Hytaýda 6G tehnologiýasy ornaşdyrylýar

Iýul 09, 2026 | 19:59 |71
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Tehnologiýalar hiç wagt bir ýerde durmaýar, aragatnaşyk ulgamynyň ösüşindäki her bir täze tapgyr diňe bir has çalt interneti däl, eýsem heniz göz öňüne getirip bilmeýän mümkinçilikleriň tutuş bir dünýäsini açýar. 6G diňe 5G-den soňky nobatdaky ädim däl, ol enjamlary özara birikdirmekden kosmosy, howany, gury ýeri hem-de biziň bilen bilelikde işlejek millionlarça «akylly» agentleri öz içine alýan ähli zady intellektual taýdan birleşdirmäge geçişdir. 6G-niň esasy tehnologiýalary boýunça dünýä patentleriniň takmynan 40 göterimine eýe bolan Hytaý diňe bir beýlekileriň yzyndan ýetmek bilen çäklenmän, eýsem aragatnaşygy howa ýaly tebigy hadysa öwürjek geljegiň ugruny kesgitleýär.

Pudak boýunça barlagçylar Hytaýyň 2029-njy ýyla çenli 6G tehnologiýasy boýunça öz çözgütlerini işläp taýýarlamak meýilnamasynyň pes belentlikdäki uçuşlar ykdysadyýeti, logistika ýaly ugurlaryň çalt ösmegine ýardam berjekdigini, şeýle hem emeli aňyň intellektual agentleri üçin aragatnaşyk torlarynyň ýaýbaňlandyrylmagyny çaltlandyrjakdygyny aýdýarlar.

5G-niň ornuny tutjak indiki nesil mobil infrastruktura hökmünde 6G diňe bir enjamlaryň baglanyşygyny üpjün etmekden ähli zady intellektual taýdan birleşdirmeklige düýpli geçişi aňladýar. Bu tehnologiýanyň iň ýokary tizliginiň sekuntda 1 terabaýta ýetmegine garaşylýar. Bu bolsa 5G-den 100 esse çaltdyr. Şeýle hem ol kosmosy, howany we gury ýeri öz içine alýan bitewi ulgamda aragatnaşygy datçikler, hasaplaýyş ulgamlary we emeli aň bilen bökdençsiz birleşdirmegi üpjün eder.

«Üç ölçegli örtügimiziň, örän pes gijikdiriliş wagtynyň we ýokary maglumat geçirijilik ukybynyň kömegi bilen pes belentlikdäki uçuşlar ykdysadyýeti, jemgyýetçilik howpsuzlygy we logistika ýaly ugurlaryň mümkinçiliklerini giňeldip bileris. Emeli aňyň goşundylary babatda bolsa intellektual agentleriň aragatnaşygyny üpjün edip, olaryň ulanylyşyny çaltlandyryp we täjirçilik esasynda ornaşdyrylmagyna itergi berip bileris» diýip, China Unicom kompaniýasynyň «kosmos–howa–gury ýer» integrirlenen torlary boýunça barlagçysy Wan Guanli aýtdy.

Dünýä derejesinde häzirlikçe hiç bir ýurt 6G-niň täjirçilik toruny işe girizmedi. Esasy oýunçylaryň hemmesi häzirki wagtda ylmy-barlag, işläp taýýarlamak we standartlary kesgitlemek tapgyrynda dur. Hytaý bolsa 6G-ni irki döwürde ösdürip başlady we tehniki synaglaryň birinji tapgyryny üstünlikli tamamlady. Bu synaglaryň dowamynda ýurt 300-den gowrak esasy tehnologik çözgüdiň netijelidigini tassyklady hem-de indiki tapgyr üçin barlanylan we täsirli çözgütleri taýýarlady. Şeýle hem dünýä boýunça 6G-niň esasy tehnologiýalary bilen bagly patentleriň takmynan 40 göterimi Hytaýa degişlidir. Ilkinji dünýä standartynyň 2029-njy ýyla çenli gutarnykly tassyklanmagyna, täjirçilik taýdan ornaşdyrylmagynyň bolsa 2030-njy ýylda başlamagyna garaşylýar.

Iýun aýynda Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrligi ministrlik bilen welaýatlaryň arasynda 6G innowasiýalaryny ösdürmek boýunça bilelikdäki synag maksatnamasyny işe girizdi. Maksatnama geljekde 6G-niň täjirçilik taýdan giňden ornaşdyrylmagyna güýçli goldaw bermäge gönükdirilendir.

Esasy ileri tutulýan ugurlar 6G-niň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ösdürmegi, aragatnaşyk ulgamlaryny emeli aň, hemra interneti we simsiz datçikler bilen has çuňňur utgaşdyrmagy, şeýle hem 6G esasy stansiýalary, esasy tor enjamlary, terminal enjamlary, mikroçipler we operasion ulgamlary işläp taýýarlamak boýunça barlaglary işjeňleşdirmegi öz içine alýar.

Synag geçiriljek sebitlerde ýerli şertlere laýyk gelýän 6G ulanylyş ugurlary öwreniler. Olar, ilkinji nobatda, immersiw aragatnaşyk, senagat önümçiligi, pes belentlikdäki ykdysadyýet, bedene ornaşdyrylan emeli aň hem-de akylly deňiz amallary ýaly pudaklara gönükdiriler.

CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, Hytaý 6G tehnologiýasyny köpçülikleýin ornaşdyrmaga taýýar ilkinji döwletleriň birine öwrülmek ugrunda ynamly öňe barýar. Bu bolsa ýurda geljek onýyllygyň ählumumy sanly ykdysadyýetinde öňdebaryjy orunlary eýelemäge mümkinçilik berer.

Beýleki habarlar