Şanhaý innowasion instituty iki ýylyň dowamynda 26 kompaniýany döretdi, olaryň 17-si talyplar tarapyndan esaslandyryldy

Iýul 10, 2026 | 19:30 |124
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Adaty bilim ulgamy köplenç talyplary dörediji däl-de, synçy ýagdaýynda goýýar. Emma geljekki ylmy işgärler ilkinji günden başlap taslamalaryň ýolbaşçylaryna öwrülende, gazanylýan netijeler hünärmenleri taýýarlamagyň adaty düşünjelerini düýpgöter üýtgedýär. Şanhaý innowasion instituty okatmagyň nusgasyny täzeden gurdy: bu ýerde aspirantlar görkezmelere garaşmaýarlar, eýsem özleri ylmy barlaglary alyp barýarlar, startaplary döredýärler we işläp taýýarlan çözgütlerini bazara çykarýarlar. Doly iki ýyl hem geçmänkä döredilen 26 kompaniýanyň, şol sanda talyplar tarapyndan esaslandyrylan 17 kompaniýanyň umumy bahasy 40 milliard ýuana ýetýär. Bu diňe bir statistika däl, eýsem zehini maýa öwürýän bilim ulgamynyň täze ölçegidir.

Şanhaý innowasion instituty döredilen gününden bäri iki ýyldanam az wagtyň içinde umumy bahasy 40 milliard ýuandan (takmynan 5,88 milliard ABŞ dollary) gowrak bolan 26 kompaniýany döretdi. Şolaryň 17-si talyplar tarapyndan esaslandyryldy. Şeýlelikde institut emeli aň pudagynda zehinleri ösdürmegiň hem-de ylmy barlaglaryň netijelerini täjirçilik gymmatlygyna öwürmegiň täze çemeleşmesini emele getirdi.

Uniwersitetleriň köpüsinde aspirantlar adatça tejribeli alymlaryň ýolbaşçylygynda, başgalar tarapyndan taýýarlanan taslamalaryň üstünde işleýärler. Emma Şanhaý institutynda talyplar ilkinji günden başlap öz taslamalaryna özleri ýolbaşçylyk edýärler. Mysal üçin, birinji ýyl okaýan aspirant häzirki wagtda adamyň gatnaşmagynda robot goluny uzak aralykdan dolandyrmak boýunça taslama ýolbaşçylyk edýär. Bu uly täjirçilik mümkinçiligine eýe bolan öňdebaryjy ylmy maksatnamadyr. Bu ýerde talyplar ylmy ýolbaşçylarynyň kömekçileri däl-de, taslama boýunça hyzmatdaşlar we awtordaşlar hasaplanýarlar.

«Häzirki wagtda biziň barlaghanamyzda adamyň gatnaşmagynda robot manipulýatoryny uzak aralykdan dolandyrmak üçin maglumatlary ýygnamak boýunça taslama alnyp barylýar. Robot manipulýatory bilen operatoryň bir enjam arkaly bilelikde dolandyrmagy netijesinde algoritm adamyň gaýtargy maglumatlary esasynda öwrenýär we has giň gerimli meseleleri çözmegi başarýar» diýip, 2025-nji ýylda okuwa kabul edilen Şanhaý innowasion institutynyň aspiranty Sýan Penfan aýtdy.

Ol sözüni dowam etdirip: «Ulgam wagtyň geçmegi bilen barha akylly bolar we biz şeýle çemeleşmäniň uzak möhletli tehniki mümkinçilikleriniň örän ulydygyna ynanýarys. Geljekde senagat, akademiki guramalar we ylmy barlaglary birleşdirýän institutyň platformasynyň kömegi bilen bu taslamany giňeldip, onuň ylmy täsirini has-da artdyryp bileris» diýdi.

Bu täze çemeleşme üç esasy ugra esaslanýan ylmy barlag modeli arkaly goldanylýar: milli strategik ileri tutulýan ugurlar, senagatyň ösüşini kesgitleýän meseleler hem-de emeli aň boýunça dünýä derejesindäki öňdebaryjy barlaglar.

Taslama tekliplerini mugallymlar hem, talyplar hem hödürläp bilýärler. Makullanan taslamalar hasaplaýyş serişdeleri bilen üpjün edilýär, talyplar bolsa tejribe toplamak üçin ylmy maksatnamalara gatnaşmaga mümkinçilik alýarlar. Şeýle maksatnamalar synag geçirmegi we täze çözgütleri batyrgaýlyk bilen synap görmegi höweslendirýär.

Şeýle hem institut ylmy barlaglaryň bazara çykmagynyň anyk ýoluny döredýär. SII Future Center merkezi talyplary maýadarlar, döwlet goldawy hem-de iri tehnologiýa kompaniýalary bilen baglanyşdyrýar. Merkez olara maslahat we zerur serişdeleri hödürläp, pikirleri hakyky kärhanalara öwürmäge kömek edýär. Bu model «maýa goýmak – inkubasiýa – bazara çykmak» ýörelgesine esaslanýar. Şeýle çemeleşme irki şowsuzlyklary başdan geçirmäge, çalt uýgunlaşmaga we netijede taslamalary üstünlikli täjirçilige çykarmaga mümkinçilik berýär.

«SII Future Center talyplara öz işleriniň bazardaky gymmatyny durmuşa geçirmäge kömek etmek üçin döredildi. Biz okuw sapaklaryny, döwlet syýasaty boýunça goldawy, iri tehnologiýa kompaniýalarynyň gatnaşmagyny we iň esasysy hem maýadarlaryň maslahatyny hödürleýäris. Häzirki wagta çenli biz 26 kompaniýany döretdik, olaryň 17-si biziň talyplarymyz tarapyndan esaslandyryldy» diýip, Şanhaý innowasion institutynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Din Sýaodun aýtdy.

Şanhaý innowasion instituty 2024-nji ýylda emeli aň boýunça hünärmenleri taýýarlamak we tehnologiýalary geçirmek ugrunda synag meýdançasy hökmünde döredildi. Onuň modeli akademiki erkinligi, senagat hyzmatdaşlygyny we wençur maliýeleşdirilmegini utgaşdyrýar. Şeýlelikde talyplar eýýäm okuw döwründe hakyky işewürlik taslamalaryny döretmäge mümkinçilik alýarlar.

CCTV+ agentliginiň bellemegine görä, institutyň gazanan üstünlikleri Hytaýyň beýleki sebitleriniň hem ünsüni çekdi. Şoňa meňzeş maksatnamalary ýakyn ýyllarda Pekinde we Şençžende hem ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Beýleki habarlar