Si Szinpin kiber giňişligiň uzak möhletleýin dolandyrylmagynyň zerurdygyny nygtady

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary Si Szinpin kiber giňişligiň uzak möhletleýin dolandyrylyş mehanizmlerini kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady. Anna güni geçirilen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň toparlaýyn okuw maslahatynda Si Szinpin arassa, sagdyn we ynamly onlaýn-gurşawyny döretmek üçin tagallalary dowam etdirmäge çagyrdy.
2012-nji ýylda geçirilen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň XVIII gurultaýyndan bäri, partiýa internet-giňişliginiň dolandyryşyny, torlarda esasy gymmatlyklary we medeniýeti berkitmek şeýle hem sagdyn däl mazmuna garşy netijeli göreşmegi ileri tutýar. Si Szinpiniň belleýşi ýaly, umumy onlaýn-gurşawynda eýýäm oňyn özgerişlikler bar.
Milli dolandyryş ulgamynda kibergiňişlik bilen işlemegiň ornuna aýratyn üns berildi. Si Szinpin partiýanyň merkezleşdirilen ýolbaşçylygy astynda gözegçilik we utgaşdyryş ulgamynyň toplumlaýyn gurluşyny güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady. Ol onlaýn platformalary, garaşsyz mediany we köp kanally internet gurluşlaryna sosial jogapkärçiligi öz üstüne almaga we oňyn täsiri ýaýratmaga çagyrdy.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy internetiň nazaryýet boýunça görkezmeleriň, ahlak terbiýesiniň we medeni mirasyň goralyp saklanmagynyň berk merkezine öwrülmelidigini belledi. Ol sagdyn däl mazmuna garşy aýgytly çäreleri görmegi, onuň esasynda durýan gyzyklanmalar ulgamlaryny we önümçilik zynjyrlaryny bozmaga we onuň döremegine mümkinçilik berýän şertleri aradan aýyrmaga çagyrdy.
Si Szinpin şeýle hem emeli aň we uly maglumatlar ýaly täze tehnologiýalaryň peýda bolmagynyň kiber giňişligi dolandyrmakda kynçylyklary döredýändigini, ýöne şol bir wagtyň özünde täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Ol bu tehnologiýalaryň ösüşini höweslendirmegiň möhümdigini belledi.
Kiber giňişligini dolandyrmagyň ähli ýurtlar üçin umumy meseledigini belläp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy internetde bikanun hereketlere garşy göreşmek we kiber giňişliginde bitewi ykbaly bolan bileleşigi gurmagy ösdürmek üçin halkara hyzmatdaşlygyna çagyrdy.







