Si Szinpin ylmy-tehniki innowasiýalaryň hasabyna hytaý döwrebaplaşdyrmasyny ilerletmäge çagyrdy

Iýul 09, 2026 | 18:55 |60
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin şu gün, 8-nji iýulda, ylmy we tehnologiýa ulgamynda ýokary derejeli öz-özüni üpjünçiligi we öz mümkinçiliklerini berkitmek işini çaltlandyrmaga, şeýle hem ylmy-tehniki innowasiýalaryň hasabyna hytaý döwrebaplaşdyrmasyny goldamak we öňe ilerletmek boýunça tagallalary güýçlendirmäge çagyrdy.

Hytaýyň lideri bu beýanaty Pekinde döwlet ylmy-tehniki ugurda baýraklaryny gowşurmak dabarasynda, Hytaý Ylymlar akademiýasynyň we Hytaý Inženerçilik akademiýasynyň akademikleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda, şeýle hem Hytaýyň Ylmy-tehniki jemgyýetiniň 11-nji Ählihytaý maslahatynda aýtdy.

Hytaýyň döwlet Baştutany 15-nji bäşýyllyk meýilnama döwrüniň (2026–2030-njy ýyllar) ýurdy kuwwatly ylmy-tehnologik döwlete öwürmek boýunça iň çylşyrymly wezipeleri çözmekde aýgytly tapgyrdygyny belledi.

«Biz taryhy mümkinçilikden peýdalanmaly, döwrüň kynçylyklaryna taýýar bolmaly, ylmy we tehnologiýa pudagynda ýokary derejeli öz-özüni üpjünçiligi hem-de öz mümkinçiliklerimizi berkitmek işini çaltlandyrmaly. Şeýle hem 2035-nji ýyla çenli kuwwatly ylmy-tehnologik döwleti gurmak maksadyna tarap ynamly ädimler bilen öňe gitmelidiris» diýip, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary we Merkezi harby geňeşiň başlygy Si Szinpin aýtdy.

Maslahatda hytaý lideri 2025-nji ýyl üçin ylmy we tehnologiýa babatda Ýokary döwlet baýragyny Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Fizika institutynyň ylmy işgäri, Hytaýyň Inženerçilik akademiýasynyň akademigi Çen Lisýuana hem-de Hytaý Elektron tehnologiýalar korporasiýasynyň ylmy işgäri, Hytaýyň Inženerçilik akademiýasynyň akademigi Ben Da gowşurdy. Medallary we şahadatnamalary gowşurandan soň, Hytaýyň Başlygy iki alym bilen mähirli salamlaşyp, olary gutlady.

Si Szinpin hem-de partiýanyň we döwletiň beýleki ýolbaşçylary iň ýokary baýragyň iki eýesi bilen bilelikde beýleki döwlet baýraklarynyň, şol sanda Tebigy ylymlar boýunça döwlet baýragynyň, Tehnologik oýlap tapyşlar boýunça döwlet baýragynyň hem-de Ylmy-tehniki ösüş boýunça döwlet baýragynyň eýeleriniň wekillerine şahadatnamalary gowşurdylar.

«Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň we Hytaýyň Inženerçilik akademiýasynyň akademikleri Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň we halkyň buýsanjydyr. Sizden bu abraýy belent tutmagyňyzy, ylym we tehnologiýanyň öňdebaryjy ugurlaryny özleşdirmekde, iň möhüm döwlet wezipelerini ýerine ýetirmekde, ýaş zehinleri terbiýelemekde we alymlaryň belent ruhuny dowam etdirmekde öňdebaryjy hem-de görelde bolmagyňyz üçin ýadawsyz zähmet çekmegiňizi isleýärin. Ylmy-tehniki işgärler beýik sosialistik döwrebap döwleti gurmagyň möhüm güýjüdir. Size Watana hyzmat etmek we halka bähbit getirmek ýaly asylly däbi dowam etdirmegiňizi hem-de Hytaýy kuwwatly ylmy-tehnologik döwlete öwürmek işine täze goşant goşmagyňyzy arzuw edýärin» diýip, hytaý lideri nygtady.

Beýleki habarlar