görä, ýylyň ikinji ýarymynda önüm görnüşleriniň giňeldilmegi we täze bazarlara çykylmagy netijesinde eksportyň mundan beýläk hem artmagyna garaşylýar.







