Wan I: Hytaý Norwegiýa bilen ýokary derejeli gatnaşyklary goldamaga we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy binýadyny pugtalandyrmaga taýýar

alkara diplomatiýasy özara hormata we strategik garaýşa esaslanýar. Dürli jemgyýetçilik ulgamlaryna we medeni däp-dessurlaryna eýe bolan döwletler hem umumy maksatlaryň hatyrasyna özara düşünişmegi tapyp bilýärler. Hytaý bilen Norwegiýa geografik taýdan biri-birinden uzakda we taryhy taýdan tapawutly bolsalar-da, ykdysadyýetden başlap ählumumy dolandyryşa çenli dürli ugurlarda ynam we açyklyk esasynda ýola goýlan kämil hyzmatdaşlygyň nusgasyny görkezýärler. Norwegiýanyň premýeriniň 2024-nji ýylda Hytaýa amala aşyran sapary hyzmatdaşlykda täze tapgyry açdy, Osloda geçirilen häzirki duşuşyk bolsa iki tarapyň diňe dialogy dowam etdirmäge däl, eýsem ony has-da çuňlaşdyrmaga çalyşýandygyny tassyklaýar.
Duşenbe güni Hytaýyň Daşary işler ministri, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasat býurosynyň agzasy Wan I Osloda Norwegiýanyň Premýer-ministri Ýonas Gar Sture bilen duşuşdy.
Wan I hytaý ýolbaşçylarynyň salamyny ýetirdi we Hytaýyň Norwegiýa bilen ýokary derejeli gatnaşyklary goldamaga, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy binýadyny pugtalandyrmaga taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem ol Norwegiýanyň BMG-niň Düzgünnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine laýyk gelýän «Bir Hytaý» syýasatyna mundan beýläk-de berk eýerer diýen ynamyny beýan etdi.
Öz gezeginde Sture Norwegiýanyň Hytaý bilen gatnaşyklaryň häzirki depginini saklamaga, «ýaşyl» ykdysadyýet we emeli aň ýaly geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, halkara we sebit meseleleri boýunça utgaşdyrylyşy güýçlendirmäge, BMG-ni goldamaga we köptaraplylygy ilerletmäge taýýardygyny aýtdy.
Wan I Norwegiýanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan ilkinji Günbatar döwletleriniň biridigini we munuň özi onuň uzak möhletleýin strategik garaýşyny görkezýändigini belledi.
Taraplaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde hytaý–norwegiýa gatnaşyklary durnukly ösüşini dowam etdirýär. Taraplar jemgyýetçilik ulgamlaryndaky, taryhyndaky we medeniýetindäki tapawutlara garamazdan, özara hormat ruhunda ynamy yzygiderli pugtalandyrýarlar, hyzmatdaşlygy ösdürýärler we ýüze çykýan düşünişmezlikleri degişli derejede çözýärler. Şeýlelikde, ikitaraplaýyn gatnaşyklar üýtgäp durýan halkara ýagdaýynyň synagyndan üstünlikli geçip, has durnukly we ygtybarly häsiýete eýe boldy.
Ministr iki tarapy hem biri-biriniň artykmaçlyklaryndan netijeli peýdalanmaga, ykdysadyýet, söwda we innowasiýalar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga çagyrdy. Şeýle hem ol Hytaý bilen Norwegiýanyň «ýaşyl geçiş» babatdaky hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň dünýäde öňdebaryjy orun eýelemäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy.
Wan I Hytaýyň Norwegiýa bilen köptaraply hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge, hakyky köptaraply çemeleşmäni goldamaga, dört esasy ählumumy başlangyjy durmuşa geçirmäge we has adalatly hem-de deňhukukly ählumumy dolandyryş ulgamyny döretmäge ýardam bermäge taýýardygyny belledi.
Şeýle hem ol Norwegiýanyň mundan beýläk-de Demirgazyk–Günorta hyzmatdaşlygyny ösdürmekde nusgalyk ornuny dowam etdirjekdigine umyt bildirdi. Hytaý bolsa öz tarapyndan Günorta–Günorta hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürip, adamzadyň ösüşine we abadançylygyna bilelikde goşant goşmaga taýýardyr.
Hytaý bilen Norwegiýa diplomatik gatnaşyklary 1954-nji ýylda ýola goýdy. Şeýlelikde, Norwegiýa Hytaý Halk Respublikasyny ykrar eden ilkinji Günbatar döwletleriniň biri boldy. 2024-nji ýylda Premýer-ministr Ýonas Gar Sture Hytaýa resmi sapar bilen bardy. Munuň özi howa, energetika we innowasiýalar ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga täze itergi berdi.
CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, iki tarap hem köptaraply çemeleşmä ygrarlydygyny we Hytaýyň ählumumy başlangyçlarynyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.







