Hytaýyň ýat çiplerini öndürijileri emeli aňyň ösüşi we dünýä boýunça emele gelen üpjünçilik ýetmezçiligi sebäpli önümçilik kuwwatyny giňeldýärler

Iýul 08, 2026 | 18:57 |74
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Emeli aň döwründe tehnologik bäsdeşlik hiç haçan häzirki derejedäki ýaly ýiti bolmandy. Ýakyn wagta çenli diňe kompýuterleriň bir bölegi hasaplanan ýat çipleri häzirki wagtda nebit ýa-da seýrek duş gelýän metallara deňelýän strategik serişdä öwrüldi. Emeli aň görlüp-eşidilmedik möçberde maglumatlary ulanýar, her täze model bolsa has köp ýat göwrümini we has ýokary tizlikli işlemegi talap edýär. Bu isleg dünýä bazaryny düýpli üýtgedýär: öndürijiler zawodlaryny täzeden sazlamaga mejbur bolýarlar, maýadarlar öz bahalandyrmalaryna gaýtadan seredýärler, seljerijiler bolsa bu ýetmezçilik döwrüniň haçan tamamlanjakdygy we ondan soň bazaryň nähili ugra gönükjekdigi barada çaklamalar edýärler.

Hytaýyň ýat çiplerini öndürijileri önümçilik kuwwatlaryny giňeldýärler, sebäbi emeli aň tehnologiýalarynyň çalt ösmegi dünýä bazarynda üpjünçilik ýetmezçiligini döredip, sarp edijiler tarapyndan bolan islegi artdyrýar. Pudagyň hünärmenleriniň bellemegine görä, ýat çipleri senagaty dünýä bazarynda görlüp-eşidilmedik ösüş döwrüne gadam basmaga taýýarlanýar. Şeýle-de bolsa, “IDC China” kompaniýasynyň gözlegler boýunça menejeri Sin Ýiniň düşündirmegine görä, bahalaryň ýokarlanmagy esasan ahyrky sarp edijileriň isleginiň birden artmagy bilen däl-de, eýsem önümçilik kuwwatlarynyň has ýokary girdeji getirýän emeli aň üçin niýetlenen çiplere gönükdirilmegi netijesinde ýüze çykan «kuwwatlaryň gaýtadan paýlanyş täsiri» bilen baglanyşyklydyr.

Hytaýyň köp sanly kompaniýalary önümçilik kuwwatlaryny giňeltmek işlerini çaltlandyrýarlar. Şençžende ýerleşýän “Biwin Storage Technology” kompaniýasy geçen ýylyň ahyryndan bäri korporatiw derejeli ýat modullarynyň önümçiligini artdyrýar. «Häzirki wagtda önümçilik ugurlarymyz doly kuwwatynda işleýär. Biz islegiň has ýokary bolan ugurlarynda önümçiligi giňeldýäris. Hususan-da, maglumatlary gaýtadan işlemek merkezleri üçin niýetlenen korporatiw maglumat saklaýyş ulgamlary, şol sanda gaty diskler (SSD) we korporatiw derejeli ýat modullary ugrunda önümçiligi artdyrýarys» — diýip, kompaniýanyň baş direktory He Han belledi. Üpjünçilik ýetmezçiligi bazaryň öňdebaryjy öndürijileri bolan “Samsung Electronics”, “SK Hynix” we “Micron” kompaniýalarynyň paýnamalarynyň gymmatlamagyna hem sebäp boldy. Netijede, bu kompaniýalaryň umumy bazar paýnamasy 1 trillion ABŞ dollaryndan geçdi.

Bilermenler häzirki ösüş tapgyrynyň diňe bir tapgyrlaýyn ösüş bolman, eýsem emeli aň tarapyndan dörän uzak möhletleýin gurluş üýtgeşmesidigini belleýärler we bu ösüş tapgyry 2028-nji ýyla çenli dowam edip biler.

Ýokary geçirijilik ukyby bolan ýat çipleri (HBM) emeli aň tizlendirijileri üçin örän möhüm düzüm bölegine öwrüldi. Şeýle çipleriň önümçiligi bolsa diňe az sanly kompaniýalaryň eýeçilik edýän çylşyrymly tehnologiýalaryny talap edýär. “YMTC” we “CXMT” ýaly hytaý öndürijileri daşary ýurtlardan getirilýän önümlere bolan garaşlylygy azaltmak hem-de içerki bazardaky barha artýan islegi kanagatlandyrmak maksady bilen önümçilik kuwwatlaryny işjeň ýagdaýda giňeldýärler. “CCTV+”-iň habar berişi ýaly, seljerjileriň pikirine görä, häzirki üpjünçilik ýetmezçiligi bilen baglanyşykly döwür azyndan 2027-nji ýylyň ahyryna çenli dowam eder. Emma uzak möhletleýin geljegi emeli aňyň amaly çözgütleriniň täjirçilik taýdan giňden ornaşdyrylyş depginine we ýat tehnologiýalarynyň täze görnüşleriniň peýda bolmagyna bagly bolar.


Beýleki habarlar