Hytaý ilkinji gezek göteriji raketanyň birinji basgançagynyň deňiz platformasyna dolandyrylýan görnüşde gaýtarylmagyny we ýörite enjam arkaly tutulmagyny amala aşyrdy

Iýul 11, 2026 | 20:56 |129
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Kosmos hemişe islegleriň we tehnologiýalaryň duşuşýan ugry bolup geldi. Her bir täze ädim diňe bir täze gözýetimleri däl, eýsem, kosmos uçuşlarynyň ykdysadyýeti üçin täze mümkinçilikleri hem açýar. Gaýtadan ulanylýan raketalar düzgünleri üýtgedýär: bir gezeklik gurluşlaryň ýerine orbita çykmagyň bahasyny birnäçe esse azaltmaga ukyply bolan gaýtarylýan basgançaklaryň döwri başlanýar. Hytaý bu tehnologiýany üstünlikli görkezdi we dünýä kosmonawtikasynyň taryhyna öz adyny ýazdyrdy.

Anna güni Hytaýyň mediýa topary “Long March-10B” göteriji raketasynyň uçurylyşy we gaýtarylyşy barada dürli taraplardan alnan aýratyn wideo şekilleri ýaýratdy. Bu waka Hytaýda göteriji raketanyň birinji basgançagynyň dolandyrylýan görnüşde ilkinji gezek gaýtarylmagy hökmünde hasaba alyndy. Raketa anna güni sagat 12:15-de Hytaýyň günortasyndaky Haýnan welaýatynda ýerleşýän Wençan kosmodromyndan uçuryldy. Basgançaklar bölünenden takmynan alty minut soň, raketanyň birinji basgançagy yzyna gaýdyp, deňiz platformasynda ýerleşdirilen ýörite tor arkaly üstünlikli tutuldy — bu dünýäde ilkinji şeýle ýagdaý boldy. Şol bir wagtyň özünde ikinji basgançak peýdaly ýüküň bellenilen orbita çykarylmagyny amala aşyrdy.

Hytaýyň Aerokosmos ylym we tehnologiýa korporasiýasynyň (CASC) düzümindäki Göteriji raketalar tehnologiýasy boýunça Hytaý akademiýasy (CALT) tarapyndan işlenip taýýarlanan “Long March-10B” raketasy diametri bäş metr bolan ýadro bölegine eýe uly iki basgançakly suwuk ýangyçly raketadyr. Onuň beýikligi takmynan “63 metr”, uçuş wagtyndaky başlangyç dartgysy “890 tonna”, gaýtadan ulanylýan tertipde pes Ýer orbitasyna çykaryp bilýän ýük göterijilik ukyby bolsa “16 tonna” deňdir. Anna güni geçirilen missiýanyň dowamynda konfigurasiýany has netijeli etmek, metanyň awtogen usulda germetizasiýasy we bölümler bilen enjamlaşdyrylan ýangyç baklarynyň kömegi arkaly ýangyjy dolandyrmak ýaly birnäçe möhüm tehnologiýanyň işleýşi üstünlikli tassyklandy. Şeýle hem birinji basgançagy gaýtadan ulanmak üçin zerur bolan möhüm tehnologiýalar görkezildi. Olaryň arasynda hereketlendirijiniň birnäçe gezek täzeden işe girizilmegi, uly belentlikde otlandyrma, çylşyrymly aerotermiki şertlere uýgunlaşma, ýokary takyklykly nawigasiýa we dolandyryş, şeýle hem deňizde ýerleşdirilen tor arkaly raketany kabul etmek we yzyna gaýtarmak ulgamy bar. Geljekde işläp taýýarlaýjy topar raketanyň aýratynlyklaryny yzygiderli kämilleşdirmegi we gaýtadan ulanylýan tehnologiýalaryň ösüşini çaltlandyrmagy meýilleşdirýär. Maksatnama laýyklykda, gaýtadan ulanylýan ulgamyň çäginde birinji basgançagyň maksatly uçuşy şu ýylyň ahyryna meýilleşdirilýär.

“Long March-10B” Hytaýyň gaýtadan ulanylýan göteriji raketalary maksatnamasynyň çägindäki esasy işläp taýýarlamalarynyň biridir. Bu maksatnama kosmos uçuşlarynyň bahasyny peseltmäge we halkara kosmos hyzmatlary bazarynda bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Birinji basgançagyň deňiz platformasynda ýörite tor arkaly üstünlikli tutulmagy öň hiç bir kosmos döwleti tarapyndan ulanylmadyk özboluşly çözgütdir. “CCTV+”-iň habar bermegine görä, bu uçuş “Long March” seriýasynyň raketalary üçin 657-nji uçuş boldy we Hytaýyň kosmos maksatnamasynyň ösüşinde täze bir tapgyry açdy. Şeýle hem bu üstünlik ýurdy doly gaýtadan ulanylýan kosmos ulag ulgamyny döretmäge has ýakynlaşdyrýar.

Beýleki habarlar