2025-nji ýylda Hytaýda Zatlaryň Internetine bolan birikmeleriň sany 3,5 milliarddan geçer

Bu ýylda Hytaýda Zatlaryň Internetine (IoT) bolan birikmeleriniň sanynyň 3,5 milliarddan geçmegi çaklanylýar diýip, Pekinde geçirilen senagat maslahatynda habar berildi.
“Ählumumy intellektual özara baglanyşykly sanly ykdysadyýetiniň durnukly ösüşi” boýunça birinji Maslahaty hem-de “Bütindünýä IoT 2025” Konwensiýasy Hytaýyň paýtagtynda öz işine başlady. Iki günlük çärede 80-den gowrak ýurtdan resmi adamlar, bilermenler, alymlar we işewürler dünýä ykdysadyýetiniň sanly özgertmelerinde IoT-niň ornuny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnandylar.
IoT gündelik ulanylýan enjamy internete birikdirip, maglumat toplamagyna, özara hyzmatdaşlyk etmegine we awtomatiki işlemek ukybyna mümkinçilik berýär. Öý tehnikasyndan tutuş senagat enjamlaryna çenli, IoT uzak aralykdan gözegçiligi we dolandyryşy üpjün edip, işiň netijeliligini hem-de intellektual ulgamyny ýokarlandyrýar.
Hytaýda IoT infrastrukturasynyň ösüşi çalt depginde dowam edýär. Ýurt hemra arkaly IoT hyzmatlarynyň täjirçilik derejede işe girizilendigini mälim etdi, şeýle hem 5G baza stansiýalarynyň IoT-ni goldaýan umumy sanynyň 4,8 milliondan geçjekdigi aýdylýar.
“Bu ýylda Hytaýyň adaty sanly ykdysadyýetiniň önümçilik mukdary 80 trln. ýuandan (takmynan 11,28 trln. ABŞ dollary) geçer diýip garaşylýar. IoT-e esaslanan öňdebaryjy sanly ykdysadyýetiň ölçeglerine laýyk gelýän kärhanalaryň sany 1,2 milliondan geçdi. Bu bolsa Hytaýy global innowasiýa merkezine öwürdi” - diýip, Bütindünýä IoT Maslahatynyň ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy He Sýumin belledi.
Hytaý IoT pudagyna 8 milliard ýuandan (1,13 milliard ABŞ dollaryndan gowrak) köp maýa goýdy we 86 milli standarty çykardy. Döwlet goldawy bilen IoT tehnologiýalary çalt ösýär — 5G-dan 6G-a, hemra ulgamlaryna we kwant aragatnaşyklaryna çenli täze ulgamlarda, modellerde we işewürlik görnüşlerinde peýda bolýar.
“Geljekki ýyllarda IoT tarapyndan goldanylýan Hytaýyň sanly ykdysadyýetiniň ösüşi ýyllyk 10% töwereginde ýokary depginde saklanar” - diýip, Hytaý Ykjam Aragatnaşyk Assosiasiýasynyň başlygy Ni Szýançžun aýtdy.







