«Bawi» taýfuny Çžeszýan welaýatynyň kenaryna iki gezek emele, 2,2 milliondan gowrak adam göçürildi

Tebigat öz urgulary barada seýrek duýdurýar, ýöne ol güýjüni görkezende, onuň täsiri örän güýçli bolýar. Şu möwsümiň dokuzynjy taýfuny bolan «Bawi» Hytaýyň gündogar bölegindäki Çžeszýan welaýatynyň kenaryna yzly-yzyna iki gezek ýetip, özüniň kuwwatyny ýene bir gezek görkezdi. Şeýle ýagdaý soňky köp ýyllaryň dowamynda ilkinji gezek ýüze çykdy. Tebigy betbagtçylygyň iki gezek gaýtalananmagy infrastruktura üçin uly synag, şeýle hem degişli edaralaryň taýýarlygynyň möhüm barlagy boldy. Şeýle-de bolsa, ýel we güýçli ýagyş hiç kimi aýamaýan hem bolsa, 2,2 milliondan gowrak adamyň öz wagtynda howpsuz ýerlere göçürilmegi adamlaryň tebigatyň iň güýçli synaglaryna-da netijeli garşylyk görkezip bilýändigini görkezýär.
Şenbe güni giç agşam, takmynan sagat 23:20-de, «Bawi» taýfuny ilkinji gezek Taýçžou şäher sebitiniň düzümine girýän Ýuhuýan şäheriniň kenaryna ýetdi. Taýfunyň merkezine golaý ýerde ýeliň iň ýokary tizligi sekuntda 40 metre ýetdi, merkezi basyş bolsa 955 gektopaskal boldy. Ýekşenbe güni ýary gije, takmynan sagat 00:00-da, taýfun ikinji gezek gury ýere çykdy. Bu gezek ol Wençžou şäher sebitiniň Ýuesin şäherindäki Sinszýan kenaryna ýetdi. Gury ýere çykan pursadynda taýfunyň merkezindäki ýeliň tizligi sekuntda 38 metr, merkezi basyş bolsa 960 gektopaskal boldy.
«Bawi» taýfunynyň demirgazyk-günbatara tarap hereketini dowam etdirip, kem-kemden gowşamagyna garaşylýar. Howa çaklamalaryna görä, ýekşenbe gününe geçilýän gije Çžeszýan welaýatynyň kenarýaka sebitlerinde, merkezi we günorta böleklerinde güýçli ýagyşlar ýagar. Ýekşenbe güni bolsa welaýatyň günbatar sebitlerinde güýçli ygally howa şertlerine garaşylýar. Şenbe güni sagat 11:00-da welaýat häkimiýeti adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreş boýunça çäreleriň derejesini iň ýokary derejä çenli ýokarlandyrdy.Sagat 14:00-yň ýagdaýyna görä, 2,21 milliondan gowrak ýaşaýjy howpsuz ýerlere göçürildi.
«Bawi» taýfuny şu möwsümdäki dokuzynjy tropiki howa hadysasy boldy. Onuň gury ýere iki gezek çykmagy seýrek duş gelýän hadysa bolup, weýrançylygyň ýaýraýan zolagyny ep-esli giňeldýär. Çžeszýan welaýatynyň häkimiýetleri öňünden halas ediş gulluklaryny ýokary taýýarlyk ýagdaýyna getirdi, mekdepleri we kärhanalary ýapdy, portlaryň işini wagtlaýyn togtatdy. Göçürmek işleri duýduryş ulgamynyň sazlaşykly işlemegi we ýerli häkimiýetleriň tiz hereket etmegi netijesinde gysga wagtyň içinde geçirildi. “CCTV+”-iň habar bermegine görä, halas ediş toparlary zyýan ýeten sebitlerde nobatçylyk etmegini dowam etdirýär. Meteorologlar bolsa daglyk we kenarýaka zolaklarynda ýer süýşmeleriniň hem-de suw joşmalarynyň ýüze çykmak ähtimallygy barada duýdurýarlar.







