Hytaýyň Premýer-ministri Pekinde Namibiýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Iýul 10, 2026 | 19:45 |116
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaý bilen Namibiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar wagtyň synagyndan üstünlikli geçdi. Garaşsyzlyk ugrunda alnyp barlan göreş döwründen başlap, täze eýýamda bilelikdäki ösüşe çenli dowam edip gelýän hyzmatdaşlyk munuň aýdyň subutnamasydyr. Prezident Nandi-Ndaýtwanyň Hytaýa amala aşyrýan sapary diňe bir köpýyllyk dostluga hormat goýmagyň nyşany bolman, eýsem Ählumumy Günorta ýurtlarynyň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we döwrebaplaşmaga umumy ymtylyş esasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýup bilýändigini tassyklaýar.

Penşenbe güni Hytaýyň Premýer-ministri Li Sýan Pekinde Namibiýanyň Prezidenti Netumbo Nandi-Ndaýtwa bilen duşuşdy.

Li Sýan Namibiýanyň Hytaýyň Afrikadaky möhüm hyzmatdaşlarynyň biridigini belläp, Hytaýyň däp bolan dostlugy ösdürmek, biri-biriniň esasy bähbitlerini we möhüm meselelerini berk goldamak, şeýle hem iki ýurduň döwrebaplaşmak maksadyna gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin Namibiýa bilen bilelikde işlemäge taýýardygyny aýtdy.

Ol taraplary ösüş strategiýalaryny has-da sazlaşdyrmaga, ikitaraplaýyn söwdanyň gerimini giňeltmäge hem-de infrastruktura gurluşygy, dag-magdan senagaty, nebitgaz pudagy, gaýtadan dikeldilýän energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrdy.

Hytaý Namibiýadan ýokary hilli oba hojalyk we balykçylyk önümlerini has köp import etmäge, geljegi uly hytaý kompaniýalarynyň Namibiýa maýa goýumlaryny goldamaga hem-de Namibiýanyň Hytaýyň gümrük paçsyz we beýleki ýeňillikleri ýaly çärelerinden doly peýdalanyp, Hytaýa eksportyny artdyrmagyna ýardam bermäge taýýardyr.

Li Sýan iki ýurduň syýahatçylyk, saglygy goraýyş, bilim, ylym we tehnologiýa, şeýle hem ýaşlar syýasaty ýaly ugurlarda alyşmalary we hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmalydygyny aýtdy.

Onuň bellemegine görä, Hytaý Birleşen Milletler Guramasy ýaly köptaraplaýyn mehanizmleriň çäklerinde Namibiýa bilen utgaşdyryş işlerini we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, ähli taraplar bilen bilelikde hakyky köptaraplylygy ilerletmäge, Hytaý tarapyndan öňe sürlen dört sany esasy ählumumy başlangyjy durmuşa geçirmäge, deňhukukly we tertipli köppolýarly dünýäni hem-de hemmeler üçin bähbitli we inklýuziw ykdysady globallaşmagy ösdürmäge taýýardyr.

Döwlet sapary bilen Hytaýda bolýan Prezident Netumbo Nandi-Ndaýtwa Namibiýanyň milli garaşsyzlyk we ösüş ýolunda Hytaýyň beren gymmatly goldawyny hiç wagt ýatdan çykarmaýandygyny aýtdy.

Ol häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary depgin bilen ösdürilýändigini belläp, Namibiýanyň «Bir Hytaý» ýörelgesine berk eýerýändigini aýtdy. Şeýle hem ol Namibiýa bilen Hytaýyň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde has uly netijeleri gazanmak we iki ýurduň halklarynyň bähbidine hyzmat etmek üçin Hytaý bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny nygtady.

Prezidentiň sözlerine görä, Namibiýa Hytaýyň halkara işlerinde eýeleýän möhüm ornuna we täsirine ýokary baha berýär hem-de sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi ilerletmek maksady bilen Hytaý bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary we utgaşdyrmagy has-da güýçlendirmäge taýýardyr.

Hytaý bilen Namibiýa 1990-njy ýylda diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, 2018-nji ýylda bolsa bu gatnaşyklar hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykaryldy.

Hytaý häzirki wagtda Namibiýanyň iň iri söwda hyzmatdaşy bolup durýar, Namibiýa bolsa Hytaý üçin uranyň we beýleki tebigy baýlyklaryň möhüm çeşmeleriniň biridir.

Prezident Netumbo Nandi-Ndaýtwanyň sapary diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 36 ýyllygy bellenilýän ýylda geçirilýär hem-de energetika, infrastruktura we sanly tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu barada CCTV+ habar berýär.

Beýleki habarlar