Hytaýyň awtoulag öndürijileri Gudwud tizlik festiwalynda uly gyzyklanma döretdi
Iýul 15, 2026 | 02:32 |173

Awtoulag pudagy düýpli özgerişleri başdan geçirýär. Bir wagtlar täsinlik hasaplanan elektro mobiller indi giňden ulanylýan ulaglara öwrülýär, hytaý brendleri bolsa yzarlaýjydan dünýä bazarynyň öňdebaryjy öndürijilerine öwrülýärler. Awtoulag taryhynyň möhüm merkezleriniň biri hasaplanýan Gudwud tizlik festiwaly häzirki wagtda däp bilen innowasiýanyň duşuşýan meýdançasyna öwrüldi. Bu ýerde hytaý öndürijileri dünýäniň iri awtoulag kompaniýalarynyň hatarynda mynasyp orun eýelemäge taýýardygyny görkezýärler. "BYD" we "MG" Beýik Britaniýa diňe täze ulaglaryny görkezmek üçin däl, eýsem öz ösüş taryhyny – tehnologiýalara, innowasiýalara we ählumumy maksatlara esaslanýan ýoluny tanyşdyrmak üçin geldiler.
1993-nji ýylda döredilen Gudwud tizlik festiwalynyň esasy wakasy uzynlygy iki kilometre golaý bolan depä çykmak ýaryşydyr. Şeýle-de bolsa, soňky ýyllarda bu çäre awtoulag öndürijileri üçin öz brendlerini dünýä tanatmagyň möhüm mümkinçiligine öwrüldi. Elektro mobilleri öndürýän hytaýly ägirt "BYD" şu ýyl festiwalda iň uly sergi meýdançasyna eýe bolup, öz modelleriniň giňeldilen hataryny görkezdi.
Kompaniýa bu çäräni dünýä jemgyýetçiligine "BYD"-niň geçen ýolyny görkezmek üçin amatly mümkinçilik hökmünde görýär. Kompaniýanyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Stella Li: «Indiki ädimimiz "BYD" brendini has-da pugtalandyrmak we onuň geçen ýoluny dünýä ýetirmek bolar. Köp adamlar "BYD-ni heniz doly tanamaýarlar. Kompaniýanyň 120 müň ylmy-barlag inženeriniň zähmeti we her gün hasaba alynýan ortaça 52 patent onuň ägirt uly mümkinçiliklerini görkezýär. Biziň maksadymyz tehnologiýanyň üsti bilen dünýäni üýtgetmek we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin elýeterli çözgütleri hödürlemekdir» diýip belledi.
"BYD" Beýik Britaniýada awtoulaglaryny bary-ýogy üç ýyl bäri satýar, emma satuw görkezijileri çalt artýar. Şu ýylyň ilkinji alty aýynda kompaniýa ýurtda 38 müňe golaý awtoulag satdy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iki essä golaý köpdür.
Hytaýyň SAIC kompaniýasyna degişli bolan, ýöne iňlis awtoulag senagatynyň meşhur nyşany hasaplanýan "MG" (Morris Garages) bolsa elektrik hereketlendirijili iki sany konsept ulagyny – "MG GO!" we "MG Cyber Concept" modellerini tanyşdyrdy. Kompaniýanyň ählumumy dizaýn merkeziniň wise-prezidenti Ýozef Kaban brendiň hytaý tehnologiýalaryny we Ýewropa awtoulag däplerini utgaşdyrýan ýokary hilli önümleri döretmäge çalyşýandygyny aýtdy.
Onuň sözlerine görä: «Biz Hytaýyň innowasiýalaryna we tehnologiýalaryna açyk garaýarys. Olaryň ýokary tizligini we ýokary hil üpjün etmek ukybyny Ýewropanyň baý awtoulag mirasy bilen utgaşdyrýarys. Awtoulag diňe bir tehnologiýa däl, eýsem duýgy we tejribedir».
Elektro mobilleriň barha giňden ýaýramagy bilen, şu ýyl Gudwud festiwalynda ilkinji gezek Formula E elektro mobil ýaryşlary hem geçirildi. Şeýle-de bolsa, guramaçylar adaty benzin we dizel hereketlendirijili nusgawy ulaglaryň hem festiwalda mydama mynasyp ornuny saklajakdygyny belleýärler.
"Goodwood Estate" kompaniýasynyň baş direktory Adam Uoterwort: «Içinden ýandyrylýan hereketlendirijili käbir ulaglar kem-kemden azalyp biler, emma biz awtoulag medeniýetinden ýüz öwürmeýäris. Nusgawy ulaglary hormatlamak, awtosportuň baý mirasyny dowam etdirmek we olary täze nesillere görkezmek üçin Gudwudda hemişe orun bolar» diýdi.
Gudwud tilzlik festiwaly dünýäniň iň abraýly awtoulag çäreleriniň biridir. Ony Riçmond gersogy Çarlz Març esaslandyrdy. 1995-nji ýylda batareýa öndürijisi hökmünde döredilen "BYD" häzirki wagtda elektro mobil pudagynyň dünýä öňdebaryjylarynyň biridir. Ýüz ýyla golaý taryhy bolan "MG" bolsa häzirki wagtda SAIC kompaniýasyna degişli bolup, ýewropa dizaýnyny hytaý tehnologiýalary bilen üstünlikli utgaşdyrýar.
Hytaý awtoulag öndürijileri üçin Beýik Britaniýanyň bazaryna çykmak olaryň ählumumy ösüş strategiýasynyň möhüm bölegidir. "CCTV+"-iň habar bermegine görä, Gudwud festiwalyndaky hytaý brendleriniň işjeň gatnaşmagy olaryň Ýewropanyň we Ýaponiýanyň iri awtoulag öndürijileri bilen deň derejede bäsleşmäge doly taýýardygyny görkezýär.







