Hytaýda oba senagatynyň täzeden galkynyşy güýçli depginde dowam edýär

Oba hojalygy we oba işleri ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda Hytaýda oba senagatynyň täzeden galkynyşy güýçli depginde dowam etdi.
Ýanwar–oktýabr aýlarynda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek pudagy durnukly ösüşi görkezdi: oba hojalygy bilen baglanyşykly azyk senagatynyň goşmaça bahasy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 6,3% ýokarlandy.
Oba ýerlerinde oba hojalygynyň syýahatçylyk, medeniýet, sport we elektron söwda bilen utgaşdyrylmagy netijesinde täze pudaklar we işewürlik modelleri çalt ösýär. Oba dynç alyşy we elektron söwda pudagy çalt ösüp, daýhanlar üçin täze girdeji çeşmelerini döredýär.
Ýanwar–oktýabr aralygynda oba ýerlerindäki sarp edijilik harytlaryň bölekleýin satuwy 5,5 trln. ýuana ýetdi — bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 4,6% ýokarydyr. Ösüş depgini şäherlerden 0,4 % görkeziji ýokary boldy. Onlaýn bölekleýin satuwlar 7,5% artdy, oba hojalyk önümleriniň onlaýn satuwy bolsa 9,5% ýokarlandy.
Döwlet tarapyndan 40 sany täze bäsdeşlige ukyply senagat klasterini, 50 sany häzirki zaman agro-senagat seýilgähini we 200 sany iri oba hojalyk şäherçesini döretmek boýunça goldaw berildi. Bu bolsa 400-e golaý iri senagatlaşan obalaryň ösmegine mümkinçilik berdi.
“Kiçi, emma ajaýyp ” hem-de “özboluşly we owadan” ýörelgesi esasynda ýöriteleşdirilen önümler taýýarlanylýar. Bu ýerli harytlary möhüm pudaklara öwürmäge we oba sebitleriniň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.







