Hytaý bilen Namibiýa täze döwür üçin umumy ykbal bileleşigiň döredilendigini yglan etdiler

Iýul 11, 2026 | 20:54 |112
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Anna güni Pekinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Namibiýanyň Prezidenti Netumbo Nandi-Ndaýtwa bilen gepleşikleri geçirdi. Iki ýurduň ýolbaşçylary bilelikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derejesini täze döwür üçin hytaý–namibiýa umumy ykbal bileleşiginiň derejesine çykarmak barada yglan etdiler.

Si Szinpin häzirki wagtda Hytaý bilen Namibiýanyň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak üçin örän amatly döwrüň gelendigini aýtdy.

«Häzirki wagtda Hytaýyň Kommunistik partiýasy ähli etniki toparlara degişli hytaý halkyny birleşdirip, hytaý nusgasyndaky döwrebaplaşdyrma arkaly kuwwatly döwleti gurmak we hytaý milletiniň beýik galkynyşyny amala aşyrmak ugrunda öňe alyp barýar. Namibiýanyň SWAPO partiýasy bolsa öz tertipnamasynda namibiýa aýratynlyklaryna laýyk gelýän sosializmi gurmak maksadyny berkidip, Namibiýanyň halkyny “Garaýyş 2030” maksatnamasynyň wezipelerini durmuşa geçirmäge gönükdirýär. Hytaý bilen Namibiýanyň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak öz wagtynda edilen we uly geljegi bolan ädimdir. Şunuň bilen baglylykda, hanym Prezident Netumbo Nandi-Ndaýtwa bilen bilelikde ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň derejesini täze döwür üçin hytaý–namibiýa umumy ykbal bileleşiginiň derejesine çykarylandygyny yglan etmek isleýärin» — diýip, Si Szinpin aýtdy.




Beýleki habarlar